Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn!

Deňiz ýakasynda şapak mysaly,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.
Ýazlara öwür sen, her bir pasyly,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Döräp älemgoşar, ýagyşly günler.
Ýylgyr, ýylgyrşyňa açylsyn güller,
Sensiň tebigatyň bägüli, dilber,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Şatlan, şatlanmaga esaslar ba:rka,
Bagtlysyň! Bagt depäňde du:rka,
Ykbal her ädimňi eltýärkä bagta,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Ga:ndyr, tebigaty mähiriň bilen,
Ýagtylt, bu älemi säheriň bilen,
Bu dünýä seň ýylgyrşyňda jemlenen,
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.

Aý a:şar, ýyl aşar, köp wagt aşar,
Belki-de ýüzüňe ýygyrtlar düşer,
Şonda-da, sargydym: ýylgyryp başar!
Mähribanym, güler ýüzüň solmasyn.


© Perhat. H
Nazaryyett
  • 5
  • 190
  • 12/10/2017 12:18
  • 1 minutda oka

Nazaryyett

1 hepde ozal

Hemmäňize salam! Gowusyňyz diýip umyt edýän. Indi menem käwagtjyk şeýdip aýlanyp duraryn)

Lal

1 hepde ozal

In sonky setirle beter haladym

Gowjam

1 hepde ozal

Valeykimsalam Nazatyyett agza sukur hudaya gowy bizde seydip gowja gosgylary yetirip aylanyp durun.

lela

1 hepde ozal

gowja eken

Nazaryyett

3 gün ozal

Sag boluň, minnetdar hemmäňize!