"Men seni söýýän”

Halyl Kulyÿew
"Men seni söýýän”

Dagdan ynam bilen düşdüm yzyna,
Daş dek ykraryma ömürlik uýýan.
Iller näme diýse diýibersinler,
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän.

Söýmek hem söýülmek ýüregiň derdi,
Hersi bolup biler bu juwanlykda.
Kimmişin ol meni söýeňok diýip,
Seni aýyplajak biwepalykda.

Ýöne rastyň diýmän gizlenseň eger,
Gutulyp bilersiň. Öňünden duýýan.
Diýerin men saňa bir ýerden jyklap,
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän.

Garaňky gijeler azaşsaň ýalňyz,
Menem gara gijä tutup ýüzümi.
Duýdurman öňüňden çykaryn birden
Hemem gaýtalaryn şol bir sözümi.

Meni söýseň iki ýürek birleşip,
Bir ýürek boljagyn öňünden duýýan
Eger-de söýmeseň…
Söýmeseň söýme.
Meniňki şol bir söz:
- Men seni söýýän.


Halyl Kulyÿew.
GaRPaMyJaK92
  • 17
  • 367
  • 30/09/2017 01:47
  • 1 minutda oka

Gowjam

2 aý ozal

Gaty gowy gosgy sag bolun yetirip durun

Kerwenli

2 aý ozal

@Gowjasy, siziňem ertir.com da ennik eden şol bir teswiriňiz ☺ ,,,ýetirip duruň,,,

Gowjam

2 aý ozal

Kervenli agza kima diyyaniz

Kerwenli

2 aý ozal

@Gowjosy gowjosyna diýýän

Gowjam

2 aý ozal

Kim o gowjasy

janak

2 aý ozal

Berekella

elis

2 aý ozal

Örän gowy gošgy

Gowjam

2 aý ozal

Salam elis agza

bilal

2 aý ozal

Ohoo elis joramyzam gelipdira salam elis agza.

Gowjam

2 aý ozal

Ohoo....biiilaaaalll:))

elis

2 aý ozal

Hemmanize salam

elis

2 aý ozal

Gowymy yagdaylarynyz

Gowjam

2 aý ozal

Gowii sukur hudaya ozin naili elis

Gowjam

2 aý ozal

Gowii sukur hudaya ozin naili elis

elis

2 aý ozal

Menem erbet dal

bilal

2 aý ozal

Menem erbet dal gowy Gowjaaaaam

Gowjam

2 aý ozal

Bar ekeninizow aylanyp durunda seydip yitdiniza mena sizden basga tanayanim yok