Uzyn koynekler :)

Amerikadaky gyzlaryn/ayallaryn 90 % jalbar geyyaler. Indi size durli adamlaryn men uzyn koynek geyyanime reaksiyalaryny aydyp berjek.

1) Garry babalar, erkekler= hormat bilen seredyaler
2) Yash gyzlar= gulyaler
3) Kichijek gyzlar= hayran galyalar
4) Garry mamalar= hormat bilen seredyaler
5) Yash Ayallar(30-55 yashly)= biraz gorubilmezchilik bilen seredyan yaly :)
6) Yash oglanlar= hormat bilen seredyaler we belki menin hem ayallym sheyle uzyn koynek geyyerler diyip umyt edyaler. :)
Batyrgyz
  • 92
  • 8478
  • 11/11/2007 10:30
  • 1 minutda oka

shahyr

10 ýyl ozal

Niredäki reaksiýalar bular? Amerikadakymy? Türkmenistandaky adamlaryň berýän reaksiýasymy? Men gyz bolamda Türkmenistanyň jokrama yssysynda darajyk jynsy hiç geýmezdim. Diňe köýnek geýerdim.

Batyrgyz

10 ýyl ozal

Niredäki reaksiýalar bular?

Amerikadaky

serahsi

10 ýyl ozal

Edil hazir gozonume getiryanda uzyn koyneklije,mylayimja,agras basyp yoreyan turkmen gyzyny.Shol gyzy gormek uchin men bolyan yerimden mashynly 7 sagat yol yoremeli bolsa da gidip gorerdim :)

shahyr

10 ýyl ozal

Men kämahal ýewropadan gelen turistleri görýän şolaryň geýýän uzyn köýnekleri bar. Giň we uzyn we gaty ýönekeýden gelen gaty gelşikli. Edil şuwagtky türkmen gyzlarynyň köýnekleri ýaly dar we ýyrtmaçly däl.

serahsi

10 ýyl ozal

Dara dushundum de, ýyrtmach namay shahyr?

.x_xXx_x.

10 ýyl ozal

dar jinsi geyip ozune eziyet edenden gin koynek geyip hezşl edip şemallap gezmegi saylardym (elbetde gyz bolsam)
.x_xXx_x.

Batyrgyz

10 ýyl ozal

Shol gyzy gormek uchin men bolyan yerimden mashynly 7 sagat yol yoremeli bolsa da gidip gorerdim :)


senden on biri geldi sheydip we olincha sen bilen galaryn diydi .... :)

Harmandali

10 ýyl ozal

Uzun koynekleri menema gowy goryan. Batyrgyz sen anyrda turkmen kkoynek geyyanmi?! Sen turkmen yakaly koynekleri gowy goryanmi?! Men onema sana aydypdym bir material alda mana ugrat men yaka edip ibereyin sana son tikinchine tikdirersin. Kaka raz Taze yylyna sowgatjyk bolar!
Indi menem turkmen koynekleri owup yazaysammykam hawa owadan ozem birhili hemme yerin goragly yaly bolyan arkayyn yoreyan. Yone men hich hili jinsi, yubka ol zatlary geyyanlere erbet sozum yok. Men uchin esasy zady edep, adamkarchilik.

mylayym

10 ýyl ozal

Hey Harmandali manada sowgat etjek dalmay:)

mc_merw

10 ýyl ozal

Bir baýramçylyga serbiýaly joramy çagyrypdym. Öňden bäri türkmen gyzlaryny, geýimini öwemsoň, bir hem türkmen baýramy bolany üçin uzyn köýnek geýip gelipdi, gyzyl renkde :). Ýaman gowy gelişýädi. Şol gün başga gyzlaryň geýnişini gowy edip synladym. Hemmeler jeansli, arasynda ýubka geýýen bar ol hem sekretarlaňky ýalak dyzdan aşakda :). Aý garaz kampusda hemmleriň gözi bizde boldy. Türk gyzlary has hem haýran galyp seretýardy.

Lider

10 ýyl ozal

Turkmen.ilki bilen shu sozun gudratyna uns edin!Hachanda shol birki gezek ichinden gaytalanda yuregini buysanch gaplap alyar.
Turkmen sozunde buysanch,gayduwsyzlyk,edermenlik,batyrlyk,garadan gaytmazlyk,shol bir wagtyn ozunde hem mylayymlyk,dostlyk,hormat,hoshamaylyk agdyklyk etyar.hamana shu sozlerin hemmesini bir sozde jemlap Turkmen diyen sozi doredilen yaly!
Turkmen koynegi Turkmenlerin dovrebap durmyshda doreden in uly eseri.Ol koynek asyrlardan bari oz sheklini gorap shu gunki dovrebap kybaba geldi.Turkmenler yza galak millet daldigini akyllarynyn bardygyny shu 16 yyl ichinde dunya subut etdi.
Eger Turkmenler shu wagt beyleki Turkmen Ata babalarynyn doreden miraslaryny hem gunimizde dovrebap gornushe getirse Turkmen ady dunyade hasda gozellesherdi.
Mysal uchin Turkmen aydymlary.dovrbap ahende doredip bolsady onda Turkmenin sada halkynyn anynda beyleki halklaryn dushunjesi heni sazy yashamazdy.
Shu wagt her bir Turkmen Amerikan,Rus,Turk sazlarynyn henini hatda obada nan yapyp otyran gelin hem hinlenip yatdayn bilyar.
Name uchin Turkmen sazyny deryada balyk tutup otyran Ors,Yewropaly yada et gyzartyan dynch alysh(piknige)giden bir amerikanly et gyzartyaka hinlenmeli dal.Hatda sozlerini dushunmese de Turkmen sozlerini gaytalamaly dal!
Mysal uchin men talyp dashary yurtda.Oz sazlarymyz diyip yeke sazy hazirki zaman sazyny olara dinledip bilemok.
Yone Dashary yurtly talyp dostlarymdan biri Turkmen dilinin owadandygyny aydyp ogrenjekdigini mana beyan etdi.shu ol oglan Turkmen Dilini ogrenyar.
Biz ozumuze eye chyksak,Dunya Turkmene hayran galar!
Sagbolyn!
Ankara Universiteti.3 yyllygynyn talyby Lider nikli dostynyz!!2007

shahyr

10 ýyl ozal

Owadan türkmen köýnekleri lady görnüş berýä gyzlara eger renkini, aksesuarlaryny dogry getirip geýse. Oscar dabarasynda türkmenleriňkä meňzeş köýnekler geýip çykýalar.

