Jorama maslahat gerek.

Yassyga kellami goyup gysaryan,uklamaga synanysyan...Yok bolanok,uklap bilemok.Oydakilerin bary oye yygnanmasa eger-eger uka gidip bilemok her nace yadaw bolsamam...Name ucin men beyle gaygycylkam? Name ucin beyle gorkakkam? Hacana cenli beydip gorkup yasarkam?...Gaty kyn beyle yagdayda yasamak...Allajan yuregime ginlik ber!!! Durmusda gorky-urkusiz arkayyn yasamagyma komek et!!! Yalbaryan Allajan  mana asuda,agzybir masgala durmusyny bagyş et!!! Dunyade sondan basga arzuwym yok...Garasyan bir gymyldy-hereket bolsa soldur oydup dinsirgenyan.Olam iciñi yakayyn diyen yaly asyl gelayenok.Gapy asyl sakyrdap acylyberenok.Sol gapy bir sarkyldap,acylsa olam sag-salamat oye dolanyp gelse,bir yuregim rahatlanjak-da...In bolmanda jan edip dursa,janam edenok.Bilgeslin edyan yaly oz telefonymynam 500 minutlyk tarifi edil su gun gutarypdyr.8888 hyzmatyndan peydalanjak bolyan.Olam isleman dur.Ne zagistrirowan w seti diyen yazgy cykyar
Oy telefonam isleman dur su gunler.Gyzykly kino cykyp dur.Emma unsumi sowup bilemok.Kesearkac romanyny okap yorun su gunler.Su wagt onam okap,pikrimi jemlap bilemok.Fatih harbiye serialynyn diskine uly howes bilen seredyardim kate,su wagt olam ozune cekenok.Kellamde dine bir pikir ol caltrak gelmezmika? Gaty gija galdy...Eygilikmika,saglykmyka?...Cagalaram yatyp galdy.Agsamlyk naharam gelip iyer oydup holodilnige salman goydum.Sagada seredyan gije 1 bolup baryar.Ol henizem gelenok.Geldi ol yene icgili halda...Ine,sana gerek bolsa...Seyledirem oytdum-le...Bu yagdayy nadip duzetmeli,ony nahili edip dogry yola salyp bolar??? Sizem oz maslahatlarynyzy yazaysanyz!!!


Bellik: bu waka oz sahsy durmusym dal.Bir joramyn durmusy.Ona maslahat gerek.Ol natmeli?
Sohle
  • 30
  • 712
  • 01/08/2017 12:49
  • 1 minutda oka

Sohle

4 aý ozal

Nezaregistrirowan* bolmalydy.

tarhun

4 aý ozal

Alla ýüregiñize giñlik bersinda

Sohle

4 aý ozal

@tarhun joramyn yuregine ginlik bersin.

ata

4 aý ozal

Kyn mesele ekeni. Aklyma gelen kabir pikirleri yazasym gelyar.

1. Hem hal hem amal hemde dil bilen Allaha yalbar yoldashynyz bu yagdayyny duzeltmegi hemde gereksiz aladalarynyzdan halas etmegi ucin.

2. Yoldashynyz hacan araga bashlady. Ishe shondan bashlan. Name ucin bashlady. Kim yada kimler sebap boldy. Ony tapjak bolun. Gysgacasy arak we serhoshluk bilen bagly derdi name - shony anyk owrenseniz, onda shoba gorade charesini tapyp bilersiniz.

3. Yoldashynyzyn ene-atasy hem cagalarynyn serhosh bolup, gelindir agtyklaryny harlap yormegini islemez. Olara yagdayy açyñ we maslahatlashyn. Belki, olaryn has giwy teklip we tasirleri bolup biler yoldashynyzyn duzelmegi ucin.

