B. Gerey we onuñ terjimahaly (oz yazgysy boyunca)

Men 1943-nji ýylda Türkmensähranyñ merkezi bolan Kümmetgwuzda bir garyb maşgalada dünýä indim. Atam Begmyrat Stalynyñ gyrgynçylyk salan ýyllarynda ýanalyp başlanýar. Ol 1932-nji ýylda üç sany ýoldaşy bilen bilelikde bir ýaragly çaknaşykda zalym hökümetiñ ýaragly güýçleriniñ tarapyndan ñehid edilýärler. Şondan soñ, täze durmuş guran ejem-kakam birnäçe garyndañlary bilen bilelikde Türkmenistanyñ Ŷasman-Salyk obasyndan Eýrana bosgun edýärler. Olar birnäçe wagt Horasanyç Maşat hem Bujnurt şäherlerinde sergezzançylyk çekip iñ soñy Türkmensärañ Kümmetgowuz şäherinde ýerleşýärler.
Başlangyç we orta mekdebi Kümmetgowuz şäherinde okadym. Gürgen şäherinde iki ýyllyk mugallymçylyk okuwy gutaryp başlangyç mekepde mugallym bolup işe başladym. Birnäçe ýyldan soñ Tährana göçüp mugallymçylygyñ ýany bilen Tähran uniwersitesiniñ söwda bölümini tamamladym.
Talypçylyk döwrümde 1972-73 aralygynda, 1962-nji ýylda birnäçe deñ-duşlarymyz bilen Türkmensährada başlan milli-siýasi hereketimiz bilen baglylykda, hökümet tarapyndan toparlaýyn tutulyp bir ýyl türmede geçirdim we üç ýyl hem işimden çykaryldym. 1975-nji ýylda Uniwersiteti tamamlanymdan soñ bolsa diñe magaryf edaralarynda işlemäge ursgat berildi we Kümmetgowuzyñ magaryf edarasynda diñe orta okuwy gutaran bir bölüm başlygynyñ gol astynda işe başladym.
1976-77nji ýyllarda Yslami agdarylyşygyñ (rewloýusýanyñ) güjemeginiñ netijesinde Pälewi Şah rejiminiñ çagşan şertlerinde, ýene-de orta okuwlarda mugallymçylyk işime başlamak mümkin boldy. Şahyñ rejimine garşy barha güýjeýän hereketde ähli halk bilen bir hatarda talyplardyr orta okuwçylar hem mugallymlaryñda roly ulydy. Eýranyñ ähli şäherlerinde talyplardyr orta okuwçylar dowamly köçelere çykyp ýörişler ederdiler. Kümmet şäherinde-de bu hereketi düzgün-tertip bilen alyp barmak maksady bilen ähli mugallymlar ýygnanyp 5 sany ýolbaşçy saýladylar, men hem şolaryñ biridim. Biz „Kümmediñ mugallymlar jemgiýýeti“ diýen at bilen Şah rejimine garşy bolan bu herekete bildirişler arkaly ýolbaşçylyk etdik.
Şah rejiminiñ dargap yslamy güýçleriñ hökümet başyna geçmegi bilen, biziñ jemgiýýetimiz-de radikal yslamçylaryñ tarapyndan güýçden düşürilip dargadyldy. Biz onuñ ýerine „Türkmensära Mugallymlar Ojagy“ ady bilen täze gurama döretdik. Soñ halkymyzyñ „Okuw gerek Hat gerek, Türkmençe mektep gerek!- Elden giden ýerleri gaýtarýp almak gerek!“ çagyryş (şygar) bilen has güçli hereketi başlandy. Şol hereketiñ dowamynda bolsa „Türkmen Halkynyñ Medeni-siýasi Ojagy“nyñ Kümmet şäheriniñ umumy kitaphanasynyñ ýerinde düýbi tutuldy. Bu medeni-siýasy guramanyñ işlerini alyp barmagy Merhum Dr. Ahengeri, men we başga-da birnäçe kömekçi ýaşlara tabşyryldy. Bu guramanyñ „ilgüýji“ adynda neşrisi bardy. Onuñ daşyndan-da Türkmensähranyñ dürli şäherleirnde medeni-siýasy ýygnaklar, goşgy okalşyklar we sergiler geçirýärdi. Bu gurama az wagtyñ içinde türkmen halkynyñ umumy goldawyny gazanmak arkaly halkymyzyñ milli isleglerini beýan edýän merkezine öwrildi. Gynansakda bu milli guramanyñ ömri-de uzaga çekmedi, belli sebäplere görä dartgynlylygyñ barha artmagy hem-de halkymyñ islemedigi we onlarça adamymyzyñ ölümine sebäp bolan ýaragly çaknaşyklaryñ ýüze çykmagy netijesinde ahli medeni we milli-siýasy hereketler basyp ýatyryldy we bu milli merkeziñ-de işine hökümet tarapynda soñ berildi.
1980-njy ýylda ýüz beren ikinji çaknyşykdan soñ men hem köp sanly bu milli-siýasi hereketlere gatnaşan ildeşlerim ýaly, Türkmensährany terk etmäge mejbur boldum. Homeýniniñ günä geçiş yglam etmeginiñ yzyndan bizi Gum şäherine sürgün etdiler. Takminan iki ýyl sürgünde ýaşadyk. Emma ýene-de siýasi ýagdaýyñ dartgynlaşmagy netijesinde daşary ýurtlara bosgun etmäge mejbur boldyk.
Men bosgunçylyk ýyllarda-da öz milli-medeni işlerimi dowam etdirdim. Aşgabadyñ Magtymguly adyndaky uniwersitesiniñ dil we edebiýat bölüminde üç ýyl gaýybana okadym. Ençeme ylmy-siýasi makalalardan başga-da Türkmenistanyñ we Türkmen milletiniñ gadymy taryhy hakynda iki sany kitap ýazdym. Bu saýty açmagymyñ esasy sebäbi-de şol kitaplardyr makalalary hem-de az-owlak goşgularymy halkyma hödürlemek we hormatly okyjylaryñ maslahatlary bilen tanyş bolup olardan öz işlerimde peýdalanmakdyr.


Begmyrat Gereý
15.12.2013
wagt
  • 0
  • 137
  • 12/10/2017 02:43
  • 3 minutda oka