Ochmedik soyginin ody

“... nesip bolsa gullukdan gelip toý ederis... nesip bolsa”, şu sözleri aýtdyda Sapar gulluga gitdi. Yzynda galan Läle bolsa garaşjagyna söz berdi.

Gapyda 90-njy ýyllar, güýz gelip ähli ýapraklary saraltdy. Saparyň gidenine 2 ýyl geçipdi, Läle bolsa sabyrsyzlyk bilen onuň gelerine garaşýardy. Inede aşyklar biri-bilen duşuşdylar. Indi bolsa başda berilen sözleriň yzynda durmal gezegi geldi. Sapar bolsa indi durmuş toýuny gurmana howluganokdy, ol işe durup öýli işikli bolup onsoň toý tutmagy niýet edindi. Ýöne Saparyň maşgala ýagdaýy gowudy. Şonda-da oglan edil öz kakasy ýaly özi aýaga galasy gelýärdi. Läle hem onuň bilen ylalaşdy. Olaryň gündeki bolýan gizlin duşuşyklary Saparyň işi sebäpli indi azalyşdy.

Saparyň işleýän ýerinde Läläniň doganoglan aýal dogany Gunça hem işleýärdi. Gunça bilen Saparyň işleri bile düşýärdi we Gunçanyň Sapara üýtgeşik garaýşy bardy, Gunça elbet bilýärdi Läle bilen söýüşýänini, ýöne Sapardan göwni bardy.

Aradan uzak wagt geçmedi, Gunça bilen Sapar hakda işgärleriniň arasynda her tüýsli gürrüňler eşidilip başlady, bu zatlar hakda Läläniň habar ýokdy. Sapar bolsa iki arada özüni gapjan ýaly duýup başlady. Indi Sapar haýsam bolsa bir gyzy saýlamaly boldy. 2 gyz birini 1 aý bäri tanaýar, beýlekisi bilen bolsa mekdep ýyllaryndan bäri söýüşýär... Şol bir wagtyň özünde hem Saparyň kaksy oňa: “oglum ýa okuwa gir ýa-da öýlen” diýip, gyssaýardy. Oglan alaçsyz galdy...

Iň soňunda bolsa okuwa girmek niýetine geldi. Sapar okuwa girdi, Läle bolsa bu ýagdaýda hem oňa düşünjek boldy. Gunça üçin bolsa parhy ýokdy, ýöne Sapary sypdyrasy gelenokdy.
Okuwyndan dynç günleri Sapar öz şäherine gelip iki gyzam görýärdi. Ahyrynda bu zatlar Gunçanyň ýüregine düşüp başlady. Ahyrynda Gunça Sapara özüni alyp gaçmaklyga mejbur etdi. Netjede 1-nji kursdaky oglan gyz alyp gaçdy.

Gunçanyň äre gaçanlygyny eşiden Läle Sapara barandyr öýtmedi, ýöne gulakdan gulak eşitdi we Läle bu habar baryp ýetdi. Şol habary eşiden badyna özüni ýitirdi... Özüne gelende bolsa ejesine bolan wakalar hakda jikme-jik düşündirdi. Şeýdip Läle duýman durka söýgüli ýaryny ýitirdi.

Sapar bilen Gunçanyň toý günleri bellenildi. Toýlarynyň sähedi golaýlap gelýärdi. Bir gün Läleleriň öýlerine telefon geldi, telefonda Sapar... Läle duşuşasynyň gelýändigini aýtdy. Gyz ýüregi ejiz boluşy ýaly Läle diýenlerini etdi we Sapar bilen duşudy. Şonda Sapar ondan ötünç sorady, Läle bolsa: “...bagtly bol indi...” diýdide, öýlerine tarap ylgady.

Läle bilen Saparyň arasyndaky bolan duşuşyk baradaky habar Gunça baryp gowuşdy. Toýlary bolmadyk ýaşlaryň arasynda uruş turdy we Gunça gaýdyp şonuň ýanyna barmazlygyny aýtdy, elbetde bu zatlary elhenç edip aýtdy. Sapar bolsa yza ýoluň ýoklugyny bilip ony köşeşdirdi.

Toý boldy. Sapar bilen Gunça bolsa Aşgabatda ýaşaýardy. Ýyl geçdi we bularyň gyzlary boldy.

Okuwyny tamamlap öňgije şäherlerine dolanyp geldiler. Ýaşaýyş öz akymy bilen. Adamlaryň ýüzleri güler, ýöne adamlaryň üýtgäp başlanlygyny bolsa Sapar duýýardy. Wagt hem kän geçmedik ýaly, ýöne indi öňki Läle gyz indi ýok, onuň durmuşy başga biri bilen baglandy. Olam indi eje bolupdyr. Bu zatlara seretmek bolsa Sapara agyr degdi.

