Prezident baş prokurory sylaglady we beýlekileri täzeledi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji dekabrda baş prokuror Batyr Atdaýaewe we Ýokary suduň başlygy Gylyçmyrat Hallyýewe Goranmak ministrliginiň ýanyndaky ýokary serkerdeler düzümi üçin akademiki fakulteti hünär ugry boýunça üstünlikli tamamlandyklary baradaky degişli diplomy we döşe dakylýan nyşany gowşurdy.

1 of 8








Şeýle-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen birinji klasly ýurist Rahym Ataýew 5-nji dekabrda Mary welaýatynyň prokurory wezipesine bellenildi. Ol ozal Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory bolup işleýärdi;

Ýustisiýanyň geňeşçisi Döwran Berdimyradow Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň prokurory wezipesine bellenilip, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy;

1-nji derejeli ýurist Maksat Kulyýew Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Ruslan Rebbenakulyýew Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň prokurory wezipesine;

1-nji derejeli ýurist Atabeg Golbaýew Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň prokurory wezipesine;

2-nji derejeli ýurist Annamyrat Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi;

1-nji derejeli ýurist Şöhrat Gylyjow Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-bas-prokurory-sylaglady-we-beylekileri-tazeledi/
Ahally99
  • 2
  • 53
  • 07/12/2017 12:18
  • 1 minutda oka

Ahally99

5 gün ozal

Olar halka hyzmat edermi ka?

Ahally99

5 gün ozal

Olar halka hyzmat edermi ka?