4. Harama we icga bash goshmagyna kabir asyl sebapler ashakdakylar bolup biler:

A. Haramhor KABIR yalancy dostlar, ishdeshler, gonshular, klasdashlar, kursdashlar we sh.

B. Haram mekanlar: gije klublary, kazinolar, barlar we sh.m.

Sheyle ynsan we mekanlara gitmezligi ucin bir zatlar oylap tapmaly bolup bilersiniz gayynlarynyz bilen birlikde. Meselem, onun öñ gatnashan we hazirem gatnashyan kabir gowy gylykly dost-yarlary bar bolsa, olaryn gelinleri arkaly (mashgala degishli bar problemelarynyzyn aydylmagyna gerek yok, dine duzelmegi ucin kabir jemgyyete degishli ahlaky guramacylyklar: piknik, çöle gezelenc, haywanat bagy we sh.m babatda) olara hayysh edip, shol gowy ahlakly yoldashlarynyzyn icgin gatnashmaklaryna sebap boljak bolun. Haram mekanlaryn yerine halkyn gidyan umumy dync alysh yerlerine mashgala bolup, dost-yarlar we ene-atalarynyz bilen birlikde gidip bilersiniz.

5. Oz ene-atanyza hem yagdayy dushundirip, USULYNA gora hoshamaylyk bilen korekenlerini hore-koshe edip duzetmane synanyshsynlar. Koprak gatnashyn munyn ucin. Eger ene-atanyz gaharlaryna bas gelip bilman yoldashynyza gaty-gayrym zat diyayseler dagynTERS TASIR edip biler. Mundanam ägä boluñ.

6. Cagalarynyz bar bolsa, olara hem kalalaryna garshy hormatly we mahirli gatnashmaklaryny, ony irizman aram-aram onun mahrini ozlerine chekmani synanyshsynlar. Muny siz planly etdirmeli bolarsynyz.

7. Ozunizem yoldashynyza mahirli bolun. Ishe gidende we gelende hoshamaylyknwe mahir bilen ugradyp garshy alyn. Ishindekade gunde 1-2 gezek jan edip halyndan habar tutup durun. Gownuni galkyndyryjy sozler aydyn. Gaygysyna we begenjine sharik bolun. Gaygynyz egsilip begenjiniz kopeler shonda. Gidende gelende nahar shoryny egsik etman.

8. Munkin bolsa yoldashynyzy Allah tagalla bilen tanyshdyrjak bolun. Eger tanysh bolsa, onda taglymatlaryny yerine yetirmegi ucin elinizden geleni usulyna we mumkinciliklerinize gora gaygyrman. Ozuniz we cagalarynyz ucinem bu yagday sheyle. Sheyle bolsa hemmaniz arak we sh.m haram zatlardan uzak durarsynyz.

9. Araçy kabir sozi dinlenyan yashulylar ya yoldashynyzyn sozunden chykmayan kamil ahlakly 1 dosty, agasy ya garyndashy we sh.m. bar bolsa, olary hem bu barada komege cagyryp bilersiniz yoldashynyza bildirman we usulyna gora. Muny ene-atanyzyn ya gayynlarynyzyn usti bn edip bilersiniz.

Yokarkylaryn hemmesini hem edip, sabyr bilen, doga-dilegler bilen netijesine Alladan cyn yurekden garashyn.

Allah ishinizi onuna etsin. Mashgalanyza panyda we bakyda sagadat bersin we cagajyklarynyza guwanyp yashan.

Bu menden size kicirak bir maslahat hemde dileg. Sag salamat bolun.

Sohle

4 aý ozal

@ata maslahatlarynyz gaty yerlikli sag bolun! Joramyn aytmagyna gora onun icga bas uranyna 2-3 yyl onler 5 wagt namaz okayan eken.Son gowy aylykly ise gecip gymmatbahaly ulag,jay edinipdir.Is smeni 4 gunluk eken.Isdes yoldaslary bilenem icga bas urupdyr.ilki 1 gun icse ertesi acylypdyr.Emma indi bir baslasa 10 gun dowam edyarmis.In sonunda-da kapelnisa ukol almasa asla acylyp bilenokmys.Ozi men namaz okajak duzeljek diyyarmisde yene basaranokmys.Arasynda 1 ay icman gezyarmis.Birdenem yeke ozi oyde iciberyarmis.Sag wagty sondan gowy oglan yok.Ol joramyn yanyoldasy bolany sebapli menem ony dasrakdan tanayan.Birwagt il-gunun arasynda abrayly yigitdi.Emma indi...

Sohle

4 aý ozal

Jorama gaty nebsim agyryar.Gul yaly cagajyklary bar.Gayynlaryda atasy oy tarapyda yalbarypda gorupdirler gaharlanypda joram kate onun bilen ayrylysyp dynasy hem gelyar...

ata

4 aý ozal

Ansat dal ekeni, yone bu "DUZETMEK MUMKIN DAL" hem diymek dal.

