Isbirden obam

Isbirden obam

Beýik Allañ nazar salan topragy
Kòñlimiñ buýsanjy Isbirden obam
Gòzel haýran edýàr kòpleri
Gòzlermiñ guwanjy Isbirden obam

Şagirtleriniñ gany siñen ýaýlaña
Janym,ruhum aýlanyp ýòr gaýbana
Ýaş ýùregim gelýàr bu gùn heýjana
Kòñlimiñ buýsanjy Isbirden obam

Ómrimiñ òrki sen dùnýàmiñ gòrki
Jan-jiger baýlygym bar zadym señki
Gòzlermiñ garasy ýùregmiñ erki
Erkana topragym Isbirden obam

Gaýrasyna kanal suwy çekilen
Ilersine bag-bakjalar ekilen
Adyñ òwilýàniñ ady dakylan
Gudrat keremat sen Isbirden obam

Toý gùnùnde gaýgy-gussa ýat bolar
Bagşyñ sesi bùtin oba ýañ salar
Ýas gùninde òten-geçen ýatlanar
Haýyr sahawatly Isbirden obam

Wasbyñy aýdar men ajap heñ bilen
Gùr baglygyñ gùlzarlyga deñ gelen
Şadyýan gùnlerim geçdi señ bilen
Màhribanym topragym Isbirden obam

Atalarmyz bardyr pàhimli-pentli
Enelermiz bardyr arassa kalply
Ýigitleri merdem,gyzlary gòrkli
Ýaşar señ goýnuñda Isbirden obam

Gerçeknazar sòzlese señ tarypyñ
Goşga sygmaz òlmez-ýitmez taryhyñ
Gunça gùller bark urup dur bar ysyn
Tùkenmez taryhyñ Isbirden obam
Gercheknazar
  • 0
  • 34
  • 11/02/2018 09:49
  • 1 minutda oka