el_mariachi

10 ýyl ozal

bizede şuwagt geymesede son geyjek türkmen gyz nesip etsin..diyaymesek menda gurbat galmady
tyolda yzda gabat gelmezmikaray:)

ocean

10 ýyl ozal

Gyzla turkmen Koynek geyseler yaman govy bolyar velin.................
Manlayymdan basgarak gornusu cykjak yaly bolup dur...........
Ay borlay Jinsi geyip yuze depip durmasalar bolar:)

diwana

10 ýyl ozal

ay oglanlar siz gyz dal, shon ucinem geplepan oturyn. dushunyan zadynyz barmy sizin? [shuny gyzlar diymaka men diyayin diydimlay gyzlaryn adyndan :)]

Amerikadaky gyzlaryn/ayallaryn 90 % jalbar geyyaler

Batyrgyz shu goterimi sen ozunden yazdynmy? dogrudanam sheylemi? ay onda gowylay, men olaryn 90%y jalwarsyz gezyarmika diyyadim.

diwana

10 ýyl ozal

el_mariachi we ocean, hany oglanlar umytdan dushman hany. hemme zat gowy bolar. :)

Turkmenler yza galak millet daldigini akyllarynyn bardygyny shu 16 yyl ichinde dunya subut etdi.

agam mysal bermesen-a dushunmedim men. men kop zada mysal berilende dushunyan, kellam kutelipdir yaman. igelemeli bolupdyr welin layyk ige-de tapdyranok, zannar. :)

Owadan türkmen köýnekleri lady görnüş berýä gyzlara eger renkini, aksesuarlaryny dogry getirip geýse.

shu dogry. biz erkeklerin gozune gora shon yaly.
birem kop gyzyn figurasy gowy dal. turkmen koynegi stilde koynekler shol tarapyny belli edenok, shondan gowy. bolmasa balak, dar koynek figuran sheklini doly gorkezenson birhili bolyar. men oz yanymdan dar balak geyen gyzlaryn kopusini bir zada menzedyan welin, aytmayin, gaty gorerler. :)
figurany yapmagy name ucin gerek? oglanlar ucin-a tapawudy yok welin ol gyzlar ucin mohum. gyz halky duygucyl bolyar. owadan boljak bolup, gorunjek bolup olup ocup baryan kop gyz bar. olar koplenc oglanlaryn gozune chekiji gorunmek isleyarler. oglanlarynam gozleri birinji bilen owadan,figuraly gyzlara dushenson, sheyle bolmayan gyzlar muny gabanyar we olaram bir zat edip owadan gorunmegin yoluny gozleyarler. ozune cekiji gyzlar balak, jeans geyyan bolsa olaram shony edyarler. stresli, kompleksi gyz kopdur gorseniz. sholaryn sebabi shular yaly yagdaylarmyka diyyan.
emma uzyn gingrak koynek gey, hemme kisha owadan gorunersin hemem oz icin rahat bolar. [psihologiyan duzgun bolar:)]

kaan28

10 ýyl ozal

salam,nehili men türkiyedenem menim adym aksen erkek im .seni tanımak isterem
a-mail askucuk@hotmail.com
cevap beklirem.gijeniz rahat

shahyr

10 ýyl ozal

salam,nehili men türkiyedenem menim adym aksen erkek im .seni tanımak isterem
kimi tanamak isleýäň? Bärde adam çoh! :-)

Batyrgyz

10 ýyl ozal


Batyrgyz shu goterimi sen ozunden yazdynmy? dogrudanam sheylemi? ay onda gowylay, men olaryn 90%y jalwarsyz gezyarmika diyyadim.


ha ha ha :)

ozumden yazdym. hich bir statistika garamadym. hazir dasha chykayyn we 10 gyzdan 9 jalbar geyyalar... sheydip 90% hasapladym.

Batyrgyz

10 ýyl ozal

harmandali minnetdarlyk bildiryan sana. gyshda oyde bolsam onda yanyna yaka uchin bararyn :)

yoklay, men turkmen koynegini barde geyemok. yone uzyn koynek ya-da uzyn yubka geyyan.

serahsi

10 ýyl ozal

yoklay, men turkmen koynegini barde geyemok. yone uzyn koynek ya-da uzyn yubka geyyan.
Batyrgyz

bah onurakden aytda edermengyz, menem 7 sagatlyk yoli okuwmy zadymy tashlap gitmek uchin tayyarlanyp yorun :(

korpe

10 ýyl ozal

gecen yyl maramarada turkmen koynekli, yakaly bir gyz gordum.... sol gun ozumi yitirayipdirin, tasdan masyn kakyady.
bu turkmen gyzlary turkmen koynek geyse aklyny alayyarey...


lider dostumyn yazanlaryna gosulyan, yaman gowy yazypsyn...

