Jahyl nesil

Sahypadaky açylan mowzuklara syn edýän, 90%-i manysyz, hamana döwletimiziň manysyz propoganda gazetlerini okan ýaly. "Ýurdumyz gülläp ösýär", "Arkadagymyz täze kitap ýazdy", "Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe..." ýene gör. Sahypaň adyna mahsus, talyplyk, ylym-bilim hakynda hiç-zat ýok. Edil häzirki wagtdaky kitap dükanlarymyz ýaly. Türkmenistandaky talyplara syn etsen şundan başga zada garaşmalam däl. Gaty görmesinler welin (görseler görüp geçsinler) bizdäki ýetişdirilýän talyplaryň dünýägaraýşy juda dar, bilim ýok, soraglama funksiýalary düýbünden işlänok, dünýädaki syýasatlar we açyşlar hakynda bir agyz aýdara pikirleri ýok.
Men eýýäm okuwumy daşary ýurtda dynyp Türkmenistanda işläp ýörenime 10 ýyl bolup barýar. Başda halkyň we ýaşlaryň jahyllygyna gaharym gelýärdi, wagt bilen "öserler" diýen umyt bardy, 10 ýyl geçdi üýtgän zat ýok umumy halkyň intellektinde. Munyň sebäbi barada köp pikir etdim (näme üçin jahyl nesil ýetişdirilýäni barada). Iň soňunda gelen netijäm, eger halk jahyl bolsa dolandyrmak aňsat. Oglanlyk döwrümden bilişim ýaly, geçi bakmakdan goýun bakmak has aňsat. Sebäbi geçi bir ýerde duranok, bilesigeliji, çekinmezek. Goýun bolsa, şol goýunda.
Panturkist
  • 2
  • 179
  • 08/02/2018 09:30
  • 1 minutda oka

acharsoz

1 hepde ozal

Sen näme etdiň nadan nesliň nadanlygynyň azalmagy üçin 10 ýylyň içinde ? Sen özüňi alyp çykypdyň, ýolbaşçylar hem özlerini alyp çykýalar, sen näme etdiň ?

Panturkist

1 hepde ozal

@acharsoz, elimden üytgeşik zada gelenok, yöne in bolmnda sesimi sosial mediada (Facebook, LINE, IMO, forumlarda) eşitdirjek bolup jan edyan, herhili karikaturalar we sözler paylaşyan, okaljak kitaplary maslahat beryan. Gynansagam menin elimden gelyanje zat şular.