Prezident Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda “azyk bolçulygyny” döretmegi tabşyrdy

Wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow Ministrler kabinetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde prezidnet Gurbanguly Berdimuhamedowa öz gözegçilik edýän pudagy bolan söwda ulgamy, içerki bazaryň ýokary hilli, dürli görnüşli sarp ediş harytlary bilen üpjün edilişi barada hasabat berdi.

“Prezident alyjylara hyzmat edilişiniň medeniýetine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny, ýurduň ilatynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak, söwda nokatlarynda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek üçin ähli zerur tagallalaryň görülmelidigini belläp, wise-premýere baýramçylyk söwdasyny guramak boýunça anyk görkezmeleri berdi” – TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

12-nji dekabrda Türkmenistanda Bitaraplyk güni baýram edilýär.

Prezident ýurtda bellenýän ähli baýramçylyklaryň öňünden ýurtda “azyk bolçulygyny” üpjün etmegi talap edýär. Soňky gezek şeýle talap 27-nji oktýabrda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň öňünden edildi

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-bitaraplyk-gununin-onusyrasynda-azyk-bolculygyny-doretmegi-tabsyrdy/
Ahally99
  • 1
  • 71
  • 03/12/2017 12:46
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Dine Bayramdami azyk bolcylygy bolmaly ka?