Bugun Arefe güni ertir Gurban baýramy

Arefäniň ýeri basgadyr:

Bu günlerde agyz bekläp, gündizini we gijelerini ybadat bilen geçirmek hem bagyşlanmaga, hem-de uly-uly sogaplar gazanmaga sebäp bolar.

Bu on gün içinde Arefe gününiň ýeri bolsa düýbünden başgadyr. Pygamberimiz (s.a.w.), Arefe güni tutulan oraza hakynda şeýle diýýär:
“Arefe güni tutulan oraza, geçen bir ýylyň we geljek ýylyň günälerine keffaret bolar.(Tergib we Terhib Trj, 2. 457)

Hz. Ebu Bekiriň ogly Abdurrahman, Arefe güni dogany Hz. Aişäniň (r.a.) huzuryna girdi. Hz. Aişe agzy bekli bolany üçin yssydan ýaňa üstüne suw dökýärdi. Abdurrahman oňa:
“Orazaňy boz!” diýdi. Hz. Aişe:
Resulullahýň (s.a.w.), Arefe güni agyz beklemek, özünden öňki ýylyň günälerine keffaret bolar diýenini eşiden halymda iftar (agyz açmak) edeýinmi? diýdi.(Tergib we Terhib Trj, 2. 458)

Keffaret bolar, günäleri örter, bagyşladar diýmekdir. Biz ýaly edil günä deňizinde ýüzýän ahyr zaman musulmanlary üçin mundan uly bir buşluk bolup bilermi? Ine bagyşlanmak we magfiret pursady!

Başga bir rowaýatda bolsa Hz. Aişe şeýle diýýär:
Arefe gününiň orazasy müň gün oraza tutmak ýalydyr. (Tergib we Terhib Trj, 2. 460)
Diýmek, bir günlük arefe orazasy, üç ýyllyk ýönekeý günlerde tutulan oraza sogabyna deňdir.

Pygamberimiz (s.a.w.), bu günüň fazylatyny şeýle düşündirýär:
Arefe güni gelende, Beýik Allatagala rahmetini saçar. Hiç bir gün şol günde bolşy ýaly dowzahdan azat bolmaz. Kim Arefe güni isle dünýä we isle ahyrýet bilen baglanyşykly Allahdan bir zat islese Allah onuň dilegini garşylar.

Ýene tema bilen baglanşykly bir hadys şeýledir:

Arefe gününden has fazylatly bir gün ýokdur. Allatagala ol gün, ýer ehli bilen meleklere garşy öwüner we (Arafatdaky hajylary kast edip) şeýle buýurar:
Gullaryma bir bakyň. Saçlary-başlary dagynyk, toz-toprak içinde her uzak ilden maňa geldiler. Bu hallary bilen olar, rahmetimi umyt edýärler, azabymdanam gorkýarlar. Şaýat boluň, olary bagyşladym. Olaryň ýerlerini Jennet eýledim.
Melekler diýerler:
Olaryň arasynda biri bar, ýalandan bu işi edýär. Pylan aýalam şeýle.
Allatagala şeýle buýurar:
Olaram bagyşladym.

Arefe güni ýaly, hiç bir gün Dowzahdan has köp azat edilen bolmaz.

Bu arada şuny ýatladalyň: Hadyslarda aýdylyp geçilen Zilhijjäniň ilkinji on gününden maksat ilkinji dokuz günüdir. Çünki, Zilhijjäniň onunjy güni Gurban Baýramynyň birinji günüdir, ol gün agyz beklemek jaiz däldir (dogry däldir); diňe ol gün ybadat günüdir. Müstehap bolan oraza, Gurban Baýramyndan öňki dokuz gündür. On gijä bolsa, Gurban Baýramynyň gijesem degişlidir. Çünki gijeler öň gelýär. Ýene-de, Zilhijjäniň sekizinji gününe terwiýe güni, dokuzynjysyna Arefe güni; Gurban Baýramy gününe (onunjy güne) nahr-gurban güni, ondan soňky üç güne-de teşrik günleri diýilýär.

Bu günlerde kazasy bolmadyklar, bäş wagt namazyň üstüni nafile ybadatlar bilen köpeltmelidirler. Kazasy bolanlar bolsa has köp kaza namazlaryny okamalydyrlar.


Hormatly agzalar, hemmäňiziň Arefe günüňizi gutlaýan.. goý, Allatagala bize bu günüň haýyrlaryna, fazylatlaryna ýetmegi hemmämize nesip etsin!

Hemmäňiziň ýetip gelýän Gurban baýramyňyz gutly-mübärek bolsun! Bu günlerde edýän doga-dilegleriňiz, ybadatlaryňyz, tutýan orazalaryňyz Beýik Allatagalanyň huzurynda kabul bolsun!

Soýjak gurbanlyklaryňyzam Allah kabul etsin, enşallah!
ata
  • 2
  • 183
  • 31/08/2017 09:11
  • 3 minutda oka

ata

2 aý ozal

Bugün irdeniñ wagty bilen parz namazlarynyñ salamyndan soñra iñ az 1 gezek aýdylmagy wajyp we 3 gezek aýdylmagy sünnet bolan "Teşrik tekbirleri" getirilmäge başlandy.

Gurban baýramynyň 4-nji güni ikindi wagtyna çenli "Teşrik tekbirlerini" getirmek biz musulmanlara wajyp diýip bilýärin!

Ýatladaýyn diýdim!

Teşrik tekbirleri şeýle getirilýär:

"Allahu Ekber, Allahu Ekber! Lä ilähe illallahu wallahu Ekber! Allahu Ekber we lillähil hamd! "

ata

2 aý ozal

Kim ‘Kulhüvallahü ehad' (Yhlas) süresini okasa, öz nebsini Allahdan satyn alar. (Suyuti, el-Fethu’l-Kebir, 3/227; Münavî, Feyzü’l-Kadir, 6/203 hadis no: 8953.)

Kim Arefe gününde müñ gezek ‘Kulhüvallahü ehad' süresini okasa, Allah Tagalla oña isleýän zadyny berer. (Münavî, Feyzü’l-Kadir, 6/203)

Bellik: entak Arefe guni gutarmany ucin islane wagt bar okap dynmak ucin.