Prezident polisiýanyň ýerli wekilleriniň işine gözegçiligiň gowşadylmagyndan nägilelik bildirdi

4-nji dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda içeri işler ministri Isgender Mulikow jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, düzgün bozmalaryň hem-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, polisiýanyň özlerine berkidilen çäklerde işleriň ýagdaýyna gözegçilik etmäge hem-de bu barada habar bermäge borçly edilen ýerli wekilleriniň işine gözegçiligiň gowşadylandygy üçin nägilelik bildirdi.

Döwlet baştutany IIM-niň ýolbaşçylarynyň garamagynda “jemgyýetçilik tertip-düzgünini, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny gyşarnyksyz üpjün etmek hem-de goramak bilen meşgullanýan düzümleriň işini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Mundanam başga, döwlet baştutany ýangyn howpsuzlygy we ýol gözegçiligi gullugy ulgamynda işleri kämilleşdirmek, degişli çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe görkezmeleri berdi diýip, döwlet eýeçiligindäki TDH habar gullugy habar berýär.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-polisiyanyn-yerli-wekillerinin-isine-gozegciligin-gowsadylmagyndan-nagilelik-bildirdi/
Ahally99
  • 1
  • 50
  • 06/12/2017 12:25
  • 1 minutda oka

Ahally99

6 gün ozal

Olar owalam aaz gozegcilik edenok la