Ÿaşulylar geňeş etse

Düÿn “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­syn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şyn­da mö­hüm wa­ka bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­şu­lu­la­ry­nyň no­bat­da­ky mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 26 ýyl­lyk şan­ly baý­ram­çy­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän umu­my­mil­li mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­me­giň wa­jyp we­zi­pe­le­ri, Türk­me­nis­tan­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan oňyn dur­muş-yk­dy­sa­dy we de­mok­ra­tik öz­gert­me­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.

Türk­men jem­gy­ýe­ti­niň gur­lu­şy­nyň ga­dy­my esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny, hal­ky­my­zyň pe­der­le­ri­mi­ziň paý­has­ly ýö­rel­ge­le­ri­ne we kö­pa­syr­lyk ta­ry­hy bo­lan de­mok­ra­tik esas­la­ra üýt­gew­siz yg­rar­ly­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Ýa­şu­ly ne­sil­le­re hor­mat goý­mak, ýa­şu­lu­la­ryň, ak gy­ňaç­ly ene­le­riň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýan­mak türk­men hal­ky­nyň asyr­lar aşyp gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm orun eýe­le­ýär we ol äh­mi­ýet­li ut­gaş­dy­ry­jy müm­kin­çi­li­gi eme­le ge­tir­ýär. Hut şo­nuň üçin hem ge­çi­ril­ýän mas­la­hat umu­mymil­li möç­be­re eýe bo­lup, onuň do­wa­myn­da Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zyň saz­la­şyk­ly ösü­şi, hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy we bag­ty­ýar­ly­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan wa­jyp me­se­le­le­re ga­ral­ýar we anyk çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär.

Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz “Now­ruz ýaý­la­sy­nyň ak öýi” bi­na­sy­na gel­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne baş­la­maz­dan öňür­ti bu ýer­de Mej­li­siň Baş­ly­gy­nyň, ýur­du­my­zyň Hö­kü­met ag­za­la­ry­nyň, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin mas­la­hat ge­çir­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz öňi bi­len hal­ky­myz we ýur­du­myz üçin bäh­bit­li çöz­güt­le­riň ka­bul edil­ýän Ýa­şu­lu­lar mas­la­ha­ty­nyň işe gi­riş­me­gi bi­len mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry gut­la­dy we bu umu­my­mil­li çä­rä­niň üs­tün­lik­le­re bes­len­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra özü­niň tä­ze dö­re­den “Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi” at­ly ki­ta­by­ny sow­gat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly ägirt uly ta­ry­hy mi­ras bo­lup, onuň mer­ke­zi lo­gis­ti­ka dü­zü­mi bi­ziň Wa­ta­ny­myz­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýär, halk­la­ryň we ýurt­la­ryň öza­ra ýa­kyn­laş­ma­gy üçin kuw­wat­ly iter­gi bo­lup hyz­mat ed­ýär, ola­ryň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, ýurt­la­ryň, se­bit­le­riň we tu­tuş yk­lym­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi­ne hem-de hyz­mat­daş­ly­ga, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň yg­ty­bar­ly bin­ýat­la­ry­nyň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.

Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar aja­ýyp sow­gat üçin mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa ho­şal­lyk bil­di­rip, mu­nuň äh­li­halk da­ba­ra­sy­nyň öňü­sy­ra­syn­da­ky ýa­kym­ly wa­ka öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di­ler.
nexttmm
  • 0
  • 33
  • 10/10/2017 04:10
  • 2 minutda oka