Harmandali

10 ýyl ozal

birem kop gyzyn figurasy gowy dal. turkmen koynegi stilde koynekler shol tarapyny belli edenok, shondan gowy. bolmasa balak, dar koynek figuran sheklini doly gorkezenson birhili bolyar. men oz yanymdan dar balak geyen gyzlaryn kopusini bir zada menzedyan welin, aytmayin, gaty gorerler. :)
figurany yapmagy name ucin gerek? oglanlar ucin-a tapawudy yok welin ol gyzlar ucin mohum. gyz halky duygucyl bolyar. owadan boljak bolup, gorunjek bolup olup ocup baryan kop gyz bar. olar koplenc oglanlaryn gozune chekiji gorunmek isleyarler. oglanlarynam gozleri birinji bilen owadan,figuraly gyzlara dushenson, sheyle bolmayan gyzlar muny gabanyar we olaram bir zat edip owadan gorunmegin yoluny gozleyarler. ozune cekiji gyzlar balak, jeans geyyan bolsa olaram shony edyarler. stresli, kompleksi gyz kopdur gorseniz. sholaryn sebabi shular yaly yagdaylarmyka diyyan.

Bay baaa sena gyzlan ichine girip chykypsyn oydyan olan niyetlerine chenli jikme-jik aydyp otyrsyn weli! Mana indi dineje shulan owezini dolaymak galypdyr.
Gyzlar bezenyan – dine oglanlar uchin
Gyzlar yashayan – dine oglanlar uchin
Gyzlar dar geyinya – dine oglanlar uchin
Gyzlar owadan bolmak isleya – dine oglanlar uchin
Gyzlar gorunjek bolya – dine oglanlara
Gyzlar gyzlar gyzlar ……
Gorsene gyzlan bar edyan zadynyn sebabi dine oglanlar bolup duray! Ay hawada gyzlan bashga name ishi bar, kellesinde bashga name bolsun, arzuw hyyallary oglan bolman kim bolsun! Gyzlan kellesinde “men adam bolayyn, ishlayin, ozume seredeyin, ozum uchin ejem-kakam, doganlam uchin yashayyn, enem-atamyn isleglerini amala ashyrayyn, durmushda oz ornumy tapayyn, okayyn bileyin, ….. “ diyen dushunjeler yoga olan bar kellesini “OGLANLAR” alypdyr.

Harmandali

10 ýyl ozal

Pahyrjyk olanlar indi size ine shun yaly gyzlar galdy. YOK umyt edibem otyrman bu dunyade idili gyz yok! Oni sony tapmarsynyz biderejik wagt yitireniniz galar. Size dine 2 wariant bar 1) Oylenman mujerret otmeli 2) Her namede bolsa nesilini dowam etmek uchin shol dereksiz gyzlara oylenmeli!
GYZ BOLUP DOGULANMA 1000 GEZEK SHUKUR EDYAN!!!

serahsi

10 ýyl ozal

hazir dasha chykayyn we 10 gyzdan 9 jalbar geyyalar... sheydip 90% hasapladym.
batyrgyz

ol galan biri jalbaram geyenok gerek:)

Batyrgyz

10 ýyl ozal

ol galan biri jalbaram geyenok gerek:)


ay sizlerde shonun yaly pikirler ...:)

shahyr

10 ýyl ozal

Pahyrjyk olanlar indi size ine shun yaly gyzlar galdy. YOK umyt edibem otyrman bu dunyade idili gyz yok!!

İdili gyz we idilsiz gyz näme görä bölýäň? Köýnek bilen jalbarmy? Meniň söýgülimä başda jalbar geýýä soňam üstünden köýnek geýýä (panjabi) muňa näme diýersiňiz? Super idilli bolýamy :-) ?
Käbir gyzlar jalbar soňam üstünden kelteräk ýokardan aşaga bir zat geýýäler dyzyna çenli gowy gelişýär gyzlara meniň gözümçe.

diwana

10 ýyl ozal

shahyr dogry aydyan, sholam yaman gowy gelishyar.

Bay baaa sena gyzlan ichine girip chykypsyn oydyan olan niyetlerine chenli jikme-jik aydyp otyrsyn weli! Mana indi dineje shulan owezini dolaymak galypdyr.

ay saola. owezini dolanyn gowy boldy, yogsam men entegem az bilyan ekenim. indi olaram goz onunde tutarys. :)

GYZ BOLUP DOGULANMA 1000 GEZEK SHUKUR EDYAN!!!
Harmandali |

edip boljak ing gowy zady edyang. bashga hili bolsa bolmazdy. hakykata baksan gyzlygyna shukur etmeyan gyz yokdur. sebabi gyz bolup dogulan adam gyzlykdan bashga zady gormani ucin ondan bashgasynam islap bilmez, dogry goz onune getirip bilmez. shol sebapli gyz bolup ondan zeyrenyan biri bar bolsa onun bir seryoznyy problemasy bar diymekdir. menem erkekligime shukur edyan, azyndan shonca. :)

Feya

10 ýyl ozal

bayboo dine gyzlar gyzlar bolupdyra

bolyar oglanlar barada name onda? dyzlaryndan yokaryk edip shortik geyyarler name shol size gelishyandir oydyanizmi? bolyar oyunde geyibersin yone dashary kochede bir sheyle gezmeleri name? ullakan oglanlar ayaklaryny dyzlaryny gorkezip gezip yorler.

mylayym

10 ýyl ozal

yene mayka-da bar yukaja olam beyle kan geliship duranok

Harmandali

10 ýyl ozal

İdili gyz we idilsiz gyz näme görä bölýäň? Köýnek bilen jalbarmy?

