Prezident Türkmenistanyň ýyladyş ulgamlaryny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji dekabrda käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabadyň häkimleriniň gatnaşmaklarynda göni wodeoşekilli aragatnaşykda iş maslahatyny geçirdi.

Prezident welaýatlaryň ählisiniň ýolbaşçylaryna ilaty ýylylyk, elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge jogap berýän jemagat hojalygy bölümleriniň işinde bar bolan kemçilikleri görkezdi. Döwlet baştutany ol kemçilikleri düzetmek üçin gyssagly çäreleri görmegi, jemagat hojalygynyň ähli ugurlardaky işine berk gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy diýip, TDH döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewi diňläp, prezident ýurduň baş şäheriniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny aýtdy we Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Paýtagtyň jemagat hojalygy düzümleriniň işinde kemçilikleriň bardygyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň ähli inžener-tehniki düzümleriniň, şol sanda ýylylyk, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz hem-de takyk işlemegini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Belleýäris, prezident 13-nji noýabrda geçiren maslahatynda hem ýyladyş ulgamynyň, ilaty elektrik energiýasy we gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň zerur derejede işledilmegini talap edipdi.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň paýtagtyndaky mikroraýonlaryň birnäçesinde ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary gündizlerine yzygiderli öçürilýär.

Aşgabadyň merkezi etraplarynyň ýaşaýşjylarynyň sözlerine görä, soňky bir hepdäniň dowamynda Aşgabadyň Parahat-1, Parahat-2 we Parahat-3 mikroraýonlarynda jaýlar gündizlerine ýyladylmaýar, ýogsa Aşgabatda howanyň sowuklygy gündizlerine +1, gijelerine – 5 gradus aýaz bolýar.

“Häzir ilata ýyladyşy berýän merkezleriň birnäçesini gündizine öçürýärler. Bu öçürme adatça irden sagat 6-7 töwereginde bolýar. Şolar agşam sagat 8-9-a çenli öçük durýar. Onsoň jaýlaryň içi buz ýaly” diýip, Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonynyň ýaşaýjysy radio gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, öý dolandyryş edaralary ýa-da köpgatly jaýlary ýyladyş bilen üpjün edýän merkezler gündizlerine umumy peçleriň öçürilmeginiň sebäplerini turbalarda emele gelen näsazlyklar bilen düşündirýärler.

“Adamlar nämeüçin gijelerine turbalar döwlenok-da, ala-böle gündizlerine ýarylýar ýa-da hatardan çykýar?’ diýip soranda, olar belli jogap bermän, [näsazlygyň sebäplerini] biri-biriniň üstüne atýarlar” diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýtdy.

“Azatlygyň” söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlarynyň öçürilmegi owallaram hem bolýardy. Mundan öň ilat şeýle ýagdaýlarda elektrik togy bilen işleýän peçlerden we gaz peçlerinden peýdalanýardy. Emma, indi ýerli synçylaryň bellemeklerine görä, köp adamyň muňa gurby çatmaýar.

Ýatladýarys, 2016-njy ýylda Türkmensitanyň käbir regionlarynda bu golaýda görülmedik sowuk bolanda, diňe hususy jaýlarda we kwartiaralarda däl, eýsem mekdeplerde we çagalar baglarynda hem elektrik, ýyladyş üpjünçiligi babatda problemalar boldy.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-turkmenistanyn-yyladys-ulgamlaryny-gozegcilikde-saklamagy-tabsyrdy/
Ahally99
  • 1
  • 43
  • 06/12/2017 12:27
  • 2 minutda oka

Ahally99

6 gün ozal

Olar yanmasa millet donmazmy?