Faraon

Taryhda ençeme Faraon yaşap geçipdir. Emma olaryñ içinde biri "Müsüri batyran Faraon" diyen ady alypdyr...


Ol Müsür halkynyñ pulunyñ hasabyna kän pramida gurduryan eken. Ol Faraon bolup tagta geçen yyly 200 sany pramida gurdurypdyr. Ondan öñki Faraonlar bolsa yylda 3 sany pramida gurduryan eken.

Şeydip Müsür halky batyar. Geday düşyär. Iymäne çörek tapmayar. İymäne çörek tapman, ot iyip başlayarlar. Şeydip mala öwrülip gidyärler. Kellelerem mal yaly işläp başlayar.

Faraonyñ yoldaşlary ony tagtdan agdarman, gaytam oña "ussat injener" diyen lakamy dakyarlar. Faraonyñ ussat injener diyen ady alandygy, halkyñ gulagyna baryp yetyär.

Halkam muña begenişyärler. Sebäbi olar maldy. Faraon olary batyrsada, şeyle Faraonyñ yurdunda yaşayandyklaryna buysanyardylar. Sebäbi, Faraon olar üçin pramida gurduryardy. Emma, pramidada halka yaşamaga rugsat berilmeyärdi. Diñe baylar yaşasa bolyardy...

Müsür halkynyñ içinde bir akyldar goja bardy. Ol Müsür halkynyñ beyle akmakdygyny görüp juda gynanyar. Ol derdini kim bilen paylaşjakdygyny bilmändir. Ol bir gün Faraona hat yazyp içimi dökeyin diyen pikire gelyär...

Ol Faraona yazan hatynda şeyle diyipdir:

"Ey Faraon! Senden hökümdaram bolmaz, ussat injenerem. Men bolsam saña " gemirji" diyen at goyardym. Sen Müsür halkynyñ bar puluny gemrip gutardyña, sen yenede nämä öwünen bolyañ?! Sen gurduryan pramidalaryñy Müsür halky üçin gurdurañok. Şöhratparazlygyñ üçin, öz abrayyñy has-da artdyrmak üçin gurduryañ. Sen beyle halky alada edyän bolsañ, näme üçin Müsür halkyny açlykdan alyp çykyp bileñok" diyipdir.

Akyldar goja hatynyñ soñuny şeyle tamamlapdyr:
"Ey Faraon! Sen bu haty okap meni öldürjegiñi bilyärin. Sen yaly halky köseyän hökümdaryñ yurdunda yaşanymdan we Müsür halky yaly, añsyz, düşünjesiz, mal, goyun yaly adamlaryñ arasynda yaşanyñdan öleniñ hem gowudyr" diyipdir.

Faraon bu haty okap, ol akyldar gojany öldürtyär we yenede öñküden hem köp pramida gurdurmagyny dowam edyär...


birgungeler
  • 3
  • 199
  • 02/02/2018 10:24
  • 1 minutda oka

Barbary

2 hepde ozal

Bagty galsa namart ogul,
Il içinde şalyk eýlär.
Magtymguly

MonteKristo

2 hepde ozal

– Kelesañ bolsa-da Kelhanyñ ogly,
Öz bolup ýörşünden özi-hä hoşal?
– Her kim öz-özünden bolmasa hoşal,
Oglum, obamyzyñ deñ-ýary boşar.
Kerim Gurbannepesow

Enkam

1 hepde ozal

Bu ýere goşgy nämä gerek? :/