TERBIÝE MAŞGALADAN BAŞLANÝAR


Bugün şu ajaýyp başdan geçirmäni siziň dykgatyňyza ýetirýärin.. Uzagrakdyr emma soňuna çenli okamaga ýaltanmaň; okalmaga degjek bir waka.. Amerikada bir uniwersitetde mugallym bolup işläp ýören bir türk professoryň agzyndan size ýetirýärin..

Kaliforniýanyň Long Beach şäherindäki welaýat uniwersitetinde mugallym bolup işleýärdim. Şol ýyl meniň 2 sapagymy alýan bir gyz talybym ünsümi çekmäge başlapdy. Ady Sally-dy. Haýsy aýratynlyklary meni özüne çekýärdi diýip oýlandym. Ilki bilen gaty ajaýyp görmegeý gyzdy, synpda derrew ünsümi özüne çekýärdi. Birem gaty tertipli we ökdedi; synpdaky iň öňdebaryjy we aktiw talyplarymyň biridi. Galyberse-de gaty tutanýerli we adamkarçilikli bir gyzdy. Kafedramyzyň bir piknik şüweleňinde onuň sözleşen ýigidi bilenem tanyş bolmak maňa miýesser etdi. Dogrumy aýtsam ol ýigidi gören badyma aňymdan geçen pikirler şeýle boldy; “armydyň ýagşysy aýylaryňky.” Hawa ol ýigit bilen bu eýjejik gyzy bir-birine gelişdirip hem bolanokdy. Ol ýigit 27-28 ýaşlarynda saçy dökülenräk, pöwhe we garynlak, bedroý we gysga boýly biridi. Belki pully oglandyr diýip pikir etdim, emma gysga bir söhbetdeşlikden soň onuň pul güýjüniň ýoklugyna-da göz ýetirdim. Ol uniwersitetimiziň Psihologiýa bölüminde okap ýören doktorant bir talyp ekeni we akademiki karýerany yzarlap professor bolmagy arzuwlaýardy..

“Dogrudanam meniň bu hüýr-peri talybym ol ýigitde näme tapdyka?” diýen pikir meni günüme goýmaýardy. Birgün sapakdan soň Sallynyň ýanyna golaýlaşdym we aramyzda şeýle gürrüň bolup geçdi:

- Sally, sözlenen ýigidiň bilen nädip tanyşanyňy bilesim gelýär? Eger garşy bolmasaň elbetde..
- Bir monastyr (hristiýan metjidi) guramaçylyk işinde bir toparda meýletin bolup bile işledik..
- Onuň haýsy häsiýetleri saňa ýarady?
(Sally geň galyjy nazarlaryny maňa dikdi. Bir Amerikan hökmünde ol menden bu soraga garaşmaýardy. Sebäbi Amerikan medeniýetinde beýle soraglar adamyň şahsy durmuşyna goşulmak diýip hasap edilýär. Sallynyň düşünjesine görä men şol wagt onuň şahsy durmuşyna burnumy sokýardym.. Şonda-da sagbolsun meni terslemedi..)

Gysga wagtlyk şok halyndan saplanansoň ýylgyrjaklap gözüniň içi gülüp jogap berdi:
- Ol ajaýyp adam.. Ol meniň gahrymanym.. Men ondan köp zat öwrendim..

Şol pursat hakydama ilki gelen zat gabanjaňlyk boldy. Gabandym. Görmegeý bir zenanyň öz erkegine “gahrymanym” nazary bilen seretmeginiň erkege berip boljak iň uly sowgatdygyna düşündim. Bu sowgady ömrüm boýunça alyp görmändim we gabanypdym.
Anyklamak üçin soradym:
- O nähili?
- Frank bir ýetimler öýünde önüp-ösüpdir. Ýetim bolmagyň nämedigini bilýändigi üçin, uniwersitet okap başlan döwürleri ýetimler öýünden 2 çagajyga hossar çykmagy ýüregine düwüpdir. Her hepdesiniň 10 sagadyny häzirem şolara sarp edýär; olar bilen duşuşyp top oýnaýar, olara kitap okap berýär, olary muzeýe aýlaýar, olaryň ýagşy terbiýe almaklary üçin elinden gelenini edýär. Ol çagajyklardan biri ýakynda hassahana düşdi we operasiýa geçirdi. Frank şugünler agşamlaryna şonuň ýanynda hassahanada ýatýar, gijelerine olara göz-gulak bolmak üçin..”

Özüme gaharym geldi. Utandym. Ýüzüme şarpyk iýen ýaly bolup gyzardym. Göýa diýersiň iň ýokary bilim derejesindäki adamdym, emma henizem garşymdaky adama daşky sypatyna görä baha berýärdim we olary “aýy” diýip sypatlandyrýardym. Içimdäki pohly düşünjämi ýigrendim.

Aradan ýene belli bir wagt geçipdi. Men Sallynyň ýetişen maşgala gurşawyny hem bilesim gelip başlady. Bolan zatlara şeýleräk bir logika bilen seretdim; men näme üçin Franky görenimde “armydyň gowusy aýylaryňky” diýip pikir etdim? Sebäbi öz çagalymy geçiren maşgala gurşawymda ol metaforany kän eşidipdim, şondan bolmalydy. Meniň ýetişen gurşawym meni täsir astynda saklaýan bolsa, diýmek Sally bu tapylgysyz halyny-da öz maşgala gurşawyndan alan bolmalydy.

Belli bir wagt soň Sallyden maşgalasynyň nirede ýaşaýandygyny soradym. Los Angelesdan 350 km demirgazykda bir kiçeňräk şäherçede ýaşaýan ekenler. Maşgalasy bilen tanyşmak isleýändigimi we munuň mümkindigini ýa däldigini soradym. Ol ýygyrjaklap “Maşgalam bilen gürleşip göreýin, olaryňam siz bilen tanyşmak islejeklerinden şübhäm ýok” diýdi we jogaby gysga wagtda maňa ýetirjegini aýtdy.
Bir-iki gün geçenden soň Sally ýanyma gelip “maşgalasynyň hem meniň bilen tanyşmakdan hoşal boljakdyklaryny” aýtdy. 3-4 hepdeden ulagym bilen San Fransisco tarapa baryp gaýtmalydym we Sallynyň şäherçesi hem ýolumyň üstündedi, olara degip geçip bilerdim. Bu pikirimi Sally bilen maslahat etdim.. Ol şol günlerde özüniň hem maşgalasyna baryp gelmegi planlaýandygyny we eger garşy bolmasam bile gidip biljegini aýtdy we elbetde razylaşdym. Şol duran ýerimizde derrew maşgalasyna jaň etdi, olaram irden ertirlige gelmegimizi haýyşt etdiler. Şeýdip bu meseläni karara baglap goýduk.

(dowamy bar)

Bellik: Line hasabynda şu ýerde gutaran ekeni. Dowamy beýleki 1 postunda bar bolmaly. Gyzyklanýanlar üçin çeşme: linkini tapyp bilmedim, ýöne şol line hasabynyň ady "Konsultant"dyr.
ata
  • 2
  • 243
  • 01/09/2017 04:58
  • 4 minutda oka

ata

3 hepde ozal

https://timeline.line.me/post/_db0SC9rHNCGdMn_pdAgZ01RsQsBpr-7Jvf7SMLE/1150349322809053270

ata

3 hepde ozal

Yokarky yalnysh ekeni.

Shol akkauntyn ady Konsultant we ID si hem @hwy5637m bolmaly