Hiç wagt "BOSHLUK" bolmayar. Eger ishin, naharyn, ukyn we sh.m gerekli zatlaryn dashyndaky bosh wagtlaryny ynanç taydan bir zatlar bn doldurmasan, onda TW, disko, cilim, arak, haram yerler we sh.m zatlar bn melgun şeytan dolduryar. Bu 2x2=4 diyen yaly ayan.

Shu yagdayda ol yoldashynyñ bosh wagtlaryny nadip in gowy yagdayda dolduryp biljeginin planyny etsin.
Maddy yagdayam gowy ekeni, diymek. Onda shona gora hem plan bolmaly. Meselem, hepdede azyndan 1-2 gezek cagalary bilen birlikde Merdem, Altyn Yyldyz, Berkarar yaly yerlere hem nahar iyip hem cagalaryn oynap dync aljak yerlerine akitdirme, hepde ici we sonunda jemi 2 gezek Serdar yoly, 3/5/8 ayak, milli muzey, haywanat bagy, Gokdere we sh.m yerlere akitdirmek gezekmeshine.
Ayda ya 2 ayda 1 gezek cöl, piknik yaly yerlere akitdirmek.
Her ay azyndan 1 gezek gayyn oylerine we oz oylerine hem akitdirip az wagtlygyna hem bolsa galdyrmak cagalar bn bile we sh.m.

Bir ynsanyn erkiniñ guyji we wyjdany edyan amallarynyn gornushine we mukdaryna gora uytgap bilyar. Haram zatlar gowshadyar we halal zatlar berkidyar erk-ygtyyardyr wyjdany. Shu yagdayda her edip hesip edip yoldashyny halal yollara gonukdirjek bolmaly. Yokarda bar mysallary.

Ayrylyshmak - bu Allahyn rugsat beren zatlarynyn IÑ HALAMAYANYDYR.

Galybersede, ayralyk halynda hem zenan hemde cagalara agyr, ajy we kyn gunler garashar. Kemsinerler koplenc.

Shonun ucin mumkin boldugyca ahli wagt, mumkincilik we sebapleri bile bagtly bolmak ucin ulanmaly diyip pikir edyan.

Yan-yoldashlaryn bir-birlerini halal bolan zatlardan hemme taraplayyn doyurmak hem in wajyp zatlaryn biridir. Bulam yatdan chykarylmaly dal.

Her bir ynsanyn hasiyeti tapawutlydyr: biri girrik, biri mylayym, biri diktatorrak/orator, yene biri kejir we ozdiyenli, biri sadadyr beyleki mekir, biri zalymdyr, bashgasy aladacyl we yuregi yuka we sh.m.

Nace yyl birlikde bolan bolsalar, joranyz arini shonca yeterlik tanadyrmyka diyyan. Shol hasiyetlerine layyklykda plan we programma bn basharyp biler diyen pikirde.

Bulan hemmesi ynsanyn ozune, erk-islegine we sabryna bagly, elbetde.

ata

4 aý ozal

Esasy mesele:

1. Ishindaki wezipesi,
2. Maddy taydan bayap goterinmezligi
3. Ishdeah kabir erbet gylykly yaranlary

Shul 3 yagdayy duzetmekden bashlamaly.

Belki, ishini tashlamaz, yone ish wagtynyn dashyndaky bosh wagtlaryny hayra gonukdirip, gowy zatlar bn dolduryp bu yagdayy chozup biler.

Biderek ishdeahleri bm dalde onki gowy dostlary bn gatnashdyrmak beyleki punkty. Munam 1 zat edip etse bolar.

Maddy baylygy barada bolsa, Allah baylyk beren bolsa, onam shukruni isleyar. Shukri edilmedik baylyk harama, shol sebaplide, azaba sebap bolyar. Shu yagdayda aram aram matac garyndashdyr gonshy-golama we yetimlere maddy goldaw we sadaka berip durmak, pitre zekaty, gurbanlyk mal we sh.m zatlaryny edip durmaly. Yoldashy etmese hoshamaylyk bn yatladyp muny etmegine sebap bolmaly. In azyndan ozi shol maddy baylykdan alyp etmeli pikirimce. Son problema sebap boljak bolsa maslahatly etmeli bolar yone.

