Äýnek

Sen owadana däl diýip biljek däl. Elbetde owadan sen, edil hemme kişi üçin bolmasañda meñ üçin owadan. Käbir adam kitap okanda äýnek dakynýa sözleri gowy görmek üçin, käbiri gara äýnek dakynýa krutoy görünmek üçin ýa-da gözüni günden goramak üçin. Edil şolaryñky ýaly hemme kişi seni meñ gözüm bilen görse dünýäde senden owadanyny tapmaýardy. Eger hemme kişi meñ ýüregimi alyp özünüñkiñ ýerine goýsa ol ýürek senden başga adam üçin urmaýardy. Señ mähriñden başga adamyñ mährini duýmaýardy. Señ söýgüñden başganyñ söýgüsine (mätäç) zar bolmaýardy. Ruhymy alyp özünüñkiñ ýerine goýsa señ ýoklugyñdan başga, sen aglaýanyñdan başga zat ony bimaza edip bilemeýärdi. Tenimi özünüñkiñ ýerine goýsa ol adam sensizlikden başga zada üşemezdi, ýanmazdy. Ýöne men seni näçe söýsemem, nähili söýsemem, ýatlasamam, göresim gelip ölsemem. Ugruñda hemme zada taýyn bolsamam. Meniñ ýere göge sygdyryp bilmedik söýgüm saña çigit ýalam täsir edenokdy. Sen ullakan ak diwar bolsañ, ýüzüñe çüý bilenem çyzyp bolanokdy. Pikir edişimdenem güýçli ekeniñ, men nähili samsyk ekenim, gyzlaryň ejizdigine ynanypdyryn, ynanmaýanlary ynandyrypdyryn. Bagyşlañ, nähili günä edenimi özümem bilmändirin. Gyzlar siz güýçli ekiniñiz, biz ejiz ekenik. Indi käbir adamlaryñ näme üçin äýnek dakynýanyny bilýän, dogry köpüsi okamak, krutoy görünmek, gözüni günden goramak üçin dakynsada ; köpüsi güýçlülerden goranmak üçin dakynýan eken. Ol äýnekler ejiz ýüzli görünýänleriñ güýçli ýüzüni görkezýän eken. Olar owadan görünýäniñ owadanlygyny görmejek bolup äýnek dakynýan eken. Olar gözüm bilen görmesem ynanamok diýmek üçin dakynýan eken. Sebäbi daşaryk penjireden seredeniñ bilen sowuklygyny yssylygyny anyklap bolanok. ( Size giñişleýin düşündirjek boldugymça, ýazýan zatlarym manysyny ýitirýär. Söýgümi saña beýan etjek boldugymça söz tapman dymyşym ýaly. Söýgi diñe diñlemek ýa diñletmek däl, şol söýgüni teniñde duýmakdyr, we ony duýdurmak üçin geplemek däl – dymmagy başarmagyñ gerekdir)...
MonteKristo
  • 5
  • 236
  • 03/02/2018 10:57
  • 1 minutda oka

MonteKristo

2 hepde ozal

Muny ýazdymam weli, äýnek bolsun bolmasyn. Ýürek ýanynda bolmagyny isleýän adamyny tapansoñ, duýansoñ etjek alajyñ ýok eken. Durmuş adalatsyz diýmäge çekinýänmi, seni söýýän diýmäge çekinýänmi. Söýgümi illerden gizlemek üçin zat ýok ýerden bahana gözlemäge başladym. Belki bu söýüp, söýülmeýänimdendir.

Barbary

2 hepde ozal

Ýatyp galandan,atyp gal.

towsanjyk

2 hepde ozal

malades

eliff

1 hepde ozal

Tuweleme

asly

3 gün ozal

malades