Prezident medeniýet ministriniň orunbasaryny işden boşatdy

Ministrler kabinetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde medeniýet boýunça wise-premýer Annageldi Garajaýew dekabr aýyna planlaşdyrylan medeni çärelere, desgalaryň açylyşyna, şeýle-de 5-6-njy dekabrda Türkiýäniň Medeniýet günlerini geçirmek işlerine görülýän taýýarlyklar barada habar berdi diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Prezident täze gurlan we Halkara bitaraplyk güni (12-nji dekabr) mynasybetli ulanmaga beriljek binalary açmak dabaralaryny “ýokary guramaçylyk derejesinde” geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de prezident Bahargül Abdyýewany, başga işe geçýändigi sebäbpli, medeniýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä Nursähet Şirimowy bellemek baradaky karara gol çekdi.

Onuň işden boşadylmagynyň başga sebäbi aýdylmaýar.

https://tm.hronikatm.com/2017/12/prezident-medeniyet-ministrinin-orunbasaryny-isden-bosatdy/
Ahally99
  • 1
  • 67
  • 03/12/2017 12:44
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Taze emeldar Halka hyzmat edermika?