Shahyr aga shulary sheydip bolyan menmi ya siz oglanlar?! Men uchin gyzyn idili idili daldigi onun eshiginde dal-de onun ahlagynda, edep-terbiyesinde, asyllylygynda, namysjanlygynda. Sizin pikir edyan materialny zatlarynyzda dal!
Yokardaky yazanlarymy bolsa men sizin pikirinize gora yazdym! Ozuma hich wagydam beyle pikir edemok! Yadynyza dushenokmy onki talyplarda shu temada Diwana bilen dik otyryp spor edipdim indi bolsa yadadym, yaltanyan sebabi aylanyp-aylanyp yene-de shol pikirine gelya. Shonda siz aydaymadynyz “menem halashyan gyzym tm koynek geyenok yone gul yaly gyz” diyip men yekeje ozum jinsi geyip hem edebini saklayan gyzlar hakda aytdym yogsam ozum shony geyemogam!
Turkmen koynekli tema bolsa internetda in bir meshgur hich wagt modadan galmajak tema bolup galdy oydyan.

Harmandali

10 ýyl ozal

Diwana onem aytdym gyzlar bir zat etse hokman oglana gorunmek uchin edenok diyip weli gaytalap yene-de shey diyyan! Ozun pikir edip goraymela biraz sen ozun magazina gidip eshik alan wagtyn “men shuny alsam gyzlara gorunip bilern” diyen niyet pikir bilen alyanmy?! Sen eshigi alanda, geyeninde oz gownune yarayany uchin alyp geyyansina! Onda name uchin gyzlarda hem shol niyet, pikir bolmasyn?! Ya biz gyzlar oglanlardan has erbetmi, sheytanmy, yenilkellemi, samsykmy… Sen hemishe shu tema gelsek “gyzlar oglanlara gorunjek bolya” diyyan weli janym yanayya.
Diwana gaty gorme weli yone kop diyyanin bilyanmi nireden gelip chykya sen ya yene bashgalan munkur pikirlerinden gelip chykya sheylelikde bolsa olar kop bolup galya. Belkide sen menem dashymdan gorsen menem shol kopchuligin hataryna goshardyn dogry bolardymy son shol?! Arkayyn aydyp biljek yalnysh bolardy sebabi mende hich wagydam onyn yaly niyet yok. Belki shol sen gorunjek bolya diyyan gyzynda hem asla beyle niyet yokdyr a sen yone yerden gunasini goteryan.
Men yazmayynam diyyan shu temada sebabi hemishe godek yazyan gownunize alman!

Harmandali

10 ýyl ozal

Yone shu yerde turkmen koynek geyyanleri gowy goryaninize begendim. Ona buysanyandygynyza. Sebabi TM oz ichinde muna kan bir uns berilip duranok esasan hem oglanlar olar uchin gyzyn tm koynek geyyani geymeyani 1 kopuk. Belki siz dashynda bolannyzson tm koynek size has yakymly gelyandir bardakiler bolsa has kop sowrymenny gyzlara uns beryaler.

ol galan biri jalbaram geyenok gerek:)

Hehe tapyanay senem shun yaly zady :)))

Harmandali

10 ýyl ozal

Hey Harmandali manada sowgat etjek dalmay:)

Jan jora geregin yaka bolsun gurruni bolmaz! Yone Jenap Annan toyundan onurajik getirersinda bolmasa ol gunler men on gelinliginin koynegi bilen elim degmez :)))

mylayym

10 ýyl ozal

wi men jenap annan toyyna dikinjek koynegimi berjekdima onda elin degmezmi way Jenap Anna gelnin bir koynegini otkaz etde goybersene:))) yok dami barde anna

Harmandali

10 ýyl ozal

Ay ony sen Annadan hayysh edaymesen men birinji ona soz beripdimda indi sozumde durmasak bolmaz. Wiy yada ona shol gyz bilen tanshdyr diy son on gulagyna depers :))

mylayym

10 ýyl ozal

sen tanyshdyrjak diymedinmay ony ol gyz bilen;( ya ozi tapypdyrmy

Harmandali

10 ýyl ozal

Ay ozi tapypdyr son biz gudachylyga gitdigarow uyship yadyna dushenokmay?! Indi ana toy sahedem belli 11.11.11 yene-de 4 yyldan. SHona chenli gelin bilen oglan urshmasa bolya. :)))

ocean

10 ýyl ozal

Harmandali Diwana bunu yaly gaharlanmnyza gerek yok.Sebabi diwananyn aytyan zatlarynyda yalandan dogry kop.

mc_merw

10 ýyl ozal

gudaçylyk diýseler bir hilek bolýan...
hany ertire çykaýyn netijesini ýazaryn...

mylayym

10 ýyl ozal

wi mc_merw name birine gudacylyga iberdinmi hacan toy

mc_merw

10 ýyl ozal

inşalla fewralda toý.
Kakam, daýzam, birem gyz jigim üçüsi şu agşam gitýaler, başyna ýaglyk daňyp gaýtýalar.
Aramyzda prikol tutuşýas agşam barýalar diýip, nämede bolsa prosedura şeýle, edäýmeli.

el_mariachi

10 ýyl ozal

tüweleme harmandali gaty zakaz kan alyanlay...mana işlemegem gerek dal ekeni:):):):):):):)

kaan28

10 ýyl ozal

salam,nehili men türkiyedenem menim adym aksen erkek im . batyrqyz seni tanımak isterem
a-mail askucuk@hotmail.com
cevap beklirem.gijeniz rahat

null

diwana

10 ýyl ozal

mc_merw, dost ong bolsun how, tuweleme. batly bol :)

