Şeker Hüseýinowa



Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň
Çaltut şäherçe medeniýet öýüniň
medeni çäreleriniň guramaçysy
Şeker Hüseýinowa .


Men Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Çaltut şäherçe medeniýet öýüniň medeni çäreleriniň guramaçysy Şeker Hüseýinowa.

Türkmende toýlar goşa-goşadan gelýär. Ynha beýik Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk dabaralarynyň öňi syrasynda il sylagly Ýaşulularyň döwletli maslahaty geçirildi. Bu maslahata etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we il sylagly ýaşulularymyz gatnaşdy. Bu döwletli maslahatda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagy, halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagy üçin jaýdar pikirler aýdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň „Döwlet adam üçindir“ diýen şygaryndan ugur alnyp, il sylagly ýaşulylarymyz bilen il bähbitli, ýurt ähmiýetli işler barada maslahatlaşylmagy hem biziň röwşen geljegimize badalgadyr. Ýaşulular maslahatynda gozgalýan her bir meseleler ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna,Watanymyzyň mundan beýläk-de güllemegine ýardam berer. Bu bolsa, mähriban halkymyzyň baky şöhratynyň synmaz mertebesiniň, mizemez agzybirliginiň has-da dünýä ýaýyljakdygyna bizde uly ynam döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna, türkmen halkynyň çuňňur bähbidine ýugrulan syýasaty netijesinde ata Watanymyzyň abraý mertebesiniň arşa galan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda ýokary derejede geçirilen Ýaşulylar maslahatynda halkymyzyň kalbynda Garaşsyzlygymyza, Bitaraplygymyza, ene topragymyza, ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize söýgi her bir türkmen raýatynyň ýüreginde hoşallyk duýgusy bolup joş urýar.

nexttmm
  • 0
  • 150
  • 10/10/2017 05:34
  • 1 minutda oka