Türkmen aydymçysumaklar we olary goldayanlar

Türkmenpressde çap edilen Analiz den son bize barde gep aytmak düşmez yöne şonda da janyma tak etdi, bir yere yazmasam içimi dökmesem bolonok.
Irden turup yutup diyen saytda türkmen kliplerini görmane başladym. Ay şol önki klipler sözleri jemlesen 5 ya 10 söz. Bor geçeli geleli olaryn teswirlerine. Ha name boldy diyseniz Ogurlyk sungata gowy diyarler. Name üçin? Mysal sizin bir gowy göryan zadynyz bar Galam, depder biri sizden şony ogurlasa siz şona "tüwelem gowy iş etyan, dowam et, berekella gowy ogyrlaydynay şony" diyip bilersiniz mi? ya teswir yazyan son olara aytmak üçin yazyar :) sungadam şeyle adamlar aydym aytyar kelle döwyar saz düzmek üçin bizinkiler üstüne yazdyryar, ya da tazeden sazyny çalyar. Ay türkmenlerde Nury Halmammet, Bayram Tagan direlip Atabay bilen birzatlar edaymese bu sungat alemi düzelmesi kyn men pikrimçe (10 yyllyk) galanam alla kerim.
Nuryşka pahyr bir söz aydipdi:
"XXI asyr türkmeninki galan halk name etse şony etsin ..."
MuhaciR
  • 15
  • 2272
  • 11/11/2007 03:34
  • 1 minutda oka

agajanh

10 ýyl ozal

wah agamjan beýle zatlary her 10 gündendagy ýazyp durýaň :)
Gowja çözüm tapalyla şuňa garşy. Şolaryň ogurlaýanyny hemme kişem bilýä ýöne çäre tapmaly. Pikirlenip gör...

Harmandali

10 ýyl ozal

Hawalay eyyam shun yaly tema nache gezek achyldy shol onki achylanlaryn yzyny dowam etdirayinsene bolmasa.
“Olary goldayanlar” diyip edil mana kakdyran yaly bolup durlay :)) Men olary goldamoga yoneje yagdayyn beyleki tarapyny aydyan men diyyanlerimem yalnysh dala. Ay shu aydymlar ogurlyk bolsada yogyndana gowydyr.
Azat Orazowyn “Gelin boldy” diyen aydymy ogurlykmy?! Eger ogurlyk bolsa onda gowy ogurlapdyr ogurlamadyk bolsa onda super aydym men gowy gordum.
Berdin “Allap oyun etme” diyen aydymam gowy ogurlyk bolsada. Aman dj “Jemile” gowja edip ogurlapdyr :))) mena yaman shol aydymchyn herekedini gowy goryanlay.
Parahat Amandurdyyewyn “yuregim sende” diyen aydymyny bir dinlap gorun men shu wagdam dinlap otyrn hich doyup bilemok. On ony Atabay aydyady diyyaler. On klibyna name diyjep soz yok aydysham yaman owadan sesi yakymly.

Harmandali

10 ýyl ozal

Myrat Owezow ogurlanok gowy aydymlary bar ozem aydymlarynyn sozlerini gowy goryan. Gynanyan pahyrjyga ochisleniya edipdirler ay namede bolsa indi Turkmen Turk uniwersitedyna giripdir 1 kursdan.
Prosto kompozitorlar gerek. Ine shol Parahat Amandurdyyewyn aydymynyn kompozitory kim?! Nahili owadan saz shol. Her yylda dashary yurdynkylar yaly edip in gowy saz, in gowy aydym, in gowy bagshy diyip yorite bir bayrak bermeli

Harmandali

10 ýyl ozal

Yenede men :))
Seredin Myrat Owezow nahili gowy aydya sazy hem ogurlyk dal aydymynyn sozlerem gowy yany bir osup gelyan bagshy. Ine ony natdiler fanagramma goyberyan diyip ochisleniya etdiler. Sheydip bir bagshyn durmushyny zayladylar oza Turkiya ishlemagede gidipdir indi geldi. Shonun yaly bagshylary sheytseler son bagshy galarmy?!

shahyr

10 ýyl ozal

Asyl problema bize ökde kompozitorlar ýok. Aslynda bar, olaram eýýäm ýaşajagyny ýaşan. Konserwatoriýada mollym ýa-da kompozitorçylyk edenoklar gowy pul gazanyp bilmänsoň.
Şol ugurdan ussat adamlar köp ýetişenok. Sebäbi kompozitor bolsaňam idilli pul gazanyp bolmaýa, gowy mümkinçilikler ýok.
Şeýle adamlar çykaryp olaram gowy hem maddy hem ruhy taýdan gowy goldamaly. Daşary ýurtly kompozitorlary hem pul berip çagyryp aýdym düzdürmek elbetde türkmen bagşysumoklarynyň hötdesinden gelip biljek işi däl.
Diňe kompozitorçylyk däl, poçti hiç bir professiýada ökde ussat ýok bizde. Sebäbi gazanç pesligi bolaýmasa.