Gunça bolsa han aýaldy. Sapara kakasy jaý alyp berdi.
Aradan 15 ýyl geçdi. Saparyň ogly hem boldy. Bagtly ýaşamaly ýalydy ýöne öňünde nämeleriň garaşýandygyna Sapar bilmeýädi. Öňler kakasynyň wajyp ýerde işleýänligi tutuş şähere täsirini ýetirýärdi, indi bolsa kakasy ýok, ol awtoulag heläkçiliginde aradan çykdy... Hany indi öňki baý ýaşaýan Sapar? Gunça bolsa tapawudy ýok ýaly, öňkisi ýaly ýaýnap ýaşamaly ýalydy. Indi ojaklarynyň bereketi gaçyp başlady. Gunçanyň bolsa şol öňki ulumsylygy. Her gün işden ýadap gelen Sapar indi öz ýüzüne söýgi bilen garap bakanlaryny isleýärdi. Gyzy edil ejesi ýalydy, diňe oglundan mydar bardy.

Läle bolsa garyp güni bilendi. Ýöne onuň adamsy neşekeş boldy. Onuň görmedik güni galmady. Her gün gykylyk her gün dawa. Durmuş bilen oýun etmedik gyzyň düşen gününe ejesinden başga adamyň ýüregi awamaýardy. Ahyrynda bolsa adamsy neşäni aşa çekmegi netijesinde aradan çykdy. Läle bolsa ogly bilen galdy.
Günleriň birinde Sapar Gunça bilen gygyryşyp öýünden çykyp gitdi. Ýolda barýarka Läläniň ogly bilen duranyny gördi. Ýaşlygynda duşuşan aşyklaryň arasynda ýene bir gezek ujgun döredi. Läläniň gözlerinden ýaşlar gaýtdy. Läläni öýülerine getirende Läle Sapary çaýa çagyrdy. Çaý başynda geçen gyzykly günleri ýatladylar. Läle şu ýerde öçmedik söýgüsi hakda subutnama görkezdi. Ol saparyň gullukdan ýazan hatlaryny onuň suratlaryny ýygnap goýupdyr. Ähli ýygnap goýan zatlaryny Sapara görkezdi.... indi Sapar ýalňyşandygyny bildi. Ýaşlyk edip bir şeýtanyň yzyna düşüp ýaşanlygyny aňdy.

“Düzetmeklikden giç däl” diýdi, Sapar özüne. Ýöne nädip geçmişi yzyna gaýtarjak. Başga nähili alaç bolmalydygyny bilmedi. A çagalar näme?

Sapar bu zatlary içine saldy we Gunça bilen ýaşamaklygy dowam etdi. Ýöne bu saparky sabyr käsesi pikir edişinden basym doldy. Sapar Gunçanyň bolar-bolgusyz hereketlerine, sözlerine çydaman başlady. “Besdir... mundan durmuş bolmaz.” diýip, Gunçany çagalary bilen öýünden kowdy. Ol hatda çagalarynyň ýaşyna hem garamady, bir oglyna hemme zadyň gowy boljakdygyna söz berdi.
Şeýdip Gunçanyň baryp bir döwür eden bolgusyz hereketi masgaraçylygyň üstünden eltdi. Aýrylaşmak hakynda sud boldy. Sapar indi näme etmelidigini bilýärdi.

Günleriň birinde öňki öýleriniň gapysyndan geçip barýan Gunça şol öýden bagtly gülki seslerini eşidýär, seretse howluda Läle... içi garalmaga däl ýandy diýsegem bolýar...

Sapar bilen Läle 20 ýyl mundan ozal galan söýgisine gaýdyp geldiler. Elbetde indi olar 40 ýaşlarynda, ýöne... söýginiň güýji olary birikdirdi. Saparada Läläde bagt guşy gondy.

Sapar Läläniň ogluny öz ogly ýaly kabul etdi, ýöne şonda-da öz ogly bilen aragatnaşyk ýitirmedi.

Elbetde bu wakada geň galdyrýan ýerleri bar. Ýöne hakyky söýgi hiç öçmez, muňa subutnama gerek däl. Mekdep döwründe başlan söýginiň arasyna çöp atsalarda ol söýgi olaryň bagtyna 40 ýaşdan geçenden soň geldi.
Lal
  • 1
  • 107
  • 18/10/2017 09:33
  • 5 minutda oka

Gowjam

1 aý ozal

Ine hakyky soygi....dogry aytyan hakyky soygi hic hacan ocmeya....gaty govi hekayalary yetiryan lal agza sag bolun..♥