Owganystanyñ Möjegi: GENERAL DOSTUM

Abdylraşid Dostum ýa-da Raşit Dostum, asly özbek Owganystanly harby gullukçy, Owganystandaky özbekleriñ lideri, 2014-nji ýyldan başlap häzirki güne çenli Owganystanyñ hökümet ýolbaşçysynyñ kömekçisi.

1953-nji ýylda Owganystanyñ demirgazygyndaky Şymyrgan şäherinde eneden dogulýar. Ýigrimi alty ýaşynda SSSR-iñ Owganystanda ulanyşa girizen tebigy gaz işläp çykarýan stansiýasyna ýönekeý işçi bolup işe girýär. Az wagtyñ içinde stansiýanyñ içindäki toparlaýyn işçi sindikatynyñ başlygy bolýar. Şol wagtlar Owganystanyñ hökümet başynda SSSR-iñ goldaw berýän hökümet sostawy bardy we oppozision toparlar bu hökümete garşy eli ýaragly göreşýärdiler. Bu gapma-garşylykly ýagdaýlarda özletini müjahit diýip atlandyran we Saud Arabystanynyñ täsirindäki ýaragly (galtaman) toparlaryñ ýurduñ demirgazygyndaky türkmenlere, özbeklere we täjiklere garşy söweş yglan etmegi netijesinde Abdylraşid Dostum demirgazykdan toplan milisiýa otrýadlary bilen ol toparlara garşy goranyşa geçdi. SSSR-iñ goşun birlikleriniñ Owganystanyñ çäginden çykmagyndan soñra häkimiýetdäki Nejibullah hökümeti bilen hyzmatdaşlykda boldy.

Mazary-Şerifiñ we demirgazyk Owganystanyñ ýedi welaýatynyñ agalygyny eline aldy.
Raşit Dostum "Jünbüşi-Yslamy Owganystan" ady bilen başy başlanan jebisligi hem gurady. 1992-nji ýylda Nejibullaha goldaw bermegini bes edeninden soñra paýtagt Kabul müjahit toparlaryñ eline geçýär. Müjahit toparlaryñ hemmesi-de ýa bir etnik bähbide daýanýardy, ýa-da Eýran, Päkistan, Saud Arabystany ýaly döwletleriñ wekilligini (ýapjalygyny) ýerine ýetirýärdiler. Bu toparlaryñ iñ ähmiýetli girdeýji çeşmesi bolan geroin önümçiligi we neşe söwdasy hem çaknyşyklaryñ beýleki bir ýüzidi. Bu toparlaryñ hemmesi hem bir matlapda birleşýärdiler: ol hem türki kowumlar bolan türkmenleriñ we özbekleriñ häkimiýet organlaryndan çetleşdirilmegidi.

Paýtagty özaralarynda oñuşman gyrlyşyp ýören müjahit toparlara taşlap gaýdan Raşit Dostum öz tabynlygyndakylary gaýtadan demirgazyga çekdi we Mazary-Şerifde öz agalygyny gurdy. Mazary-Şerif az wagtyñ içinde bilim, söwda, ekerançylyk pudaklarynda görlüp-eşdilmedik ösüş ýoluna girdi. Türkiýe bilen hem gatnaşyklary açyp gerimini giñelden Raşit Dostum, şol wagtyñ Prezidenti, merhum Turgut Özalyñ döreden mümkinçilikleri saýasynda bütin dünýäde giñden tanaldy. Hatda Turgut Özal oña öz gulluk awtoulagyny hem sowgat beripdi. Munuñ simwoliki ähmiýeti doganlyk türki kowumlarda üýtgeşik bir buýsanç duýgusyny döredýärdi.

Bu gödek ynançly robotpisint topar gysga wagtyñ içinde gerimini giñeldip müjahit toparlaryñ hemmesini ýolundan aýyrdy we Owganystanyñ demirgazygyndan başga ýeri öz ellerine aldylar.
1999-njy ýylda Raşit Dostum bilen demirgazygy birleşdirmek barada meselä hut Päkistanyñ daşary işler ministri ara sokulyp, işi özi alyp barýardy.
Raşit Dostum Burhaneddin Rabbanynyñ ýolbaşçylygyndaky wezipesinden çetleşdirilen öñki Prezidentiñ we köne müjahit toparlaryñ tarapyny çalyp, Päkistan bilen ylalaşmakdan ýüz öwürdi. Asly täjik Ahmet Şa Masutdan başga hiç bir müjahit topary "Talibanlaryñ" garşysynda durup bilmänsoñ, Päkistanyñ goldawyndaky "Taliban" Mazary-Şerif şäherini ele geçirdi.

Ýurduny terk etmäge mejbur bolan Raşit Dostum Ankara baryp türk hökümeti ýagdaýy beýan etdi. Türkiýede, Özbegistanda we Eýranda gysga wagt bolandan soñra ýene Owganystanyñ demirgazygyna dolanyp bardy.
Raşit Dostumyñ ýolbaşçylygyndaky Demirgazyk Owganysanly birleşen güýçler ABŞ-nyñ "Talibanlara" garşy yglan eden harby operasiýasynyñ başlamagy bilen gaýtadan orta çykdy.
09.10.2004-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynda dalaşgär bolanam bolsa, ýeterlik ses gazanyp bilmedi.
2014-nji ýyldaky saýlawlarda Eşref Gany Ahmedzadany goldady we onuñ Prezidentlige saýlanmagyndan soñra Owganystanyñ Prezidentiniñ 1-nji kömekçisi boldy.

Taýýarlan: Müslim Horasanly.
Gurban93
  • 3
  • 130
  • 08/02/2018 10:13
  • 3 minutda oka

Gurban93

1 hepde ozal

https://ibb.co/f9z1tx

acharsoz

1 hepde ozal

60 ýaşly erkek adam bilen jynsy gatnaşyga girendigi sebäpli Owganystany terk etmek mejburiýetinde bolanyny we şol sebäpli häzirem Owganystana baryp bilmän ýörendigini hem ýazmaly ekeniň awtor

acharsoz

1 hepde ozal

http://www.bbc.com/turkce/haberler-dunya-41968821