Sohle

4 aý ozal

@ata aga ol ise gidende 4 gun gidyan eken oyde gowy gezsede ise gidende icip gelyarmis koplenc.Onun gany zayalandymyka? Bagrynada agram dusupdir diyipdir lukman.Joram 2-3 yyl ona azap yhlas baryny etdi.Her gezek hassahana akidyar.Kopculikden esidip belli mollalara okadyp hem gordi.Her gezek okadandan son 3 hepde 1 ay yaly gezyar.Hayp yene onki yagday...Menin onki yazan yazgymy okap gorseniz sol oylanmada joramyn ykbaly...Joramyn gormedik gorgusi yok...Ol namaz okayar we Hudaya yalbaryar.

Sohle

4 aý ozal

Basga elinden gelyan zat yok.Cagalaram kopculikde gonsularyn arasynda oran kemsinyar.Bu bolsa jorama gaty agyr degyar...Ol joram yany hem icini dokup mana jan etdi.Su gun hem yanyoldasyny oye goltuklap getirip gidipdirler...

Enesha91

4 aý ozal

Çüýshedeshlerini ýok etmeli towereginden ilki bilen. Aragy kimin puluna alýalarka?

Enesha91

4 aý ozal

Ishini çalshyp gorsün ýa. Ozi isleýän bolsa erki ýetýän däldir içgisini tashlamaga. Her ýoldan komek etjek bolup gorsün. Belki çüýshedeshlerinin aýallary bilen üýshüp maslahatlashsynlar olary bir birinden dashlashdyrmagyn usulyny.

Enesha91

4 aý ozal

Meselem herisinin aýaly ärlerinin eline düshen puluny derrew alsalar. Çagalaryny bahanalap bilerler "planjana plan zat gerek.." diýip. Ellerinde araga bermäge pullary bolmasa ýazdyryp alarlar, son towerekden karz alarlar. Ahyry her kim ýadap ne ýazga bererler ne karz berer.

Sohle

4 aý ozal

@Enesha91 ol yeke ozi hem icyar eken.Pul bermese-de ayalyny urup yencjek hem bolyarmys.Onson ayrylysmak in ansat cykalga bolmagam mumkin.

Enesha91

4 aý ozal

Belki dogrydyr. Ýone menden sorasan men üçin dogry däl. Adamsy ýalnysh güne dushen wagty tashlap gitmegi hiç goldamok. Gowy günlerem bolandyra, gowy är, gowy kaka, gowy adam... elbetde çagajyklarynada psihiçeskiý ziýan ýetirýändir kakasynyn beýdip ýormegi, belki diýersin çagalary üçin aýrylshyp asuda durmush ýashany gowy diýip. Ýone nähili beýle halda ýeke tashlap gidip bolar, tashlasa onkusindenem beter trýapka bolarda. Beýle adamlara goldaw gerek. Dogry ýoly gorkezmeli. Bir çäresi bardyr oýdýän, synap gorsün her hili ýoluny.

Enesha91

4 aý ozal

Hemme zat gül ýaly wagty ýanynda bolup, beýle ýalnyshan ýola düshen günem tashlamak namartlyk bolaýmasa. 2-3 ýyllykda içgä bash urdy diýýän, 10-15 ýylyn alkashlaram ýola gelip gidýäler. Bolmosa doktora ýüz tutsun, dermany zady ýokmyka. Ýa molla zada okatsyn. Aslynda shu mollalaram komek edýä, birini tanaýan aýaly molla okatdy içýä diýip adamsyny. Shu wagt içeýin diýsedeniçip bilenok, sebäbi goni yzyna gaýtarýa.

Enesha91

4 aý ozal

Sabyr edip bir çäresini tapjak bolup gorsün. Hem ozi ýan ýoldashsyz galmaz hem çagalary kakasyz galmaz

Sohle

4 aý ozal

@Enesha 91 sag bol maslahatlara hokman aydaryn ol mollalarada okadyp gordi yene okat diyerin.Belki duzelip gidewersin.Wah joramam kate cydanok sabyr kasesi dolayyar.Yogsam icmedik wagtlary sondan gowy adam yok.Ol wagt ayalyny elinin ayasynda saklayar.Sizem dilegde bolawerin kopun dilegi kölmüş.Joram pahyrynam yuzi gulewersin...

