2018-nji ýyl prezidentiň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň adyndan alnan şygar bilen dabaralandyrylar

Ministrler kabinetiniň 1-nji dekabrda geçirilen mejlisinde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçiriljekdigi aýdyldy.

Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Sapardurdy Toýlyýew Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmek, medeni mirasy ylmy esasda öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça döwlet programmasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen döwlet programmasyny oňlap, Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady diýip, TDH döwlet habar agentligi habar berýär.

Ol taryh ylmyny ösdürmekde hem-de halkymyzyň ençeme müň ýyllyk şöhratly senenamasynyň täze sahypalaryny açmakda şeýle barlaglaryň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem Türkmenistanyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň, adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly maglumatlaryň täsin çeşmesi hökmünde olary goramagyň, meýdan işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň möhümdigini belledi.

“Bellenilen işlere örän giň halkara gerim berýän döwrebap maglumatnama ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny, internet serişdelerini işläp taýýarlamagyň hasabyna işgärleriň hünär taýdan taýýarlanyş usullaryny, muzeý hem-de wagyz ediş işlerini täzelemek gerek” diýip, döwlet baştutany aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda degişli görkezmeleri berdi.

Bellemeli ýeri, biraz öň Türkmenistanda taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek işlerini maliýeleşdirmek ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Türkmenistanda medeni we taryhy mirasy gorap saklamak üçin umumy möçberi 1,5 million ABŞ dollaryna barabar 25 proýekt durmuşa geçirildi.

ABŞ-nyň ilçisi Allan Mastardyň bellemegine görä, “Türkmenistan bu meselede goýberilen serişdeleri islendik başga ýurda garanda has kän aldy”.

Belläp geçsek, 9-njy noýabrda prezident özüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny jemgyýetçilige hödürledi. Häzir bu kitabyň tanyşdyrylyşy dünýä boýunça alnyp barylýar.
https://tm.hronikatm.com/2017/12/2018-nji-yyl-prezidentin-turkmenistan-beyik-yupek-yolunyn-yuregi-atly-kitabynyn-adyndan-alnan-sygar-bilen-dabaralandyrylar/
Ahally99
  • 1
  • 59
  • 03/12/2017 12:42
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Nesip bolsa, 1 gun Magtymguly Atamyzyn eserleri hem gundelik durmuşda dabaralanar da