Täze ýyldan Türkmenistanyň býujet edaralarynyň işgärleri 30% kemeldiler we käbir çagalar baglary ýapylar

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä, ýurduň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän guramalarynyň we edaralarynyň ählisine, şol sanda nebit-gaz pudagyna ýokarky edaralardan iş orunlaryny şu ýylyň 1-nji dekabryndan ýa-da gelýän ýylyň 1-nji ýanwaryndan 30% kemeltmek barada görkezme berildi.

Diňe orta mekdeplere degilmeli däl. Mugallymlar düzümini kemeltmek planlaşdyrylmaýar, emma direktorlara pensiýa ýaşyna ýeten mugallymlary dynç alşa ugratmak tabşyryldy. Mundan ozal hem ençeme gezek şeýle tabşyryk berlipdi, emma okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary tejribeli mugallymlary işini has gowy bilýän pedagoglar hökmünde, iş orunlarynda saklap galmaga çalyşýardylar.

Mundanam başga, Bilim ministrligi käbir çagalar baglaryny ýapmak kararyna geldi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tölegleriniň on esse ýokarlanmagy bilen baglylykda, olara barýan çagalaryň sany düýpli kemeldi.

Şondan soň, işden kowulmak haýbaty astynda, býujet edaralarynyň işgärlerini öz çagalaryny çagalar baglaryna bermäge mejbur etdiler.

Ýapylýan çagalar baglarynyň işgärleriniň bir bölegi başga çagalar baglaryna geçiriler, galany işsiz galar.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/taze-yyldan-turkmenistanyn-byujet-edaralarynyn-isgarleri-30-kemeldiler-we-kabir-cagalar-baglary-yapylar/
Ahally99
  • 1
  • 82
  • 04/12/2017 02:01
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

O cagajykalryn name gunasi barka? Beyle bolsa, caga dogran bolarmy ?