Bagt getirsin Täze ýyl

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda türkmen halky täze ýyl baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen tutanýerli we ruhubelent barýarlar. Bu baýramçylyk dünýä ýüzünde baýramlaryň naýbaşy bolup her bir ynsanyň birek-birek bilen mähirli we sylag hormatly gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär. Täze ýyl, täze aý, täze gün özüniň jadylaýjy owadanlygy bilen tutumly işleriň başlangyjyny goýup, ýürekde ajaýyp arzuwlary besleýär. Bu baýramçylygyň görküne görk goşýan zat hem müň bir öwüşgünli täze ýyl arçasydyr. Biz şähere görk berip oturan täze ýyl arçasynyň yşklaryny ýagtylandyryp, hormatly Arkadagymyzyň ak patasy gutlagy bilen täze ýyly garşy alýarys.
Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynyň karary bilen “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýyl uly şatlyk-şowhuna, şanly dabaralara beslener diýip, uly umyt bilen ony maňlaýa sylýarys. Ýagşy niýetleriň hasyl bolmagy üçin onuň başlangyç ädimlerini hem ýagşy niýetler bilen ýagşy pikirler bilen garşy alýarys.
Biz geçen ýyl “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly” diýip at beren ýylymyz uly üstünlikleri, uly täsinlikleri, guwançly, buýsançly wakalary bilen tamam boldy. Ýurdumyzda geçirilen “Aziada-2017” onuň anyk şaýadydyr.
Şu ýylyň 9-10-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy” kabul edidi. Il bähbitli bu maksatnamany durmuşa geçirmek üçin halkymyzyň asylly zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşarlar.
Nesip bolsa täze ýylda hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns berlip, raýatlaryň zähmet haklaryny, pensiýalaryny, döwlet kömek pullary, talyp haklary ýene-de köpeldiler.
Türkmen senenamasynda ýetip gelen täze ýylymyz it ýylydyr. Türkmen halky it eýesine bagt getirýän wepaly, çuň zähmetsöýer, eserden haýwan hökmünde adamyň dosty diýip hasap edýärler. Müň ýyllyklardan bäri it ýylyny bolçulugyň, agzybirligiň ösüşleri, il-ýurt bähbitli maksat- arzuwlaryň hasyl bolýan ýyly hasap edýärler.
Goý “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly 2018-nji ýyl, hormatly Arkadagymyza, halkymyza jan saglyk, uly üstünlikler getirsin!

TDUmaksat
  • 0
  • 181
  • 26/12/2017 02:33
  • 2 minutda oka