Döwletli işe başlananda ýaşululara sala salynýar


Her bir döwletli işe başlananda ýaşululara sala salmak, olar bilen maslahatlaşmak halkymyzyň ajaýyp däpleriniň biridir. Ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda ähmiýetli we bähbitli orna eýe bolan Ýaşulular maslahatynyň gün tertibine girizilýän meselelerde döwletiň sazlaşykly ösüşiniň ähli ugurlary jemlenýär. Döwlet berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň iň ýokary derejesiniň üpjün edilýändiginiň ajaýyp alamatlary bolsa ähli ugurlar boýunça aýdyň görünýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mertebesi beýgelýän, uly hormat-sarpanyň eýeleri bolan ýaşuly nesliň kalbynda ýaşaýan zamanymyza bolan söýgi we buýsanç duýgulary ganat baglaýar.

Öz kesbi-kärinden kemal tapan, abraý gazanan, diňe bir käriniň ugry boýunça däl-de, eýsem adamkärçilik sypatlary bilen tanalýan ýaşulularymyzyň biri hem Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynda 1950-nji ýylda dogulan Ataýew Rejepmämmet agadyr. Ol zähmet döwrüniň esasy bölegini sürüjilik käri bilen meşgul bolupdyr. 1969-njy ýyldan 2008-nji ýyla çenli dürli kärhanalrda sürüji bolup işläpdir. Pensiýadadygyna garamazdan, Rejepmämmet aga zähmet çekmegini häzir hem dowam etdirýär, ol ýaşlaryň arasynda köpräk bolmagy, olaryň arasynda wagyz-nesihat etmegi, olaryň asylly ýola gadam goýmaklaryny ündemek işlerini dowam etdirýär we Gypjak ýaşaýyş jaý toplumynda ýerleşýän 117-nji orta mekdepde sakçy wezipesinde işleýär. Rejepmämmet aga daýhan maşgalasynda dünýä inen, ýönekeý sürüji wezipesinde işläp gelen.

Ýöne biziň mahriban diýarymyzda, kärine garamazdan, ak ýürek bilen zähmet çekýän, halkyna, watanyna hyzmat edýän islendik adamyň mertebesi belent tutulýar. Ol diňe bir il-gün tarapyndan däl, eýsem döwlet derejesinde hem sarpalanýar-sylaglanýar. Hormatly ýaşulynyň zähmet we durmuş hyzmatlary göz öňünde tutulyp, ol 2015-nji ýylda “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanýar. Oňa 2016-njy ýylda “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy” diýen hormatly at dakylýar. Hormatly ýaşulynyň çagalary dürli ugurlarada arassa we halal zähmet çekýärler, onuň özi bolsa işinden boş wagtlary oba arasynda, esasan hem, ösüp gelýän ýaş nesliň arasynda asylly terbiýe, zyýanly endiklerden daşda durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, sport bilen meşgullanmak barada wagyz-nesihat işlerini dowam etdirýär.

Şeýle ilhalar ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilýän maslahatda kabul ediljek kararlar hem çözgütler halkymyzyň bagtyýar şu gününe, ygtybarly geljegine kepil bolar!

nexttmm
  • 0
  • 69
  • 10/10/2017 05:23
  • 2 minutda oka