Gowjam

4 aý ozal

Hemme zat gowy bolor ensalla Allah ozine mataclere hokman komek eder Yuregine ginlik berer

ata

4 aý ozal

...ol ise gidende 4 gun gidyan eken oyde gowy gezsede ise gidende icip gelyarmis koplenc.Onun gany zayalandymyka? Bagrynada agram dusupdir diyipdir lukman.Joram 2-3 yyl ona azap yhlas baryny etdi.Her gezek hassahana akidyar.Kopculikden esidip belli mollalara okadyp hem gordi.Her gezek okadandan son 3 hepde 1 ay yaly gezyar.Hayp yene onki yagday...

Basga elinden gelyan zat yok.Cagalaram kopculikde gonsularyn arasynda oran kemsinyar.Bu bolsa jorama gaty agyr degyar...Ol joram yany hem icini dokup mana jan etdi.Su gun hem yanyoldasyny oye goltuklap getirip gidipdirler...

ol yeke ozi hem icyar eken.Pul bermese-de ayalyny urup yencjek hem bolyarmys.Onson ayrylysmak in ansat cykalga bolmagam mumkin.

ol mollalarada okadyp gordi yene okat diyerin.Belki duzelip gidewersin.Wah joramam kate cydanok sabyr kasesi dolayyar.Yogsam icmedik wagtlary sondan gowy adam yok.Ol wagt ayalyny elinin ayasynda saklayar.Sizem dilegde bolawerin kopun dilegi kölmüş.Joram pahyrynam yuzi gulewersin...

Has içgin bir zatlar ýazmak aňsat däl. Ýene-de aklyma gelen birnäçe ýagdaýy paýlaşaýyn:

1. Ilki bilen öň bir mowzuk açypdym Maşgalanyň bagtly bolmagy üçin birnäçe maslahat adynda. Şol ýerdäki käbir degişli maslahatlary hem sebäpkär hem-de hemmämiz okasak, maşgala içinde oňat bolmadyk gatnaşygymyzyň düzelmegi üçin nepi degip biler.

2. Bärde maslahat berjek erkek agzalar özlerini onuň ýoldaşynyň ýerine we zenan agzalar özlerini joraňyzyň ýerine goýup (EMPATIÝA) pikirlenip görseler has göwnejaý maslahatlar ýazyp bilerler. Bu ýagdaý hiç birimiziň başymyza gelmesin! Gelse-de iň gysga wagtda hötdesinden gelip biljek güýç-kuwwaty hem-de sabry bersin Biribar! Meniň başymdan bu ýagdaý geçmäni üçin göwnejaý jogapdyr maslahatlar berip bilmerin, belki, birdir-ikidir işiöize ýarap biljekleri hem bolup biler ýöne.


3. "Aýrylyşmak - bu Allahyň rugsat beren zatlarynyň içinde IÑ HALAMAÝAN bir ýagdaýydyr" diýipdim ýokarda - ýene 1 ýola gaýtalaýan. Aýrylyşmak ýaly niýeti bar bolsa, pikirimçe, ilki 1 hepde - 1 aý ýaly wagt öz atasy öýüne gidip biler çagalaryny hem alyp gitse (ýöne şol wagtyň dowamynda hem belli bir ýagdaýda düzelmegi üçin puryja berýänini duýduryp, ýagdaýynam barlap we yzarlap bilse) gowy bolar. Sebäbi:

a. her işe gidende içip serhoş bolup gelýän bolsa;
b. öýde ýeke bolan wagtam içýän bolsa;
ç. içmäne pul tapmadyk wagty gelnini urjak bolýan bolsa;
d. molla okadylanda we hassahana äkidilende hem täsiri 3 hepde dowam edip, ýene öňki halyna gelýän bolsa we ş.m.

