2017-nji ýylda Türkmenistanda dermanlar 30% gymmatlady

2017-nji ýylda Türkmenistanyň dermanhanalarynda dermanlaryň bahalarynyň yzygiderli ýokarlanmagy dowam etdi. Dermanlaryň käbir görnüşleriniň bahalary 80-120% ýokarlandy, şol bir wagtda dermanlaryň käbiriniň bahasy üýtgewsiz galdy.

Dürli dermanhanalarda şol bir dermanlaryň bahalarynyň hem dürli-dürlidigini bellemek gerek. Şeýle-de, dermanlaryň bir topary wagtal-wagtal dermanhanalardan ýitirim bolýar we ýaşaýjylara olaryň analoglaryny teklip edýärler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” käbir dermanlaryň bahalaryndaky üýtgeşmeler barada dürli çeşmelerden maglumat toplady.

Wiroleks 20.00—32.00 ( 60% gymmatlady)

Gerbion (sirop) 26.00—26.00 (0%)

Ketonal 24.00—43.00 (80%)

Ledokoin 18.00—18.00 (0%)

Metoklopromid Arena 7.00—7.00 (0%)

Naklofen 18.00—20.00 (11%)

Panangin 27.00—38.00 (40%)

Seripan–D 15.00—33.00 (120%)

Tetrasiklin mazy 5.00—5.00 (0%)

Fosfalýugel 2.20—2.90 (32%)

Bellik: makalada bahalaryň 2017-nji ýylyň başyndan bärdäki ösüşi şöhlelendirildi. Ýöne, dermanlaryň bahalary 2016-njy ýylda hem gymmatlady.

Ýatladýarys, şu ýylyň noýabrynda ýurduň belli bir kategoriýadaky ýaşaýjylarynyň ýeňillikli bahadan satyp alyp bilýän dermanlarynyň sanawy 300-den 85-e çenli azaldyldy. Şeýle-de, medisina ätiýaýaçlandyrmasynyň bahasy 1-nji noýabrdan başlap, 50% ýokarlandy. Mundan başga-da, noýabrdan başlap diňe medisina ätiýaçlandyrmasy bolan raýatlar dermany 20-25% ýeňillik esasynda alyp bilýär.

https://tm.hronikatm.com/2017/11/2017-nji-yylda-turkmenistanda-dermanlar-30-gymmatlady/
Ahally99
  • 3
  • 91
  • 30/11/2017 02:00
  • 1 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Bu bahalar la Garrylar, Hassalar nadip dari-derman alarka?

Nowcha90

1 hepde ozal

Saglyk ätiýaçlandyrdyrmasy bolanlar 20-25% dälde 50% ýeňillik bilen derman alarlar,
Tölegleri 50% gymmatlanok, 2% tutylýan pul 3% tutym boldy,
Öň mugt reseptde düşýan dermanlaryň köpisi Saglyk ätiýaçlyk pasporty bilen hem alyp bolar ýaly, onyň sanawyna geçdi

Nowcha90

1 hepde ozal

@Ahally99 garrylar, Pensiýadan ätiýaçlyk pasportyna geçip biler,
Nasaglar bolsa mugt duşýanmi mugt galany hem ätiýaçlyk pasportyna geçip, alyp bilerler