Türkmenistanda parlament saýlawlary kampaniýasy başlandy

2-nji dekabrda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynyň Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň dördünji çagyrylyşynyň agzalarynyň, geňeşleriň sekizinji çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň Saýlawlar kodeksine laýyklykda, 2017-nji ýylyň 4-nji dekabryndan başlap saýlaw möwsümine badalga berilýär. Saýlawlaryň başlanmagyna 60 gün galanda dalaşgärleri görkezmek başlanar diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” neşiri habar berýär.

Ýatladýarys, ýurtdaky parlament saýlawlary 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçiriler.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/turkmenistanda-parlament-saylawlary-kampaniyasy-baslandy/
Ahally99
  • 3
  • 64
  • 04/12/2017 01:59
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Halkyn saylanlary deputat bolarmyka ?

acharsoz

1 hepde ozal

Halk öz erkini halkyň bähbidi piňine bolmaýan adamlara, ýagny, goýuny gurda ynanmana dowam etse, güni hoş geçýäniňem, kyn geçýäniňem geljek nesilleri bu ýurtda gönenip bilmez agzalalyk we adalatsyzlyk sebäpli. Blin, wezipä göterileniňkini ýalamana, wezipe geçende bolsa ejize ganym bolmak ganyna siňen bu halkyň geljegi nähili bolar, kim biler.

acharsoz

1 hepde ozal

Ýurt seňki, seň geljek nesilleriňki. Namartja olam, sagja olam diýip ýaşamak, ýok wasýok, gül ysgajak bolsaň dikenine-de kaýyl bolmaly, ýogsa öňüňe syçylan boky ysgamana dowam edersiň. Gül ysgajak diýip güli goparmak hem bolmaz.