Prezident serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmagy talap etdi

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda ýurduň harby bölümleriniň birinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.

Goranmak ministri Ýaýlym Berdiýewiň hasabatyny diňläp, prezident ähli derejedäki serkerdeleriň ýokary hünär derejesini üpjün etmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn başarjaňlygyny höweslendirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, serkerdeleri taýýarlamagyň ulgamyny kämilleşdirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet baştutany esgerleriň we ofiserleriň üstünlikli gulluk etmekleri üçin zerur bolan gulluk, durmuş şertlerini döretmek barada ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi diýip, TDH döwlet habarlar gullugy habar berýär.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, Türkmenistanyň goşunynda esgerleriň azyk ýetmezçiligi göze ilýär. Ozal ýönekeý esgerleri naharlamak üçin kartoşka kaşasy, palaw we balyk ýaly önümler berlen bolsa, soňky wagtlarda olary bugdaý ýarmasy bilen naharlaýarlar.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-serkerdelerin-hunar-derejesini-yokarlandyrmagy-talap-etdi/
Ahally99
  • 1
  • 46
  • 07/12/2017 12:20
  • 1 minutda oka

Ahally99

5 gün ozal

Once Esgerlerin garnyny doyurmak gerek dalmi ? Ac esger nadip serhet gorasyn