PAÝTAGTYMYZYŇ ÝARAŞYGY

Gahryman Arkadagymyzyň syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän uly möçberli özgertmeler netijesinde, Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşiginiň alyp barýan işlerine işjeň ýagdaýda gatnaşýar we halkara derejesindäki at-abraýyny artdyrýar. 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halky altyn harplar bilen ýazylan taryhy senenamasynyň ilkinji sahypalarynyň gatyny açdy.

Garaşsyzlyk diýen mukaddeslige eýe boldy. Ata-babalarymyz ata Watany şirin jandan ileri tutup, bir supranyň başyna jem bolmagyň arzuwynda ýaşady. Häzirki wagtda türkmen halky mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýar.
Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sport maksatnamasynyň çäklerinde gurluşygy mundan 7 ýyl öň badalga alan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmeli ýeri bolan Olimpiýa şäherjigi gurlan binalary bilen paýtagtymyzyň merkezine özboluşly ýaraşyk berýär.
Ata-babalarymyzyň ýörelgesine eýerip, Gahryman Arkadagymyz we bütin türkmen halky bedewi özleriniň örän gymmatly hazynasy hasaplaýar. Bu ýörelgä eýerip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galanda Nusaý galasyndan hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde 17 sany atly ýigit welaýatlarymyza ýörişe ugrady. Häzirki wagtda bu ýörişi üstünlikli dowam edýändikleri buýsandyrýar.
Aziýada-2017 Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmakda, sport ýeňişlerini wagyz etmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda 2016-njy ýylda halkara synag ýaryşlarynyň 6-sy geçirildi: 26-30-njy maý aralygynda sambo boýunça Aziýa çempionaty ; 25-30-njy iýuny aralygynda türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça Aziýa çempionaty; 16-25-nji sentýabrda tenis boýunça halkara ýaryşy; 23-26-njy sentýabrda ýeňil atletika boýunça halkara ýaryşy; 4-7-nji noýabrda basketbol boýunça halkara ýaryşy; 7-12-nji dekabrda jiu-jitsu boýunça Aziýa çempionaty geçirildi. 2017-nji ýylda kikboksing, agyr atletika, suwda ýüzmek, boýunça synag ýaryşlary üstünliklere beslendi. Bu synag ýaryşlarynyň dowamynda türkmen türgenleriniň ussatlyklary aýdyň ýüze çykdy. Mundan başga-da, türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilen köp sanly halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, medallara eýe boldular. Şunuň ýaly halkara derejeli taryhy çäreler paýtagtymyzda yzygiderli geçirilip durulýar. Ajaýyp durmuşda ýaşadýan eziz Arkadagymyzyň janynyň sag, tutýan dünýä ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!


Sülgün Sapargeldiýewa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.


TDUayka
  • 1
  • 131
  • 31/08/2017 04:55
  • 2 minutda oka

BangBang

3 hepde ozal

Aydanyn gelsin!!!!