Bir goshguny tapmaga komek

Salam agzalar men Magtymguky Pyragynyn Menli atly goshgusyny gozelyan yone internetdenem kitaphanadaky kitaplardan hem tapyp bilemok.Yone shol goshgynyn ruscasy 11-nji synplaryn synag okuw kitabynda bar.Shonun turkmencesini tapyshmaga komek edin
Iskenderoff
  • 2
  • 282
  • 27/12/2017 09:31
  • 1 minutda oka

ata

3 hepde ozal

UÝAT EÝLEÝIR

Meňli hanym golun dişläp,
Bizden ki uýat eýleýir.
Kä daranyp, uz ýörişläp,
Bizden ki uýat eýleýir.

Aşyk, gulak goýgul söze,
Syýa zülp ýaraşar ýüze,
Sürme çekip gara göze,
Bizden ki uýat eýleýir.

Geýinipdir gyzyl-aly,
Bilmen nedir ýar hyýaly,
Göz edip ýomut, ahaly,
Bizden ki uýat eýleýir.

Ykbal çapmaz, ýöreý diýsem
Ýokdur malym, bereý diýsem,
«Aç, roýuňy-göreý!» diýsem,
Öwrülip uýat eýleýir.

Görüşeli, Meňli hanym
Istihanym, şirin janym!
Pyragy diýr, din-imanym
Ýetdirmez, uýat eýleýir.

magtymguly.com

ýokarky linke gireňsoň "sahypadan gözle" (çtrl+f) arkaly "Meňli" diýip gözletseň ýene 1 goşgusy çykar.

inertentde kän maglumat bar bolmaly, mümkin, dogry sözler bn gözleýän dälsiňiz?!

Iskenderoff

3 hepde ozal

Yok bu goshgy dal her setirin sony Menli diyip gutaryar.Yokarky saytda bolsa ol goshguny tapmadym