Türkmen goşunynyň esgerleri aç galmazlyk üçin ene-atalaryndan pul soraýarlar


Soňky aýlarda Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk edýän esgerleriň azyk bilen üpjünçiliginiň görnetin ýaramazlaşyp, harby gullukçylaryň yzlaryndan ene-atalary tarapyndan getirilýän azyk önümlerine barha kän mätäç bolýandyklary barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Ogullary goşun hatarynda gulluk ediýänene-atalaryň Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, esgerler azyk meselesinde “örän horlanýarlar”. “Olar öz ene-atalaryna habar ýollap, yzlaryndan iýmit getirilmegini ýa pul ugradylmagyny ýygy-ýygydan haýyş edýärler” diýip, bu ýagdaýy öwrenýän ýerli synçy aýtdy.

“Çagam horlanmasyn diýip, göteribilen iýmitlermi göterip, ýurdyň o çetinde gulluk edýän oglumyň yzyndan gatnamaga mejbur bolýaryn” diýip, öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Aşgabatly enäniň gullukdaky ogly esgerleriň esasy iýmitleriniň arpa ýarmasy bolup durýandygyny, ony iýeniňde aşgazanyň agyrýandygyny we naharyň esli wagtlap siňmeýändigini gürrüň berdi.

Azatlygyň başga bir çeşmesi ýolbaşçylaryň esgerlere goýberilýän azyk önümleriniň azaldylmagy netijesinde dörän meselelerini ene-atalaryň hasabynaçözmäge çalyşýandyklaryny gürrüň berdi.

“Harby bölümleriň içinde hususy dükanlaryň açylmagyna rugsat berdiler we esgerler indi şol dükanlarda bar bolan azyk önümlerinden satyn alyp, özbaşlaryna naharlanýarlar” diýip, aşgabatly ene aýtdy.

“Şu ýagdaý sebäpli her kim esger oglunyň yzyndan baryp, olara pul goýup gaýtmaga çalyşýar. Esger oglanlar bolsa, ol puly harby bölümiň içindäki dükan eýelerine berýärler we şol puluň hasabyna gündelik iýjek zatlaryny satyn alýarlar” – Azatlygyň söhbetdeşi gürrüňini dowam etdirdi.

Aýdylmagyna görä, dükan eýelerine beren puly gutaryp,gyssaga düşen esgerler ene-atalaryna hususy dükan eýeleriniň telefon nomerlerini iberip,şol nomere pul geçirmegi haýyş edýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen söhbetdeş bolan başga bir aşgabatly harby bölümlerdäki azyk ýetmezçiliginiň hem esgerler, hem olaryň ene-atalary üçin uly kynçylyklary döredýändigini aýtdy.

“Işsizlik, gazanç ýetmezçiligi sebäpli öz güzeranymyzy zordan aýlaýardyk. Indi mellekde ekin ekip, bazarda gök önüm satyp, gapydaky mallarymyzyň hasabyna esger oglumyzyň yzyndan gatnap, ony aç goýmazlyga çalyşýarys” diýip, obaly ýaşaýjy aýtdy.

Emma ýerli synçylar, suw ýetmezçiligi zerarly, obalardaky mellek ýerleriniň hem hemişe derde ýaramaýandygyny, bu hili ýagdaýa düşen ene-atalaryň ne ogullarynyň yzyndan gitmäge, ne pul ibermäge gurbunyň çatýandygyny aýdýarlar.

“Soňky ýyllarda mellekde gök ekmek ýa ozaldan gögerip oturan üzüm, alma, nar agaçlaryňy gurutman saklamak hem uly mesele boldy, sebäbi suw ilkinji nobatda gowça ekýänlere berilmeli we şondan soň melleklere goýberilýär” diýip, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan gelen daýhan Azatlyk radiosynyň habarçysyna aýtdy.

Ekspertler Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisini başdan geçirýändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý hökümetiň ilata berilýän sosial goldawy azaltmagyna, tebigy gaz, suw we elektrik togy üçin täze nyrhlaryň girizilmegine alyp geldi. Şol bir wagtda Halkara Walýuta fondunyň Türkmenistanda bolan ekspertleri golaýda döwlet inwestisiýalarynynyň ýene azaldylmagyny maslahat berdiler.

Emma muňa garamazdan, türkmen mediasy soňky ýyllarda Türkmenistanyň harbylarynyň durmyş-ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylýandygyny, täze ýaraglaryň satyn alynaýndygyny we döwlet baştutanynyň goranyş meselelerine aýratyn üns berýändigini habar berýär. Mysal üçin, prezident Berdimuhamedow 21-nji noýabrda Kopetdagyň etegindäki serhet galalarynyň birine baryp, serhetçileriň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Şeýle-de prezident naharhana hem-de aşhana baryp, esgerler üçin döredilen şertler bilen tanyşdy diýip, TDH ýazýar.

Çeşme: Azatlyk
Ahally99
  • 2
  • 100
  • 01/12/2017 03:26
  • 3 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Esgerlerin guni agyr yaly

Nowcha90

1 hepde ozal

Şuňa-da şukur etsin göziniň alynda oglyny parçalap gidýan ýok, haýsy döwletiň esgerleri biziňkije bara, iň gowy asuda döwletde gullyk edýaler
Azatlyk radiosynyň hem basyp bilmezi Tma boldy, başga dowletler gul ala gullikmika, barsynda afrika bir topar kesel, barsynda siriýa diňe öli Uryş atyşykda çapyşyk
Otyr diý şo Azatlyk radiosynyň işgarlerine
Elimizden gelýar gullykda bolandada aç däl, çasyň içinde dukan bar a ,hezil edip gaýtam gowy zatlar iýýar, gullykda wagty ejeleriniň gadyryny bilmekleri üçin gowy dami eýsem