Türkmenistan kosmos pudagynda Gazagystanyň tejribesini ulanmakçy bolýar

2015-nji ýylda ilkinji hemrasyny kosmosa uçuran Türkmenistan “КазСат” gazak sistemasy bilen gyzyklanýar. Bu barada Sputnik (Казахстан) neşiri Gazagystanyň goranyş we aerokosmiki senagatynyň wise-ministri Marat Nurgujina salgylanyp habar berdi.

Nurgujiniň sözlerine görä, türkmen tarapy ýeri uzak aralykdan zondirlemegiň maglumatlaryny ylmy-barlaglarda ulanmak we ykdysadyýetiň pudaklarynda iş ýüzünde peýdalanmak bilen gyzyklanýar.

Hemra milli kanallaryň alnyp görkezilmeginde ulanmak üçin planlaşdyrylypdy, galan ýygylyklary bolsa başga alyp görkezijilere kärende bermek nazarda tutulypdy.

Häzirki pursatda hemra 10-a golaý arap kanalyny alyp görkezýär we 2017-nji ýylyň noýabryndan başlap 8 sany bolgar kanalyny alyp görkezip başlady.

Ozal Türkmenistanyň ikinji hemrasyny kosmosa uçurmaga taýýarlanýandygy habar berlipdi.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/turkmenistan-kosmos-pudagynda-gazagystanyn-tejribesini-ulanmakcy-bolyar/
Ahally99
  • 1
  • 59
  • 07/12/2017 12:23
  • 1 minutda oka

Ahally99

5 gün ozal

Ekonom kizisde Kosmos yaly gymmat proyektler yerlikli mi?