Türkmenistanyň prezidenti Mary welaýatynyň ösüşinden nägilelik bildirip, welaýat häkimini täzeledi

28-nji noýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna baryp, ol ýerde iş maslahatyny geçirdi.

“Soňky ýyllarda Mary welaýatynda hem ähli ugurlar boýunça gowy netijeler gazanyldy“ diýip, prezident kanagatlanma bilen belledi. Emma, welaýaty ösdürmekde, hususan-da oba hojalygy pudagynda kemçilikler hem bar” – diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

“Şu ýyl Mary welaýaty bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetirip bilmedi. Häzire çenli welaýatyň 3 etrabynda pagta taýýarlamak boýunça meýilnama berjaý edilmedi. Gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýygnap almak işleri ýaramaz guralýar, gant şugundyryny ýygnamak işleri-de talabalaýyk alnyp barylmaýar, bular welaýatda guramaçylyk işleriniň pesdigini görkezýär” – diýip, döwlet baştutany aýtdy.

Obalary özgertmekde bellenen wezipeleri ýerine ýetirmekde hem haýal-ýagallyga ýol berilýändigi kemçilikleriň hatarynda görkezildi. Welaýatda ilatly ýerler arassa agyz suwy, täze berlen mellek ýerleri, tebigy gaz, elektrik togy bilen doly üpjün edilmeýär. Etraplarda, oba ýerlerinde köprüleri gurmak we abatlamak, olaryň durkuny täzelemek boýunça netijeli işler alnyp barylmaýar. Içerki ýollaryň ýagdaýy hem ýaramaz.

Prezident kemçilikler üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem jogapkärçilik çekýändigini aýratyn belledi. Olar welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplarynyň häkimleri bilen bilelikde, işleri talabalaýyk guramaýarlar. Şu sebäpdenem, şeýle kemçiliklere ýol berilýär. Netijede, ilatyň derwaýys meseleleri wagtynda çözülmeýär.

Döwlet baştutany Mary welaýatynyň häkimi Bäşim Annagurbanowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy, Mary welaýatynyň häkimi wezipesine Döwranberdi Annaberdiýewi belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Şeýle-de prezident işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin M.Gulamowy Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy. Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine Mary şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Toýly Kakajanow bellenildi.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti ýurduň welaýatlaryna saparlaryny dowam etdirýär. Mundan öň ol Lebap welaýaynda bolup, korrupsiýada aýyplanan birnäçe resmini wezipesinden boşatdy we ilatly ýerlere Saparmyrat Nyýazowyň hormatyna dakylan atlary aýryp, taryhy ýer atlaryny dikeltdi.

https://tm.hronikatm.com/2017/11/turkmenistanyn-prezidenti-mary-welayatynyn-osusinden-nagilelik-bildirip-welayat-hakimini-tazeledi/
Ahally99
  • 1
  • 57
  • 30/11/2017 01:53
  • 2 minutda oka

Ahally99

1 hepde ozal

Indi nobat Daşoguz, Balkanly emeldarlaryn kymy?