Okanyña degýän goşgy.

Söýme meni, eger oduñ,
Doñumy çözmejek bolsa.
Söýme meni, seniñ gämiñ,
Deñzimde ýüzmejek bolsa.

Söýme meni, pikirleriñ,
Pikrimi bilmejek bolsa.
Seni görüp didelerim,
Begenip, gülmejek bolsañ.

Söýme meni, señ ýüregiñ,
Zarym çekişmejek bolsa.
Garañkyda, ýagtylykda,
Ýollar söküşmejek bolsa.

Söýme meni, señ söýgiñe,
Ulaşmaýyn, ýakjak bolsa.
Söýen bolup söýme meni
Gözleñ özgä bakjak bolsa.

Söýme meni, seniñ söýgiñ,
Ömrüme ýetmejek bolsa.
Döredip durmuşda höwes,
Bagytly etmejek bolsa,
Söýme meni.
Duýma meni.
wahwahwah
  • 1
  • 218
  • 14/07/2017 08:49
  • 1 minutda oka

wahwahwah

2 aý ozal

Çeşme: Garagum 3 - 2017 aýda bir gezek çykýan edebi-çeper žurnaldan