Näm üçin ýatlaýan seni?

Säher çygy gursagyma uranda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!
Arzuwdaky düýşlerimi ýoramda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Ýagtyldyp ýer ýüzün şapak doganda,
Öwseninde güýzüň gussaly ýeli,
Oturup, oýlanyp hyýal dagynda,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Kakanda gapymy şol ak garly gyş,
Synlap tebigatyň belent-pesini,
Birdenem duýdansyz ýagaýsa ýagyş,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Ýazyň gelenini buşlanda guşlar,
Aýlanda gülleriň ysy bu seri.
Unudup bar zady, çekilip burçda
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Ýakyp ýandyranda tomusyň howry,
Gyzgyn ýüregimiň pynhan sesini,
Çetleşip hemmeden diňlesem ogryn,
Bilmedim, näm üçin ýatlaýan seni?!

Gezekli-gezegne geçende pasyl,
Aýlar aýlanyp dur, günler dogup dur.
Hemmesin bir ýere jemlesek, asyl,
Tutuş bir adamyň ömri bolup dur.

Durmuş öz çarhyny edende öwrüm,
Sensiň yazgydymyň ajap eseri.
Diýmek saňa bagly bu tutuş ömrüm...
DÜŞÜNDÜM, näm üçin ýatlaýan seni!


ⓒ Perhat H.
Nazaryyett
  • 14
  • 218
  • 12/10/2017 12:08
  • 1 minutda oka

Nazaryyett

1 hepde ozal

Mowzuga awtor üýtgeşme girizip bilenokmy?

Lal

1 hepde ozal

Diýmek saňa bagly bu tutuş ömrüm...
DÜŞÜNDÜM, näm üçin ýatlaýan seni!

Gowjam

1 hepde ozal

Gaty gowi gosgy

ata

1 hepde ozal

Sahypa janlanyp bashlapdyrmy namemi :)

Nazaryyet, senem ashyk bolup yormun:) ya gocme manyda bashga bir zada ysharatmy :)

Yaz, tomus, guyz we gysh - hemmesinde shony yatlayan diyende gulkili 1 topbak yada dushdi:

Irden zat iyip bilemok - cunki seni yatlayan,
Oylan zat iyip bilemok - cunki seni yatlayan,
Agşam zat iyip bilemok - cunki seni yatlayan
Gije yatyp bilemok - cunki men aç

Senkem sheyle bolaymasyn :)

ata

1 hepde ozal

Bu yerde bash mowzugy duzedip bilenok hic bir awtoram. Dine jogapkarler duzedip bilyar.

Sahypada yeke ozi hezil edip kok uran biri ayrylypdyr. Birinin bu yere giri chykany belki bolyar.

Nazaryyet, acharsoz we wagt dagam taze mowzuklar achyp bashlapdyrlar. Birden janlanana menzap gitdi bari :)

Gowjam

1 hepde ozal

Mende movzuk acyana ya menkiler gyzykly dami her gun aylanyan su sayta :'((

Nazaryyett

3 gün ozal

@ata, minnetdar düşündirişleriňize!) Ýok-la, aşyklyk nire, men nire?! :) Şeýle sözleri tapyp ýazýanam bolsam, şol sözlere mynasybyny tapamok entek)

Gowjam

3 gün ozal

Taparsyn ensalla nazaryyet agza

Nazaryyett

3 gün ozal

Hawa

Nazaryyett

3 gün ozal

Men tema açyp bilemok, näme üçinkä?! "Belgi" diýen ýere diňe öňki goýan belgiň bolmaly öýdýän, öň goýanam bolsam şu wagt ýada düşenok-da

Gowjam

3 gün ozal

Onki belgin hokman dal mena a,a,a yazyan bolli sende arasyn otur goyda harp yazysdyray

Gowjam

3 gün ozal

Onki belgin hokman dal mena a,a,a yazyan bolli sende arasyn otur goyda harp yazysdyray

Nazaryyett

2 gün ozal

Hemme zadyny ýazýanam welin, açaýanok. Bor-la...düşündirişiň üçin sag bol, @Gowjam

Gowjam

2 gün ozal

Komege mydama tayyn...:)