Harmandali Diwana bunu yaly gaharlanmnyza gerek yok.Sebabi diwananyn aytyan zatlarynyda yalandan dogry kop.ocean

yalanlary gorkezseniz begenerin. sonam degmesenay, men eyyam yza adim atdim, harmandali onki gezek dik oturyp spor eden eken, indi ish bermayin. :)
harmandali men hemme gyzlar ucin diymedim, umuman aytdym, gyz jemagatyna dashyndan seredende sheyle gorunyar, oglan gozi bilen. elbetde hemme kishi beyle dal, onda-da turkmen gyzlary beyle dal. sebabi entek bizde turkmen koynek geyilyar. men barde goryanlerime gora diydim.
men barde goryan zatlarymdan bir bolek aydayin bolmasa. yene mendigime ynanman bilersin bulary yazanyn, yone aytmak wajyp boldy aydayin. shulary yazmakdan keyp alamok, bagyshlarsynyz-da. barde, univde okayan gyzlar koplenc jinsi geyyaler. gelishyane gelishyar yone tokgajalaram geyyar. ay bul-a eyyam normalny zat, herkimin gozi owrenishen, geyenem herkim geyenson ozi ucin geyyan yaly gorunip biler. yone jinsin ustunden geyyan koynekleri dar we gysga. esasanam gysgalygyny bilip saylayandyrlar, bilman etjek zatlary barmy gyzlaryn. kop bilyaler, yone bilmedik bolup rol oynayarlar, onam koplenc onaranoklar. :) tema dolanyp gelsek, shol koynekleri gyzlar oturanda ya egilende bagyshlan welin icki geyimleri gorunyar. ya-da arkasy acylyar. ozem ne beyle onune gelip oturanda, ya-da kopculikde-de shony edyaler. ozlerem bilmediksireyan yaly hereket edyaler, son kawagtam birden bilensiran bolup koyneklerini ashak ceken bolyalar, zorluk bilen suyndurip. o bolsa yene yokaryk galyar. hemmesini bilip edyaler. name shularam ozleri ucin edyalermi? dogrudyr, elbetde ozleri ucin, gowunlerine yarayandyr yone motiwasiyany nireden alyalar? oglanlaryn bakyshlaryndan.
indi shu yagday tokgaja gyzlar ucinem sheyle. iller edya menem etjek, ilden galarynmy men, niram kem illerden. :)
bagyshlan, bu zatlary kopiniz goryansinizdir, bular ucin dykdatly bakysh gerek dal, gozune ilyar islesen islemesen.
elbetde hemme gyzlar beyle dal.

Batyrgyz

10 ýyl ozal

salam,nehili men türkiyedenem menim adym aksen erkek im . batyrqyz seni tanımak isterem
a-mail askucuk@hotmail.com
cevap beklirem.gijeniz rahat


İstediğin gibi yap.. :-)

shahyr

10 ýyl ozal

batyrqyz seni tanımak isterem
Batyrgyz uzyn köýnek geýýän diýdiň welin eýýäm hyrydar tapyldy :-). Muny durmuşa çykasy gelýän gyzlara maslahat bejek onda men. Saýtlara girip men uzyn köýnek geýýän diýip ýazyň 2 gün içinde jogap geler diýip :-)

Harmandali

10 ýyl ozal

A name men aydyanlarymda hakykat yokmy?!
Ine-da aytmasama oz aydanlarynyza dogrydyr oydyaniz aytsam bolsa gaty goryaniz! Bolya gozel gownuniz nahili pikir etseniz sheydin mena jogap bermek islegim yok okasymam gelenok shun yaly zatlary!

ocean

10 ýyl ozal

HARMANDALİ GATY GORMEGNİZE GEREK YOK.Biz size veya sizin joralanyza diyemizok.Yone men hazir oz dusunjelerimi aydyp bereyin.
Gunumuzde gynansakda yas oglan gyzlaryn arasyndaki kabir dusunjeler uytgedi meselm.Su vagt ogalanlarin kopisi ovadan gorunen,figuraly,kraskalja,kopirak gepleyan gyzlara goz gyzdyryalar.A yone yuvasja,onat geynilgije,agras gyzlara seredenoklar.ha namemisin onun yaly gyzlar kop bilyaler arkayin geplesip bolanok,islan vagtyn sividanya cykanok,oglanlara akyl beryaler.(ve herkimde bolusu yaly kabir edilen yalnyslykalryny yuzlerine aytmalaryny islanoklar.)a krasgalyja gyzlarda onun yaly gepi yokmus.seylelik bilenem krsagalja,yirtik koyneklije gyzlar oglanlaryn unsini jekyar ve (iclerinden kabir gyzlar plani jemalin ustunde palny Geldi bilen plany Myrat olusup ugrsupyorler.name men Planyjemalja yokmu.bar ondan artygragam yone name bir azajik uytgemeli ve gynansakda depesinden 2 kilo karaskany goyberip yirtik koynek geymana baslayalar.)Yone bu yol nira cenli bunu dusunenoklar.ve bunu yaly gyzlara yaman gynanyan.....Onatja geyinip Gyzylgul yaly bolmalary halyna beyle edyaler.İne biz sunu yaly gyzlara aydyarys.

diwana

10 ýyl ozal

harmandali sen aydyanlaryna yalnsyh dıyemok. men yene yalnyshdym boyun alayyn. umumylashdyrdym yalnyshyp. nabileyin yashap, okap yoren yerlerimiz sheyle bolanson tasir edyar, shol yerin yagdayyna gora pikir edip bashlayas belli bir wagt son. shundan onki yazan yazgymam iberemson, son pikir etdim, yazmaly daldim diyip. biderek mysallar berdim, onda-da shu yerde siz yaly turkmen koynekli gezyan turkmen gyzlary barka adamlaryn kellesini bulashdyrmaly daldim. bagyshlan shun ucin. turkmen gyzlary olar yaly daldir. sebabi olar sheyle-de turkmen koynek yagny yapyk eshik geyyaler. onun renkini ya yakasyny ya-da bashga hillerini elbetde oz gowunleri ucin saylayandyrlar.
emma barde bolsa bar shol zatlar. hemem anyry dereje, adaty hasaplanyar. birhili yasamalyk,shu yalanlar koplerin gownune yarayar, sheyle yashayalar ses chykarman. elbetde barde-de hemme gyzlar beyle dal, esasan pikirleri yewropada yayran \"erkinlik(?)\" yaly pikirlere eye bolanlaryn arasynda sheyle. barde-de olar yalylar kopculik.

