Ertir Gurban Baýramy

Essalowmaleýkim agza we myhmanlar!

Ýokarda mowzugyň adyndanam belli bolşy ýaly, Gurban baýramy ertir başlaýar.
Gurban baýramyny hemmäňiz diýen ýaly bilýänsiňizdir. Ýaşap, duýup görensiňizdir.

Adaty ýagdaýda 1-nji Sentýabr Gurban baýramynyň ilkinji güni bolmaly. 1-4 Sentyabr aralygy 4 günläp Gurban baýramy belleniler dünýäniň çar tarapynda musulmanlaryň arasynda, şol bir sanda Türkmenistan Watanymyzda hem.

Ýalñyşmasam, bizde her ýyl 3 günläp dynç alyş hem berilýän bolmaly bu bayram mynasybetli?!

Sizi we maşgalalaryñyzy ýetip gelýän Gurban baýramy mynasybetli gutlaýaryn!

Soýan/beren we soýjak/berjek gurbanlyklaryňyzy, eden doga-dileg we ybadatlaryňyzy, tutan orazalaryñyzy hem Biribar iň oňat ýagdaýda kabul etsin! Işleriňizde, ähli haýyr amallaryňyzda başarnyk, halalyndan bereketli ryzyk hem-de her iki älemde bagt bersin!

Sag boluň!
ata
  • 5
  • 218
  • 31/08/2017 09:46
  • 1 minutda oka

ata

2 aý ozal

Gazanc edip guyji yeten her bir musulmanyn gurbanlyk soy(dur)magyny undanini bilyaris pygamberimizin s.a.w. Guyji yetibem muny etmedik yagdayynda, jogapkarli boljagy hem beyan edilyar, umuman.

Guyji yetmedikler ucinem gurbanlyk beren yaly sogaba eye bolmak barada sheyle beyan edilyar hadyslarda many taydan:"Gurban bayramy sebapli irden dañ/azan bilen turup, boý/gusul täretini alyp, sacyny gysgaldyp/deñläp, etek we goltuk tüýlerini ayyrsa, onda bir gurbanlyk sogabyny ona Biribar berer..."

Meñ yaly pulsuzlar we umumy talyplar ucin tapylgysyz bir pursat :)

Eger yalnysh bar bolsa, onda shol hadysy takyk bilyanler dogry gornushini yazyp bilerler.

makgush

2 aý ozal

Sagbol Ata aga, siziñkem kabul bolsun.
Ahli musulman doganlarymyzyñ kesýân gurbanlyklary kabul bolsun..

Waharman

2 aý ozal

Ýalňyşmasam biziň ýurdymyzda gurban baýramy aýyň 2-4 aralygynda bolýar.Siz wrlin düýn açan mowzugyňyza ertir gurban baýramy diýipsiňiz. Dogry köp ýurtlarda şu gün baýram başlaýar. Bizde welin, baýram yň wagty döwlet tarapyndan bellenýär. Gurbanlgyňyz kabul,gutly bolsun! Ýalňyşan bolsam bagyşlaň.

ata

2 aý ozal

Makgush we Waharman, köp sag boluň goldawlaryňyz üçin!

Waharman, meniňki 1 çaklama. Anyklaman ýazdym. Seňki dogrudyr uly ähtimallyk bn.

umumhasaba görä bolsa, Remezan baýramyndan göni 70 gün soňra Gurban Baýramy gelýär diýip bellenilýär. Aslyýetinde jemi 4 gün dowam edip, ilkinji 3 güni wajyp gurbanlyklar soýulýar agşama deňiç we 4nji gününde eýýäm wajyplary soýup bolmaýar, diňe nepil gurbanlyklar soýlup bilýär diýip bilýärin.

Bulam goşmaça maglumat hökmünde ýazaýyn diýdim.

ata

2 aý ozal

Döwletimiziň hemme welaýat, şäher, şäherçe, etrap merkezleri we her bir obalarynda diýen ýaly köpsanly hiňňällikler gurnalandyrmyka diýýän çakyma görä. Ertir giňden sallançak uçup, ýanyp duran oduň üstünden böküp, at çapdyryp, aýdym-saz, gurbanlyk etlerden şor-suw iýip, tans edip we ş.m. baýram bellenermikä diýip pikir edýärin!

Baýramyňyz gutly-mübärek bolsun ýene bir ýola, agza we myhmanlar!