Abaý KUNANBAÝEW

Rubagylar


Oýun–gülki toýuň-meýlisiň nagşy,
Çyn güler, çyn gürlär ýigdiň naýbaşy.
Ýalan gülkä meňzär ýerliksiz söhbet,
Her söhbet ýerinde edilse ýagşy.

* * *

Eşegiň gulagna okan dek ýasyn,
Sen gürrüň berersiň şeýle bir täsin.
Nadanlar undarlar öýden çykynça,
Danalar ýyl boýy ederler tagzym.

* * *

Söýsün tüýs ýürekden, kim-kimi söýse,
Dönmesin sözünde, örtense-köýse.
Gyrmyzy ýüpegiň reňkin bozar,
Töwerekden özge bir reňk degse...

* * *

Ýagşy ýigit hünär üçin çalyşar,
Ýagşy gylyk oň ömrüne zer goşar.
Käbirleri özün ulumsy tutup,
İş başarmaz, iliň gözünden düşer.

* * *

Şatlan, kyn günüňi ile duýdurman,
Mätäje kömek et, kömek diýdirmän.
İne, şonda baryp ýatan ýigitsiň,
Bir hassaň janyna bolsaň sen derman.

* * *

Dost bolsaň, dostuňa bergin ýüregiň,
Şoň basan yzyna basyp ýöregin.
Gynanma dost üçin ýiten zadyňa,
Şol dostuň doldurar onuň deregin.

* * *

Dostluk diýilýän zat uly hazyna,
Bir dosta duşýançaň, müň dosty syna.
Akylly dost açmaz seniň syryňy,
Etmez gybatyňy, saklamaz kine.

* * *

Dünýäde her kim öz ekenin tirer,
Sen ili oýnasaň, il senden irer.
Är-ýigitler gepläp ýerini bilip,
Diňe bir nadanlar ýerliksiz üýrer.

* * *

Keşbine gyzygyp etme hatany,
Azdyrypdyr gyzyl Hydyr atany.
Görki däl-de, gylyk gerek aýala,
Ýogsa seň ömrüňe salar paltany.

* * *

Humara gyzygan ýigitler azar,
Ol gurulgy gapan, duýdurman ýazar.
Ýiti gyzyl tiz solarmyş diýýärler,
Haý diýmän sowular bu gyzan bazar.

* * *

Ýüregiň urgusyny okagyn,
Kalbyndaky her gasyny okagyn.
Öz janyňy gurban etjek ýaryňy
Ilki tanap, soň bagryňa oýkagyn.

* * *

Daşdan görseň, owadandyr käbiri,
Bolmajak bol şo ganjylaň ýesiri.
Daş ýüzünden owadandyr ýylanam,
Eline düşensoň, göýbermez diri.

Terjime eden Mämmet Seýidow
Gurban93
  • 0
  • 44
  • 07/02/2018 06:05
  • 1 minutda oka