Aşyk men

Ýylgyranda, müñ gözele taý gelýän,
Güleninde, çyn ýüreginden gülýän,
Seredende, ýürejigimi dilýän,
Şol bakanja gözleriñe aşyk men.

Edep-terbiýesine haýran men, haýran,
Seni wasp etmäge bilbilem saýrar,
Bolsagam ara daş, ikimiz aýra,
"Ýok, ýok" diýen, sözleriñe aşyk men.

Bar meňzeş periler, meňzeş gözeller,
Saňa meňzeş şo-ol bagdaky güller,
Baksamam olara, gabanma, dilber,
Barybir, hut özüñe aşyk men!

Iş edende gyzyl güldür elleri,
Gürleýişi, wahh...jan alyjy dilleri...
Çekemde özüme, diýip: "Gel bäri",
Gaçyp giden yzlaryňa aşyk men.

Han-ha gelýäň, uz basypjyk ýodadan,
Saňa bakan mahrum bolar dideden.
Wah, görsene, kaddy kamat, gül beden,
Şamar saçyň her taryna aşyk men.

A:ýam gizlär özün, görse keşbiňi,
Bilbilem saýramaz, sesiň eştdigi,
Düşünmedim, näme, gyşam geçdimi?!
Bäh, şu gyzyň ýaz kalbyna aşyk men.

Baýdak bildiň, saňa goýýan ynamym,
Goý, öňümde, geçeýin b:ar synagyň,
Ýöne nämäň alamaty — dymmagyň?!
Sessiz "söýýän" diýişiňe aşyk men.


ⓒ Perhat H.
Nazaryyett
  • 13
  • 210
  • 22/10/2017 03:26
  • 1 minutda oka

Gowjam

2 aý ozal

Nazaryyett agzaaaa...sende bir perin ysk oduna dusupsin oytyann .;))

Nazaryyett

2 aý ozal

:)

Gowjam

2 aý ozal

Name dine yylgyryp onaydynyzda..:))

Nazaryyett

2 aý ozal

Durmuşda gaty bir ýylgyryp ýören adam däl, şu ýerde bir ýylgyraýyn-a :)

Nazaryyett

2 aý ozal

Durmuşda gaty bir ýylgyryp ýören adam däl, şu ýerde bir ýylgyraýyn-a :)

Nazaryyett

2 aý ozal

Degişýän-le, käbir temaly gürrüňlere käwagt diňe ýylgyryp oňaýmaly bolýar :)

Gowjam

2 aý ozal

Wiii yylgyryn yylgyrman diyemokla:))..durmusda gamgyn gezyanizmi eysem?

Nazaryyett

2 aý ozal

Gamgyn däl-le, alada köpräk. Meni tanaýan agzalar bardyr-la. Elbetde, alçaklygam bar, ýöne şu gyrandegen aladalar, adamy biraz agras görkezäýýär-dä)

Gowjam

2 aý ozal

Haa...dusnikli...Aayy aladalara gutarma yok...yasyn ulaldygyca aladan kopelya.

Gowjam

2 aý ozal

Haa...dusnikli...Aayy aladalara gutarma yok...yasyn ulaldygyca aladan kopelya.

Nazaryyett

2 aý ozal

Dogry :)

Mogamed

6 gün ozal

Gat gowy goshgy eken

Enkam

5 gün ozal

Howwa menem haladym