Harmandali

10 ýyl ozal

Yokla hemme zat OK gaty goremok men! Siz gaty gormeseniz shol mana besdir :))
Yone bir goshgyjyk yazjak

Ile baha kesmezden on
Her kishi
Ilki oz-ozune
Baha bersin!!
Gozler
Ine, shu gara gozler
Dine dashyny dal
Oz ichinem gorsun!!

diwana

10 ýyl ozal

men yone shuny pikir edyan. gyzlarda umuman alanda tebigy ozlerini gorkezme islegi bar. hemmesinin tebigatynda bar, ozune gowni yeten arkayin, gowni yetmeyanem derejesine gora dertli, stresli bolyar. bu yagday gyzlar pikir etmese-de bar. gyzlar muny kabul edermi etmezmi biljekdal, yone mana hakykat sheyle gorunyar. men pikrimce gyzlar hakykatcyl bolsalar kabul etmeli, yone akyl bilen beyle zatlaryn hotdesinden gelmeli, yenmeli shon yaly dushunjeleri/dushunjesizlikleri diymeli. jogapkarcilik, yigitlik hasiyetleri bilen yenmeli diymeli. emma ejiz taraplarydygynam kabul etmeli. ya yalnyshyanmy? umuman alanda gyzlarda sheyle meyil (inclination) yokmy?

diwana

10 ýyl ozal

duhsunmedim kimin gozleri, sen gozlerinmi? :)
yoklay men gaty gormerin, men-a siz gaty gorersiniz diyip cekindim. gormeseniz dowam edip bileris spora :)

Harmandali

10 ýyl ozal

Diwana yalnyshyan diysen ynanayjakmy?!
Mn bilemok sen name uchin beyle netije chykaryandygyny ya sana dushan gyzlar sheylemi namemi?! Eger sheyle bolsa sen onda dine olardan nalynsan yerlikli bolardy.
Ozum hakda hemem kabir tanshlam hakda aydayyn hich hili onun yaly niyet yok men uchin ilki bilen oz gownumden turmak wajyp. Ine shul eshik moda ekeni diyip geyemok sebabi ol eshikde mana rahat bolmasa men geyip bilemok. Son men beyleki gyzlar hem sheyledir oydyan.
Sen gorunjek bolya diyenin name sebap boldy?! Nadip ol netija geldin?! Gyzlan dar geyinyanimi achyk geyinyanimi?!

Harmandali

10 ýyl ozal

Men adamlan psihologiyasyndan bashym chykanok yalnyshmasam Akgul kop okayady psihologiyany shondan sorap goraymesen! Men dineje oz pikirimi aydyan!
Yone name uchindir bize illeri sudit etmek has ansat oydyan. Beyle zatlar diyman birden oz onunizden chyksa natjek. Olar hem Allamyn yaradan ynsanlary olara dil yetirmage hakynyz yok!!

Harmandali

10 ýyl ozal

Gunumuzde gynansakda yas oglan gyzlaryn arasyndaki kabir dusunjeler uytgedi meselm.Su vagt ogalanlarin kopisi ovadan gorunen,figuraly,kraskalja,kopirak gepleyan gyzlara goz gyzdyryalar.A yone yuvasja,onat geynilgije,agras gyzlara seredenoklar.

Shu son sizin problemanyzmy ya gyzlan! Goryanizmi ozuniz aydyp otyrsynyz belki siz sebapli gyzlar sheydyandir. Onda gunani ozunizden gozleseniz nader?!
Dogry aydyan oglanlara ilki bilen dashy gyzyklandyrya ol gyzyn yuregi bilen bolsa ishleri yok bu bolsa adalatsyz. SHol zerarly ne gozel gyzlar oz bagtyny tapyp bilman otyryalar.

Harmandali

10 ýyl ozal

Onatja geyinip Gyzylgul yaly bolmalary halyna beyle edyaler.İne biz sunu yaly gyzlara aydyarys.

Eshik meselesi oglanlanky hem isili dalle! Olar hem wejera gelshmeyan gereksiz eshikleri geyyaler yone biz olary her sozumizde aydyp duramyzok.

Harmandali

10 ýyl ozal

shundan onki yazan yazgymam iberemson, son pikir etdim, yazmaly daldim diyip. biderek mysallar berdim, onda-da shu yerde siz yaly turkmen koynekli gezyan turkmen gyzlary barka adamlaryn kellesini bulashdyrmaly daldim. bagyshlan shun ucin. turkmen gyzlary olar yaly daldir.

Yok yazyanyn gowy bolmasa barde gurrun etmage adamam yoklay :))) Yone kawagtjyk bira gyzlary owunema hemmesi sizin pikir edishiniz yaly dal ahyry. Omur nirini achyan weli gyzlary dowup yazyanyz son men nahili reaksiya edeyin menem gyza. Son pikir edyan birden men hakda hem sheyle pikir edyan bolsalar diyyan. Gynanardym.
Men ozum dine tm koynek geyyan yone her hilisini geyyan dar, gin, yeni uzyn, gysga yagdaya gora.

