Gaty gorkuly Ýylan !

IŇ TÄZE HABARLAR...

Düýn irden National Geography Wild teleýaýlymynda täsin, örän howply ýylanyň tapylandygy barada habar berdiler. Alymlar bu ýylanyň süýrenjiler maşgalasynyň iň bir howply görnüşleriniň biri diýip çaklaýarlar. National Geography Wild-a görä, ol ýylan her iýmitlenende 0,5 santimetr uzalýar we ol her 30 sekuntdan iýmitlenip durýar. Iň gorkunç ýeri bolsa, bu ýylany ýarag bilen hem öldürip bolmaýar. Ol diňe öz-özüni dişlände ölýär. Täsin gerek? Alymlar ony öldürmegiň başga ýollaryny hem gözleýärler. Bu ýylan adamzat taryhynda iň zäherli we ölüm howply ýylan diýlip hasap edilýär. Eýsem, siz bu ýylanyň nirede tapylandygy barada gyzyklandyňyzmy? Ol diňe Nokia telefonlarda "Oýunlar" funksiýasynyň içinde bolup, Snake Xenzia diýlip atlandyrylýar. Ünsli we sabyr edip okanyňyz üçin sagboluň!
Photographer
  • 9
  • 348
  • 15/09/2017 02:55
  • 1 minutda oka

Enesha91

1 aý ozal

Gorkup bashlapdym :)

acharsoz

1 aý ozal

yapacağın espiriye sohayım, iş edinip ýazypsyň dalboýob

Jeksparro

1 aý ozal

@acharsoz, hahaaa

Gowjam

4 hepde ozal

Lainda okapdym :)

Photographer

3 hepde ozal

@Gowjam 2010-njy ýylda Mobimeetde Anketa ýazan arhiwlemden !

Gowjam

3 hepde ozal

Haa o dowirden galan degismejik ekenow :)

kitkat

2 hepde ozal

blinn gorkum

Gowjam

2 hepde ozal

Heheee

Kerwenli

2 hepde ozal

☺ ýlgrtdy