DAŞBAGYR (awtory: Has Türkmen)


▶ DAŞBAGYR


Şol öñki aýralyk.
Şol öñki söýgi.
Öñki tanyş sözler.
Şol öñki ýüzler.
Şo-ol yzda süýrelip gezip ýörmeklik...
Çytyksy baýyrlar.
Şol tukat düzler...
Dek ýañy öýlänçiñ astynda galyp,
Onki süññüm bilen süllümbaý bolan
Gujury ýagyşyñ suwuna eräp
Ysgyny ýuwulan göwrämi süýräp
Çytyksy baýyrlañ,
Tukat düzleriñ
Gussasyn paýlaşyp,
Syrym açmaga
Gidip barýan göge dikip gözümi
Soñy gelmez oý-pikire bogulyp
Terk edilen,
Ýalñyzlyga dözülen
Ýarpy hem-de ýanyp gara-ört bolan
Ýüregimi gurruk guýa atmaga...
Soñra haýyr gelmese-de,
gelse-de,
Gabagmy galdyryp täze durmuşa
Meýil etmesem senden başga Gözele
Açmasam ömrümde täze sahypa
Hem-de seniñ adyñ bilen başlanan
Sahypaña ýüpsüz örklenip galsam
Razy bolmasam-da takdyr-ezele
Ikiýüzli dünýä,
Haram ölmüşe
Gargynsam sen beri aýyp etmegin
Nälet okap ýedi gezek daşlanan
Aramyzy bozmaklykdan keýp alýan
Çokga sakgal, geçisypat Iblise...
"Näletleme rakyplary,
Ýok bolsun!
Gaýta öz saglygyñ dile Hudaýdan..."
- diýseñ-de,
Raýyñy ýykasym gelmän
Buýtar-suýtar edýän,
Ýüzüñ öwrülse
Duşmana gaýtawul bermekçi bolýan...
Çünki dogry düşün,
Haçanam bolsa
Aramyza düşse rakybyñ eli
Aramyza düşse rakybyñ dili
Ýañy gowşanmyzda bir-birimize
Ýene meni Maşryk sary sürseler
Ýeni seni gönderseler Magryba.
Ýogsa-da biz, ýalñyşdykmy ikilenç
Ýa agyr bolýasmy bu ýeñil dünýä
Diýip, özümizi terezä goýup
Ölçälimi ömrümiziñ agramyn?!.
Gizlälimi ýene käbir syrlary...
Eýgertmändim şereññize, göribe
Söýüpdim,
Her zaman,
Seni her ýerde!
Tekiz ýolda badak atyp aýaga
Büdretseler,
Syrtdan pyçak ursalar
Şasenemi köp görseler Garyba...
Kim çydardy?!
Bolsa biziñ ýermize
Besdir!
Herki zadyñ çen-çaky ýagşy
Ajy aýralygyñ berýän yzasy
Süññüme ornaşdy,
Ýetdi süýege...
Men bir zada haýran galýan kämahal
Munça dertler,
Bu dökülen gözýaşlar
Bilip-bilmän eden säwliklermiziñ
Hasabyny berk ýöredýän Hudaýyñ
Sapak bolsun diýip gelejegmize
Sañamy ýa maña berýän jezasy?!.
Eýse başga näme pikir edeýin?!
Takdyryñ elimi-aýagmy baglap
Hristosy butparazlañ öñünde
Ölsün diýip haça çüýleýşi ýaly
Meni germesatan edip goýuşy...
Sen onda çäresiz gözýaş dökeñde
Men munda hijrana bagrymy daglap
Sypjagam bolmaryn dañlan ýerimden
Kelemämi öwürýän deý mydyrdap
Garasy bulaşan bäbenegimi
Bir eýlä,
Bir beýlä agdaryp tapsyz
Unutjak bolaryn senli günleri...
Ýeri, unutdymam diýeli,
Ýöne;
Wyždanymy taşlap, nirä gideýin?!
Alajym ýitirip herýan bakamda
Ýa seni göresim gelende ýene
Ýa meni göresiñ gelende ýene
Kime arz edeli,
Kim diñlär bizi?.
Ýa gara gan öýüp tokga daş bolan
Bagrymyzyñ depesinden ot ýaly
Gaýnap duran ajy gözýaş inderip
Ýaşalymy gussalara gark bolup?!.
Ýuwdup munça hunabany (öt ýaly)
Haçana çenli mert bolarys,
Aýtsana!
Gözüñ açyp seret,
Bir Hakykata:
Muny boýun almasañ-da,
alsañ-da
Allañ edeni bor,
Näçe merk alyp
Otly kesew sokulan deý ardyndan
Guduz açsalar-da dünýäñ bar iti
Hak öz penasynda saklasa bizi
Goltugymyñ gusul alanda syrylyp
Zibile taşlanan haram gylynyñ
Ýerin üýtgetmäge güýçleri çatmaz.
Kaýsyñ demi düşen Mejnun dagynyñ
Serinden ümüri,
dumany gitmez...
Sidre sährasynda daşa ýazylyp
Kalbymyza başagaç deý dikilen
Söýgimize kimsäñ zyýany ýetmez!


© Has TÜRKMEN.
Jeksparro
  • 1
  • 171
  • 05/09/2017 08:56
  • 3 minutda oka

Jeksparro

2 hepde ozal

Haladyñyzmy? Mena gowy gordum goşgyny;)