Eger şol wagtda hem düzelmese, soň aňsat-aňsat düzelmän biler. Şu ýagdaýda aýrylyşmagy dogry hem bolup biler. Ýöne aýrylyşaýanda hem käbir kynçylyklar ýüze çykýar we onam kabul edip, netijelerine hem sabyr edip çydamaly bolar:

a - iki çagasy bn nirede ýaşamaly? Atasy öýündemi ýa gaýynlaryndamy ýa aýrylyşsa hem şol 1 jaýdan (öňki) ýoldaşy bn bile girip çykmalymy? Soňkusy boljak bolsa aýrylyşmagyň näme manysy bar?
b - Öz ene-atasyny we dogan-jigilerini hem gynandyrar. Öňem günleri kyn bolan ýakynlarynyň has gamgyn bolmaklaryna sebäp bolup biler.
ç - Çagalaryň kemsinmegi.
d - Maddy taýdan kynçylyk.
e - ýekelik derdi we ş.m.

4. Oglanyň we gelniniň bu ýagdaýy hoşniýetli çözüp biläýjek iň ýakynlary oglana öz ýakynraklaryndan ýa-da ýakyn bolmasa-da oglanyň başgarak has gowy ýagdaýdaky bir iş tapmagyny maslahat etmekden başlap bilerler pikirimçe. Sebäbi belanyň körügi işi, işindäki biderek işdeşleri hem-de az-owlak gazanýan haram gatyşykly baýlygy ýaly görünýär ýazylanlardan.

5. Arak köp içýän biriniň bagram, aşgazanam, ganam zaýalanyp biler. Bu adaty ýagdaý. Bu ýagdaý üçin hassahana we lukmanlaryň anyklap berjegi emlerden we maslahatlardan, aragy içmezligi barada bolsa metjit we ymamlardan we olar tarapyndan beriljek aragy içmegiň külli günäligi, Allah we Resuly s.a.w. tarapyn çürt-kesik gadagan edileni we zyýanlaryna degişli wagzy-nesihatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

6. Ýokarky çykalgalary synany görülýär ýazylanlardan, aslynda. Ýene 1 ýola yhlas, doga-dileg, ybadat we sabyr bn Allahdan isläp, berlen nesihat we maslahatlardan peýdalanyp degişli çäreleri hem synap netijesine garaşmalymyka diýýän, ýogsa ýa "ejizlik" ýa-da "kyn we ýalňyşan gününde ýoldaşyny taşlap gitmek" ýaly bolup biler.

Allah bu ýagdaýdan çykalga tapmagyňyza ýardam bersin!

gugajanm

4 aý ozal

ayda1je stakan icyanleri name etmeli

gugajanm

4 aý ozal

eýgilikmi ýanyp ýörmedäñ ýalñysmañ oýlanyñ pikir ediñ dekje geziñ hovlukmañ artykmac hereket etman beh düsünerýalydålaý

Enesha91

4 aý ozal

Aýda birje stakan içýänlere shükür edibermeli boldy oýdýän indi

ata

4 aý ozal

Aýda birje stakan icilip bashlanyar we sonunda yokardakybyagdaya dushulyar bolmanam. Bir bashlasanam ansat-ansat tashladyan zat dal bolmaly yazylyp aydylyan zatlara seredeninde.

Ikinjidenem, "Kopi haram bolanyn azy hem haramdyr."

Ahlaky, saglyk, maddy, mashgala agzybirligi, we sh.m dini we dunyewi beyleki zatlar taydan hem zyyanly we hic-hili peydasy yok bir zat, aslynda. Ne Allahyn nede ilcisinin hoshnytlygy bar, tersine gynanyandyrlar bu yagdaya.

gugajanm

4 aý ozal

gaty.dogry

Keks

4 aý ozal

Dine sen joran kosenenok , bashgada kosenyam mashgalalar kop . Buny dine arkadag duzedip bilya yurtda nese unimleri gadagan edilshi yaly shu haram aragy hem gadagan etseler haram zavotlar yapylsa shonda hemme zat gowy bolar .

gugajanm

4 aý ozal

ay ozi zenan masgala kan kosenyamika diyan mena

Parekmaher

4 aý ozal

Бе кын ягдай экен,
галанам говлук болсунда..!

Sohle

4 aý ozal

Hemmanize sag bolun maslahatlarynyz ucin!Huday komek etsinda belki bu masgalanyn durmusynyn duzelmeginede...

bilal

4 aý ozal

Yoldasyny adamlaryn arasynda bir yada iki gezek masgara etmeli ya bolmasa dost yarlarynyn arasynda masgara etmeli hemde utandyrmaly ine sonda aragyny goyar...