Prezident Berdimuhamedowa orsýetlileriň 7%-i ynanýar (Jemgyýetçilik pikiri)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa orsýetlileriň diňe 7 prosenti ynanýar. Bu netije 5-nji dekabrda ТАСС habar gullugynyň metbugat ýygnagynda, Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenmek boýunça Bütinrussiýa merkezi tarapyndan yglan edildi.

“Belarus we Gazagystan GDA ýurtlarynyň arasynda Orsýetiň raýatlarynyň has kän simpatiýa we goldaw bildirýän ýurtlary bolup durýar”. Pikir soralmagyna gatnaşanlaryň aglaba köplügi şu iki döwleti “iň durnukly we rowaç” diýip hasaplaýar. Pikiri soralanlaryň 60 prosenti Belarusa şeýle baha berdi, Gazagystana şeýle baha berenler – 41%. Soňra Ermenistan (16%), Azerbaýjan (14%), Gürjüstan (10%), Özbegistan (7%), Türkmenistan (7%), Gyrgyzystan (5%), Moldawiýa (4%), Täjigistan (3%), we Ukraina (1%) gelýär.

“Russiýalylar – köpmilletli halk, onsoň ol ýa-da beýleki ýurtdan gelip çykanlar, düzgün boýunça, öz taryhy watanyna goldaw bildirýär – diýip, Halkara gatnaşyklary baradaky Moskwa döwlet institutynyň (MGIMO) Halkara barlaglary institutynyň direktory Andreý Kazansew metbugat ýygnagynda aýtdy. – Orsýetde ol ýa-da beýleki ýurduň reýtingi belli bir derejede diasporaynyň derejesine bagly”. Onuň sözlerine görä, ýakyn daşary ýurtlaryň reýtingine olaryň durmuşlarynyň Orsýetde beýan edilişi, ýagny ol ýurtlarda bolup geçýän wakalaryň russiýalylara görkezilişi hem öz täsirini ýetirýär.

Şeýle-de, Jemgyýetçilik pikirlerini öwrenýän Bütinrussiýa merkeziniň ekspertleri orsýetlileriň Belarusy (64%) we Gazagystany (57%) dünýä arenasynda öz ýurtlarynyň esasy hyzmatdaşlary diýip hasaplaýandyklaryny aýtdylar. Olar Belarusdan we Gazagystandan soňra Orsýetiň iň ynamdar hyzmatdaşy haýsy ýurt diýen soraga jogap berip, Ermenistany (16%), Azerbaýjany (10%), Gyrgyzystany (8%) we Özbegistany agzadylar (8%). Soňra Gürjüstan (6%), Täjigistan (5%), Moldawiýa (5%), Türkmenistan (5%) we Ukraina (1%) gelýär.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-berdimuhamedowa-orsyetlilerin-7-i-ynanyar-jemgyyetcilik-pikiri/
Ahally99
  • 1
  • 61
  • 06/12/2017 12:28
  • 1 minutda oka

Ahally99

6 gün ozal

Az dal, Nameucin ka?