Türkmenistanyň prezidenti Owganystana çenli demirýol çekilmegine badalga berdi (foto)

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli çekilmeli demir ýol ulgamynyň gurluşygyna badalga berdi.

Ýoluň bu bölegi Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna täzeden gurlar.

Prezidentiň gatnaşmagyndaky dabara ýygnananlaryň gözüniň öňünde owgan tarapynda demir ýol gurluşygyna başlajak gurluşykçylaryň münen otly wagonlary türkmen serhedinden, Serhetabatdan Owganystanyň Turgundy şäherine tarap ýola düşdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet baştutany otlyny ugradyp, demirýolçylar bilen duşuşdy.

Ýatladyp geçsek, 23-nji noýabrda Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça türkmen serhedindäki Serhetabatdan owgan nokady Turgunda çenli – jemi 13 kilometr aralykda infrastrukturany döretmek barada özara düşünişmek Ähtnamasyna Aşgabatda gol çekdiler.

https://tm.hronikatm.com/2017/11/turkmenistanyn-prezidenti-owganystana-cenli-demiryol-cekilmegine-badalga-berdi-foto/
Ahally99
  • 1
  • 56
  • 01/12/2017 02:03
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Nesip bolsa, 2 halka da peydaly bolar