Eneme

Eneme
Aglap-eňräp, uly dünýä gelemde,
Ene mähri bilen diňdirdiň meni.
Dilsizdim, derdimi gözümden aňlap,
Halal ak süýt bilen emdirdiň meni.

Ine, indi başym aman, janym sag,
Uzadan ýerime ýetip dur elim.
Ýöne şol gazanan ýüz müň zadymyň
Togsan dokuz müňün sen berdiň, enem!

Ak gar büräninde ýeriň ýüzüni,
Çapgyn şemal eger doňdursa tenim,
Derdimiň dermanyn daşdan gözlemen,
Derdimiň dermany-seň mähriň, enem.

Ýazda ýaz şemaly öwsüp bir ýana,
Ykjatsa al başly güläleklerin,
Ýaz ýaza meňzemez, gül bolsa güle,
Gelmese olara seň rehmiň, enem.

Uzak menzillere gadam basamda
Kalbymda öçmejek dileg bar, enem:
Goý, sen-ä uýansyz ata atlanma,
Şol atyň aýagy bolmaýyn menem!
marokka
  • 6
  • 149
  • 14/01/2018 04:22
  • 1 minutda oka

Kucherov

5 gün ozal

ajayyp!!!

marokka

5 gün ozal

Boljakmy dost

marokka

5 gün ozal

Dostlar öz maslahatlaryňyzy aýdaýsaňyz goşgy barada

Kucherov

5 gün ozal

gowy chyndanam. esasanam tamamlamasyny gowy gordum. galamyng ujy yiti bolsun :)

marokka

5 gün ozal

Sagja bol!

karkara

3 gün ozal

Gowy duzilipdir