Harmandali

10 ýyl ozal

duhsunmedim kimin gozleri, sen gozlerinmi? :)

Her kimin oz gozi ozuni gorsun diydim :))
Ay bolyada shu temany ozum doldyrdym :))

diwana

10 ýyl ozal

men dil yetiremok how. ylmy tarapdan sereden bolyan (psihologiya) :). sen onda shuwagtky dunanin gidishini nama baglayan? gyzlaryn gitdigice oz -ozunden acyk geyinmage bashlamagyny nama baglayan? emma acyk geyinip yorka oz-ozunden yapyk geyinip bashlayan gyzy welin gormersin. hokman bir itiji sebap bardyr shony etmage. emma achylmaga bolsa sebap gerek dal. dine \"men oz islegim, hickim goshulmasyn, rahatlygym\"dan bashga sebap yokdur.

Sen gorunjek bolya diyenin name sebap boldy?! Nadip ol netija geldin?! Gyzlan dar geyinyanimi achyk geyinyanimi?!

oz bashlaryna goyup \"name etsen shony et\" diylende olaryn acyk geyinip bashlayandyklary. isleglerinin dine sho tarapa cekmegi.

diwana

10 ýyl ozal

men gyzlarda bar diyyan. oglanlarda-da menzesh yagdaylar yok dal. nebis her adamda bar, gyz jemagatynda birhili, oglan jemagatynda birhili tasiri bolup biler. gaty chunnur yazasym gelenok temada, shu yeterlik bolsun. edil suwun pesi tapyshy yaly, adamam sheyle akylly bolmasa, pese tarap gidyar. yone shol akly ulanmaly, erki ulanmaly, hereketleri olcemeli.

Harmandali

10 ýyl ozal

emma acyk geyinip yorka oz-ozunden yapyk geyinip bashlayan gyzy welin gormersin.


Shujagaz yerde yalnyshdyn! Achyk geyinip yoren gyz baryp yatan molla yaynyp gezyanlerinden 2 sanysyny tanayan. Wiy yok ondanam kop yone sholan 2 men joram. Olar yslama girenlerinden son kop zada dushunip yapynyalar.
sen onda shuwagtky dunanin gidishini nama baglayan? gyzlaryn gitdigice oz -ozunden acyk geyinmage bashlamagyny nama baglayan?

Dowure baglayan! Adam shol bir durkyna durmaya dowur hem uytgeya dowure gora hem adam uytgeya. Achyk geyinmegi belki bilemok yone men oz pikirimi aytdym. Belki isleglerine baglydyr, ya shol eshikleri gowy goryandir arasynda sen diyyanin hem bardyr yone hemmesi beyle dal.

diwana

10 ýyl ozal

Yone name uchindir bize illeri sudit etmek has ansat oydyan.

hawa, yone men barde gyzlar hakda yazdym, yone bu dine gyzlar beyle diydigim dal. aydyshym yaly erkeklerinem ejiz taraplary bar. birem men dine dasharyk seredip, gozumi gorenlerine gora diyemok. icimdaki terezide ocap son diyyan, sheyle etmage chalyyshyan azyndan. yalnysh olceyan bolup bilerin. terezim \"byrak\", uytgap dur. :)

Harmandali

10 ýyl ozal

Dowur beyle daldir diyjegini bilyan weli yone dowur indi sheylerak boldy gitdigiche one gidya.

Men oz gatnashyan gyzlaryma gora aydyan! Adamlan dashyndan seredip olara baha kesesim gelenok.

diwana

10 ýyl ozal

Shujagaz yerde yalnyshdyn! Achyk geyinip yoren gyz baryp yatan molla yaynyp gezyanlerinden 2 sanysyny tanayan. Wiy yok ondanam kop yone sholan 2 men joram. Olar yslama girenlerinden son kop zada dushunip yapynyalar.

gordunmi? yslam bir itiji sebap. yslam bolmadyk bolsa shol gyzlary yapjak bir zat barmy?

Harmandali

10 ýyl ozal

Belki bolardy durmusha chykanlaryndan son! Ya yenede bir zatlar belki men gundeki olara takal okamagym :)))
Durmusha chykandan son hemme gyzlaram asyllyja bolyara

diwana

10 ýyl ozal

dowur sheyle diyyang, nahili sen ozun aytsana shony? men bilemok shony, gyzyklandym :)

Harmandali

10 ýyl ozal

Kerim agan dowur sheyle diyen goshgysy bolmaly shonda bardy. Ertir yazarn okap gorayersin gaty gowy. Dowur shey diyya \"meni uytgedyan hem adam ogly diyya darak berdim yone 4 orumni kes diymedim diyya\" ay bu oz sozumi ochurdigim bolya :))

el_mariachi

10 ýyl ozal

Durmusha chykandan son hemme gyzlaram asyllyja bolyara
...................
esasy mesele çykmaka asylly bolmagy çykandan son asylly boljak bolsa bolman geçsin

cendrillon

10 ýyl ozal

asyllylygyn kriteriyalaryny sanap berseniz...
gyz nahili bolanda,name edende asylly bolya?

Harmandali

10 ýyl ozal

esasy mesele çykmaka asylly bolmagy çykandan son asylly boljak bolsa bolman geçsin

Chykmaka asylly dal diyyan yoga shu wagt?! Men yalnysh diyipdirn asylly dalde adamsynyn diyeni bilen bolyalar diyjekdim gyssagda yazypdyrn.

el_mariachi

10 ýyl ozal

Chykmaka asylly dal diyyan yoga shu wagt?!


bolya how urmasan boloya
gaharlanma
sonky döwrün gyzlara depanede berjek
:D

Batyrgyz

10 ýyl ozal

olar koplenc oglanlaryn gozune chekiji gorunmek isleyarler. oglanlarynam gozleri birinji bilen owadan,figuraly gyzlara dushenson,

mena ozum uchin geyinyan, eger geyinsem. bashga gyzlarynam kopusi ozleri uchin geyyinyaler.