Harmandali

10 ýyl ozal

Hawa sizinem diyyaniniz dogry. Yone okde kompozitorlaryn yoklygyny aydymchylardan gormek bolmaz ona yokardakylar gunakar. Yone shu wagt biraz onki adamlar hakda gepleshik zat tayynlap bashlapdyrlar. Shu wagdyn chagalary asyl onkuleri tananoga! Olary tanatmaly ozumiz okde kompozitor kandir yone olar ozlerini ayan edyan daldirler.

diwana

10 ýyl ozal

name ucin ayan edyan daldirler? men bolsam ayan ederdim. etmanin bilen eline bir zat gecyarmi? edenin bilen gecmeyan bolanda-da etmek has yerlikli dalmi? beyle daldirlay harmandali.
myrat owezow kimay? gaty owdun, ozem ownuk ushak eden zatlaryna cenli bilyan welin, ya garyndashyn bir zadynmy? :))
menem arada bir klipleri goreyin diydim. bir klibi acdym, bir yashajyk gyz. yaman hereketli tans edyar. aydymda \"gelsene, gulsene\" diyip gecdi welin yapdym.

diwana

10 ýyl ozal

ogurlamak hakda menin pikrim sheyle.
bir adam bir sazy ya aydymy duzen bolsa, birinin ony soraman alyp ozuninki yaly edip aytmagyny halamaz. ony duzmek ucin kelle agyrdypdyr, zahmet cekipdir. senem gelip tayin asha topul kim halar? bu yerli, dashary yurt hemmesine degisli. indi chykyp hakyny gozlap yoren yok, bagshylaryn oz ahlagyna galdy ishler, ona-da kim uns beryar indi.
halk aydymlary ya-da shol derejede kop yayran aydymlary her bagshy oz stilinde, oz sesinde aytjak bolar we munda problema yok. kone aydymlary hem yoretmeli, ony duzen olen bolup biler. beyle aydymlara turkler \"anonim\" diyyar. kimin duzenem belli dal, halk arasynda meshhur, nakyl yaly bolup gidipdir. eger shularam soramaly yeri bar bolsa soramak gerek. bagshylaram edepli bolmaly. birbirine hormat goymaly, ussatlary, ululary sylamaly. kawagt pikirlerini, maslahatlaryny almaly. shulary etmese-de aydymyny aljak bolanda hormat ucin soramaly. alma diyesi yok, soralmanda haklaryny gozlap, suda berip duran yok, soranda alma diyip durmaz. hatda ozlerinin sylanyanyna begenip hasam rugsat berer. kim beyle zatlara uns beryar diysene.

diwana

10 ýyl ozal

sungat shol dereja geldi. indi aydymy duzenem hakyny gozlap duranok. yogsam oz chagasy yaly eye chykayjak yaly oz malyna. emma beyle dal. sebabi sungata bakysh uytgedi. adyn belli boldy, jubinem doldy, onda boldy, galany yadyndan chykar, keyp cek-de yor. shuna sungat diyip bolarmyka?

korpe

10 ýyl ozal

ay olaram bir yerden pul gazanmalyda-how. Tm beyle işsizlik kan bolmadyk bolsa, beyle zatlar bolar oydemok.

aydymcylaram pul gazanmagyn ansat yollaryny gozleyarler. men tanayan aydymcylarym on garypdy, iş bolmanson mejbur aydymcy boldylar....

Harmandali

10 ýyl ozal

name ucin ayan edyan daldirler? men bolsam ayan ederdim. etmanin bilen eline bir zat gecyarmi? edenin bilen gecmeyan bolanda-da etmek has yerlikli dalmi? beyle daldirlay harmandali.


Hawa ayan edenoklar sebabi kompozitor bolmak bu dowurde pul getirenok! Eger ol mashgalaly adam bolsa onda ol sazy bilen mashgalasyny eklap bilmez. Belki kop adamlarda saz duzmage talanty bardyr yone ol ugra kan uns berilmanson ozi hem uns beryan daldir ondan peydan gelmejegini bilyandir. Shol sebapli talant yitip gidya. Hich hili ony osdurmage one gidenok.
Dine sungatda beyle dal. Mysal uchin TM nache sany kellesi guychli adam bar olar okuwa girip bilenoklar yylda yykylyp ahyr sony bolmajagyny bilip bir peydaly ishin bashyna gechyaler oz isleyan ugryna dal-de. Sebabi shol bir zatdan asylshyp otyranyn netijesiz galya. Olar son sowda edyaler ya gyzlar tikin bilen gumenyaler sheydip bilimini onkuden artdyrnoklar.

Harmandali

10 ýyl ozal

myrat owezow kimay? gaty owdun, ozem ownuk ushak eden zatlaryna cenli bilyan welin, ya garyndashyn bir zadynmy? :))

Myrat Owezowy tananokmy ol yany osup gelyan aydymchy. Sen eger klip dinlejek bolsan men aydanlarymy dinlap gor M.Owezowyn bir aydymyny “Ykbal” yaman gowy sozlerem, klibam, sazam, manysam gowy. Ol yene-de bir aydym chykarypdyr “Ykbalyma” diyip yalnyshayma dineje “Ykbal” bolmaly.
Garyndash nire yone yaman gowy goryan shol bagshyny asylly, agras ozem dineje ejesi bar prastoy mashgalan sadaja oglany. Men gowy goryan shonun yaly adamlary. Diwana men TM ahyry bagshylar kichi bolsada edil Gollywoodynkylar yaly meshgur TM oz ichinde son sahel zat bolsa derrew yayraya. Yene-de Parahat Amandurdyyewyn “Yuregim sende” diyen klibyny gorsen okunmersin.

mc_merw

10 ýyl ozal

Myrat Owezowy menem şu tomus tanadym, Bahar Hojaýewa bilen bir dueti bardy, esasan slow aýtýa.

Bular ýalak saz ogurlamak diňe bizde däl, başgada sungadyň ösmedik ýurtlarynda bar, albaniýa ýalak.

diwana

10 ýyl ozal

Myrat Owezowy menem şu tomus tanadym, Bahar Hojaýewa bilen bir dueti bardy, esasan slow aýtýa.

bah, beyle bolsa mana gerek zat eken, tapayyn men ony :)

MuhaciR

10 ýyl ozal

Serdar Ortaç
Serdar ortaç özi youtube klip goyupdyr.