İki dost

Staliniñ iki sany kömekçisi bar eken. Biriniñ ady Paşa, beylekisiniñ ady bolsa Mişa. Paşa bilen Mişa ikisi dost eken.

Paşa Staliniñ howpsyzlygyna jogap beryän eken. Mişa bolsa iymitine. Paşa bilen Mişa Staliniñ yanyna baryp bilyän ekenler.

Paşa bilen Mişa, beyleki orslar yaly däldi. Olar Stalini yigrenyärdiler. Stalini öldürip, halky onuñ zulmundan halas etmek isleyärdiler. Bu iş, Paşa bilen Mişanyñ yeke özlerine başartjak iş däldi. Şonuñ üçin, olaryñ iki bolup birlikde hereket etmekleri gerekdi. Emma....

Emma, Paşa öz pikirini, Mişa aydyp bilmeyärdi. Sebäbi, Mişa ony satar öydüp gorkyardy. Mişa hem edil şunuñ yaly pikir edyärdi. Şeydip bular tä Stalin ölyänçä, Stalina hiç zat edip bilmeyärler....

Oylanma: Eger, Paşa bilen Mişa gorkman, öz pikirlerini birek-birek bilen paylaşsadylar we özara dilleşip maksatlaryny amala aşyrsadylar, onda belki Hitlerem çozmazdy, belki tutga-tutluk, basga-baslyk döwrü hem bolmazdy, belki Gaygysyz Atabayewem ölmezdi...

Näme üçin bir iki sany gorkak sebäpli milyonlarça adam ölmeli yada kösenmeli? Näme üçin zalymlaryñ yanynda hemişe gorkaklar işläpdir? Bu soraglaryñ jogabyny size goyyan...

birgungeler
  • 2
  • 276
  • 03/02/2018 01:04
  • 1 minutda oka

Barbary

2 hepde ozal

Her halkyň ýolbaşçysy şol halka mynasyp—diýen nakyl bar orslarda,ýalňyşmaýan bolsam

putesestwennik

2 hepde ozal

Okap bolyancam eertirr dusya