Harsydünýâlik

Harsydünýâlik

"Bismilla"bilen başlaýyn söze
Haýyr ýokdur şonsyz başlanan işde
Gaplañ kimin çala gözümüz açyk
Ýaşap ýöris alasarmyk bir düýşde

"Bir başym bar müñ işim durmuşda "
Diýip gara başyñ garabaşagaý
Müñ işiñ müñsine ýetişjek bolyp
Aýna seret üýtgâp gidipdir ýüzüñ
Göziñi gapypdyr harsy dünýâlik
Aýdyñ hakykaty görenok göziñ

Hasaba çekdiñmi gara nebsiñi
Ölçediñmi amallarñy mizanda
Gòriplikden açylanok dideler
Göwnimiz öýkeden ğümandan doly
Imanmyzy ogurladyp şeýtana
Sallam-sajak geýim bilen ser-sepil
Gezip ýören ýaly dâli-diwana
Çarkandakly ýoldan büdrâp gelýân
Kâ ýykylyp kâte aýaga galýan
Ýol ýitiren ýolbelede çalymdaş
Gezip ýörsiñ öz-özüñden göwniñ hoş

Amannazarow Gerçeknazar.
Gerri
  • 0
  • 139
  • 27/12/2017 06:49
  • 1 minutda oka