Tawus Arslan bilen internetde ýazyşýanyna begenýärdi. Arslan Tawusy çyn ýüreginden söýerdi, emma olar diňe aýda 1-2gezek duýdansyz mekdepde biri-birini görüp bilerdiler. Tawus Arslanyň söýýändigini bilýärdi. Tawusyňam göwnünde Arslan bardy. Ýöne Tawus asylly, owadanja, az gürleýän gyz bolanlygy üçin duýgusy barada aýtmaklyga utanýardy. Sebabi ol öz joralarynyň söýguden ýaňa kösenýändiklerini bilýärdi. Tawusyň özi-de beýle kösenmane gorkup, duygusyny yetirip bilenokdy. Emma ol Arslanyň söýgüsiniň çyndygyny duýýardy. Çünki Arslan mekdepdaki 11-nji synplaryň arasynda iň akylly, göreldeli, bäşlikçi okuwçylaryň biridi. Tawusam 10-njy synpda okaýardy.
Olaryň tanyşmagyna mekdepdäki baýramçylyk çäresi sebäpdi. Tawus okuwdan daşary sungat mekdebiniň "fleýta" hünärine gatnaýardy. Şonuň üçinem Tawusa şo çärede fleýta çalyp çykyş etmekligi Arslanyň synpdaşy Maýa teklip etdi. Tawus razy boldy. Maýa(ýagny,Arslanyň synpdaşy) bir gün sazyny diňlejek şonuň uçinem telefon nomerini sorady. Emma Maýanyň telefony klasda galypdy. Şonuň üçinem Arslana ýazyp almagy, soň klasda ýazyp aljaklygy ücin haýyş etdi. Nomeri berdi. Çäre oňat geçdi. Emma Arslanyň telefonyndaky Tawusyň nomeri 'Line" üsti bilen druzýasyna goşuldy. Bular ýazyşyp başladylar. Ýone diňe hal-ahwal soraşýadylar. Soň 1 aýdan soň Arslan jydap bilman Tawusy şo çare guni söýüp galanlygyny aýtdy. Tawus aljyrap:"Hemmesi geçer, söýgi wagtlaýyncadyr" diyip ýöraberdi.
Bularyň ýazyzyşlary uzaga çekdi. Arslan diňe söýgüsi hakynda ýazyardy, şonuň üçinem Tawus hem söýgüsiniň bardygyny habar berdi. Emma eyyam gicdi. Arslan öňler näçe söýýän diyse-de "wagtlayynca" diyip onuň gaharyny getiripdi. Arslan Tawusyň "Menem söýýän" diyip ýazan hatyna onçakly ûns bermän, olaryň maşgalasynyň başga ýere göçüp gidýandigini, başga mekdebe geçýandigini aýtdy. "LINE"-da da ýazyşyp söýüşip bolýa, ýöne eyyam Arslan ýazyşasy gelmeyan yalydy. Arslan soňky ýyl okaýanlygyna garamazdan başga mekdebe geçdi. Hat ýazanok. Ýazsa-da diňe "salam gowumy"- başga hiç zat , olam aýda bir gezek. Tawusyň bolsa gyz halyna ýazmana utanyady. Tawus Arslanlaryň nirä göçüp gidendiklerini biljek boldy. Sebabi, Arslan başga etrapdan Tawuslaryň mekdebine gatnap okaýardy. Bularyň arasy üzülişdi..
Tawusyň kakasy Myrat aga bir gün onuň dostysynyň birýyllyk kwartirant bolup ýaşamaga jaý tapmaklygy haýys etdi. Tawuslar etaj jaýda 3-nji gatda ýaşaýardylar. Olaryň aşagynda 2-nji gatdaky goňşulary hem Russiýa gidýändikleri sebapli, öýlerini boş goýaslary gelmedi. Tawusyň kakasy Myrat agada ol öýi dosty Gahryman bilen görüsdirip razy boldular.
(Arslandan habar ýok) Bu gün taze myhmanlar jaýyna gelmediler. Olar jaýyna ornaşyp, Gahryman aga Tawuslaryň öýune myhmancylyga ýeke özi gelyär. Tawusyň kakasyda myhmansöýer adam bolanlygy üçin Tawusa myhmanlary çagyrmaklary buýyrdy. Tawus aşak düşup gapyny kaksa, bir 8-9njy synp aralygyndaky gyz açdy. Ol kakasynyň myhmançylyga çagyrýany aýtdy. Ol gyz :
-Siz Tawus bolsaňyz gereg-ä?!-diýdi
-Hawwo.
-Menem Tawus. Gahryman aganyň gyzy. Biz iki dogan. Kakaňyz aýmadymy?
-Ýok.
-Aý bolýala, häzir baranymyzda tanyşarys.
-Garaşaryn.
Tawusyň hyýalynda bu gyz Arslanyň jigisi ýaly bolup duýuldy. Sebabi, olam iki dogan, jigisiniň ady-da Tawusdy.
-Aý ýok. Olar däl. Goý, şol nejisi ýatlama-diýip Tawus içini gepletdi.
Birsalymdan gapy kakyldy täze goňsulary Tawus bilen ejesi Gülnäz eje gelipdi. Oglumyzam birsalymdan geler diýdiler. Myhmanlar gürleşip otyrkalar, gapy kakyldy...Tawus açsa: şol owadan gözli, mähriban sözli ARSLAN durdy.
-Tawus??!!
-Arslan? Sen bärde näme işleýäň. Git, ejemler bilmanka-diyip Tawus assajykdan gürledi.
-Wi, ýogsa sen Myrat agaň gyzymy?
-Hawwo. Senem Gahryman agaň oglumy?
-Hawwo.
Bular utandylar. Arslan myhmanhana girdi. Birsalymda "Ohow giýew geldi"-diýişdiler. Ýaşlar näme bolýanyna birsalym dûşünmediler. Aydyşlaryça ýaşlykdanam Myrat aga bilen Gahryman aga perzentlerini gowuşdyrmany arzuw edip gelýär ekenler.....
Tiz wagtdan okuwy gutaryp, ýokary okuw jaýyny gutaranlaryndan soňra Arslan bilen Tawusyň toýy tutular. Ýaşlaryň hiç kime aýtman ýörän arzuwlary hasyl boldy. Olar bir maşgala bolarlar..arzuwlaryna ýeterler.
Lal
  • 1
  • 98
  • 20/10/2017 03:46
  • 3 minutda oka

Gowjam

4 hepde ozal

Şular yaly şansli soygi her kime nesip etsin...../arzuw edip duran smailik/