Bugdaýyň bol hasyly öndürilýär

Türkmenistanda her ýyl ak bugdaýyň 1 million 600 müň tonnadan gowragy öndürilýär. Türkmenistan ýylyň-ýyly özüniň ak bugdaýyň Watanydygyny subut edýär. Ýurdymyzda dänäniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny has-da berkitmek bilen, daşary döwletlere bugdaý we bugdaý ununy satmak hem ýola goýuldy.
2017-nji ýylda öndürilen ak bugdaýyň 262 müň 990 tonnasy(2016 - 59 müň 40 tonnasy), bugdaý ununyň 1 müň 500 tonnasy (2016 - 34 müň 952 tonnasy) goňşy Owganstan döwletine eksport edildi.
2018-nji ýylda türkmeniň ak bugdaýyny has-da köp öndürmek, onuň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini artdyrmak ugrunda göreşýän gallaçylar güýzlük bugaý ekinlere ideg etmek işlerini guramaçyluykly alyp barýarlar.
Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegi ilatyň köp isleg bildirýän harytlarynyň bolçulygyny döretmäge giň ýol açdy. Telekeçilerdir, hususyýetçiler bu gün türkmen daýhanynyň ýetişdiren ak bugdaýynyň unyndan edilen dürli görnüşli aşlary, börekleri, kökeleri, çörek we çörek önümlerini arzan bahadan alyjylara hödürleýärler.
Türkmenistanda bugdaýy saklamak üçin elewatorlar, çörek önümlerini öndürýän önümçilik toplumlary yzygiderli gurulýar. Elewatorlar we önümçilik toplumlary Ahal welaýatynyň Tejen, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy, Lebap welaýatynyň Dänew, Döwletli, etraplarynda, Türkmenabat şäherinde, Mary welaýatynyň Oguzhan, Garagum etraplarynda gurlup, ulanmaga berildi.

TDUmaksat
  • 0
  • 28
  • 06/12/2017 06:36
  • 1 minutda oka