sheyle bolmayan gyzlar muny gabanyar we olaram bir zat edip owadan gorunmegin yoluny gozleyarler


dogry aydyan. yone kim gunaker beyle \"figurasyz\" bolup dogulanyna? ya-da kim gunaker eger sen \"figurasyz\" bolsan we sana kop oglanlar seretmeseler? ikinji problema oglanlaryn ozleri gunaker! sebabi oglanlar koplench gyzyn figurasyna seredyarler a on adamkarchiligine dalde. sheydip \"figurasyz\" gyzam son ozini birine tanatdyrjak bolup pahyr bir zatlar edyar...meselem dar jalbar geyyar(yone hemmesi dal) hemme gyzlar oglanlar uchin jalbar geyynoklara! geyselerem ol ozlerinin karary.

men yone sizlere gorkezjekdim nahili bu owadan uzyn koynek geymek, dine. a kime ony geymek galdy ozleri bilerler..

muslimah

8 ýyl ozal

turkmen koynekleri ,owadan ozem birhili hemme yerin goragly yaly bolyan arkayyn yoreyan.
Harmandali | 2007-11-12 09:12:44

menem ozumi uzyn ging yapyk koynekde edil sheyle duyyan,dogry we yerlikli aydylan sozler

Men kämahal ýewropadan gelen turistleri görýän şolaryň geýýän uzyn köýnekleri bar. Giň we uzyn we gaty ýönekeýden gelen gaty gelşikli. Edil şuwagtky türkmen gyzlarynyň köýnekleri ýaly dar we ýyrtmaçly däl.
shahyr | 2007-11-11 10:41:42

howa,gynansakda bizing turkmen gyzlarymyzyng hazirki geyyan koyneklerine "turkmen koynegi" diymane dilim baranok,ol koynekleri sheyle bir daraldypdyrlar we yengam yok diyen yaly tomus gelayse,ol kabir gyzlaryng geyyan turkmen koyneklerini gorende:ol jalbar we ustune bir zatlar geyse has gingrak we asyllylyrak gornerdi diyip pikir edyan :(

Bayram-Jm

8 ýyl ozal

Muslimah! Men 25-nji maýda 33-nji mekdebimiziñ soñky jañynda boldum. Düýn öýtýän. Gyzlaryñ köýnekleri üýtgäp gidipdir. Mekdep formalaram daraldypdyrlar.
Biziñ okan döwürlerimiz gowudy.

muslimah

8 ýyl ozal

^ol formalary mekdepdakiler daraldanokda,gyzlaryng ozi daraltyar
oylanma,ol ajiga paket diydiging name?

Bayram-Jm

8 ýyl ozal

Menem bilýän gyzlaryñ öziniñ daraltýanyny. Menem shony diýjek boldum.

muslimah

8 ýyl ozal

hehe,indi dushundim,biz onga ajiga dalde ajika diyyas,shonga bashda dushunmandirin,yone dogurdanam mengzeyarey :) hehe,sizem gep tapyangyzay

Bayram-Jm

8 ýyl ozal

Hää... Adzhika paket. :).
Muslimah! Nätdiñeý muny. Gök bazarda koreýler satýara. :)

Bayram-Jm

8 ýyl ozal

Hää... Adzhika paket. :).
Muslimah! Nätdiñeý muny. Gök bazarda koreýler satýara. :)

muslimah

8 ýyl ozal

howa,indi yadyma dushdi :)

hakykat1

8 ýyl ozal

geyinsa na achyk achyk geyionsin welin yone bize yakanok ,yene shu uzyn koynege geljegi yokdur,az galdy olam yiter mamalaram keltesini geyer tizden

ihlasxs

8 ýyl ozal

hakikat1 mena beyle pikir edemok!turkmen yuz yillar saklapdir dapdir dessuri yenede saklar!Inshalla!

hakykat1

8 ýyl ozal

ay gorersin hazir obalarda koyneklere chyzyk chyzdylar son biliber shaherdakileram aydybam oturmaly.

ihlasxs

8 ýyl ozal

turkmenistana 2 yildan bari barip gormanson kop bilgim yok. yenede umit bilen seretyan ve ahlakli turkmen gizlarini goresim gelyarda.
yone dogrisi bashga hili geyinyanleri yanlish diyemok.edebini yapip gezse bolyar.
kawagt oz gozumizede yakimli gelayar:)

dereksiz

8 ýyl ozal

amerikadaky reaksiya bn tkmlerdaki reaksiya bir eken shu wagt uzyn koynek ya kellande yalyk bolsa seni totam hasap edyaler.....

magic

8 ýyl ozal

uzun köynek giyyanler garşy menin hormatym bar. ayrica artı sempatim.

asylly

8 ýyl ozal

aý totam gyzlara döneýin!




totam diymek nama diymega?

asylly

8 ýyl ozal

totam sozi turkmen sozimi we name many beryar.

ya taze chykan sozmi?

muslimah

8 ýyl ozal

totam diymek,asha dini yaly manyny berya oydyan,gynansakda dini adamlara totam diyyaler,molla yaly bir aydylan sozung manysy

Yuska007

8 ýyl ozal

batyrgyz - molodes,, sen yaly gyzlara guwanyan.. Aslynda bu zatlar musulmanchylykda bara,, a bu dinde hichbir zat prosto tak aydylanok.. Uzyn koynek gyzlary dineje asylly gorkezman eysem adamyn yetmezchiliklerini yapyar, hemde has owadan gorkezyar... Sen ozin US -da bolsan goryansin chto gyshyk ayaklary bilenem mini-yubka geyship yorenler dolydyr..

Adybeg

8 ýyl ozal


Türkmeni dost tutyn
Amerikaly bilen tanysh,
"jinsiň" içinde gözleme durmysh
köplük bilen uzyn köynek geyip git


natya oylanma ?