Himiki elementleriň özlerini wasp edişi (goşgy)

H2-wodorod
Iň birinji wodorod
Это знает весь народ
Kawendişiň agtygy
Tablisaň öňbaşçysy.
Bilseňiz siz mollumlar
Eziz joram kislorod
Elementleň başlygy

Agramym bir,özüm bir,
Padýezim bir, domum bir
Adamlara peydada
Gazlaň içinde nomer bir

O2-kislorod
Meniň adym kislorod
Öýüm 2-nji perýod
My best friend is wodorod
Joramyň aýdyşy ýaly
Elementleň içinde
Ýokdur başga men ýaly



Ýediden ýetmiş ýaşa bilýändirler adymy
Dünýäde iň köp ýaýran elementleň şasyny
Öýüm 2,dom 6 halkogenleň padýezi,
Mensiz sen bu dünýäde ýaşap bilseň bil hany.

He-geliý(inert gaz-asylly gaz)
Häsiýetim Pyragyň Meňlisi ýaly
Bu dünýäde ýokdur başga biz ýaly
8-nji toparyň inert gazlary.

Özüm bilen tanyş etsem
Meniň adym gözel Geliý
Känbir reaksiýa giremok
Kisloroddan galanyn
Gaty halap baramok

Meniň bu aýdanlarmy
Inkär etjek boldular
Köp metallar lak atyp
Almytyny aldylar




Og-Oganison
Häzirlikçe jemleýän
Tablisanyň soňuny
Özüm bilen tanyş etsem
Inert gazlaň dogany

Öňki adym ununoktiý
Täze adym oganeson
Adym alymyň ady
Goňşym täze Tehnesiý

Ömrüm nol nol ýedi sekunt
Ýöne alnyşym kyn däl
Kaliforniý goşmak kalsiý
Emele gelýär oganeson
We ýanymda neýtron

N2-azot
Adym azot
Kiläm 14
Öýüm ýedi
Padýezimiň içinde
Başga ýokdur
Menden beti
Howadaky men iň köp gaz
Näçe waspym etseň-de az
Hemmelere-de men gerek
Mensiz bu dünýe biderek

Ösümliklere boý berip
Köpeldýärin hasyllaryn
Men iň gerekli element
Так что bilseň gadyrym

Cl2-hlor
Meniň atam Şeýele
Häsiýetim bolsa şeýle
Ýeke özüm zäherli
Natriý bilen birleşsem
Bolaryn men tagamly

Meň telefon nomerim
Iki sekiz we ýedi
Problema çyksa aýdaý
Ftordan soň iň beti



Howa
Azot,wodorod kislorod
Hem-de asylly gazlar
Bularyň baryn goşsaň
Howaň düzümi bolar

Howa diýmek ýaşaýyş
Ýaşaýyş diýmek howa
Kimiň birinjidigi
Bu sözlerde görünýär

Hemme zadam gerek welin
Howa ýaly geregi ýok
Mendeleýew tablisasynda
Biziň ýaly element ýok

Şonuň üçin mollumlar
Howamy ýa galogen
Ýa metallar topary
Ilki gowja oýlanyp
Soň bermeli bahany.
Mendeleyew
  • 3
  • 258
  • 27/12/2017 07:07
  • 2 minutda oka

Lunluchi

2 hepde ozal

Haladym
Ÿylgyrtdy :)

Akmyrat1111

2 hepde ozal

Agzalar turkmen aydymlary skachat edip bolyan achyk sayt barmy , la blazen -eje aydymy gerek

DonMaxx

2 hepde ozal

Gyzykly.com