HALKYŇ SAGLYGY - ÝURDUŇ BAÝLYGY

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler, oňyn özgertmeler hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň aýdyň netijeleridir. Bu beýik işleriň özeninde bolsa, milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly şygary öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň başda durmagy bilen ýurdumyzyň Saglygy goraýyş ulgamynyň esasy ugurlaryny kesgitlän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy kabul edildi. Halkyň saglygyny goramaga täzeçe çemeleşmäniň esasynda duran bu möhüm Döwlet resminamasy adamlaryň saglygyny pugtalandyrmak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak boýunça uly göwrümli işleri meýilleşdirmäge we amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Şu gysga wagtyň içinde Garaşsyz, baky Bitarap Döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ähli ugurlarda, aýratynam, lukmançylykda gazanylýan üstünlikler uludur. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän her bir özgertmeler halkyň erk-isleginden, jemgyýetiň sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplardan ugur alýar. Çünki biziň ýurdumyzda halkyň bähbidinden ileri zat ýok.
Eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak Türkmenistanyň hökümetiniň ileri tutýan meseleleriniň biri bolup durýar.
Döwrebap enjamlary we iň täze tilsimatlary ulanmak arkaly, has ýokary derejede hyzmatlary bermekligiň zerurlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat şäherinde we ähli welaýatlarda „Ene mähri“ merkezleri hereket edýär. Merkezler agramy 500 gramdan ýokary bäbeklere ideg etmeklik üçin innowasion enjamlar we zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün edildi. Bu tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy täze doglan bäbekleriň ýaşamaklyk mümkinçiligini ýokarlandyrýar we aýallary ene bolmak bagtyna ýetirýär. Merkezleriň hünärmenleri ganazlygyň we metobolizmiň bozulmagynyň skrining barlagyny, düwünçegiň ýagdaýyny anyklamak üçiň AIW/AIDSe skrining geçirýärler.
Ýatgynyň boýunjygynyň kolposkopiýasy we çyrşagyň sitologiýa barlagy ýaly skrining barlaglarynyň mammografiýa we deşme stereoskopiki biopsiýasyny, soňra çyrşagy barlamak bilen geçirilmegi ýatgynyň boýunjugynyň we göwüs mäziniň howply täze döremelerini ir ýüze çykarmaklyga mümkinçilik berýär.
Osteoporozyň ir döremeginiň öňüni alyş we anyklaýyş çärelerini geçirmekligiň arasynda süňk densitometriýasyny, gormonlaryň derejesini we mineral çalşygyny anyklamaklygy, öwezini dolduryjy gormonal we berhiz bejergini geçirmekligi we ýöriteleşdirilen serişdeleri ulanmaklygy görkezmek bolar.
Zenana we onuň adamsyna reproduktiw hukuklaryny amala aşyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezinde kömekçi reproduktiw tehnologiýalar barlaghanasy – EKT (ekstrakorporal tohumlandyrma) işleýär. Genetiki barlaghanada häzirki zaman tehnologiýalar arkaly nesil yzarlaýjy keselleriň irki anyklaýşy geçirilýär. Biomateriallary saklamak üçin bankyň bolmagy, onkologiýa keselli erkekleriň we aýallaryň öz reproduktiw hukuklaryny has giň ulanmaga hem-de bu mesele babatda kemsidilmekligiň bolmazlygyna mümkinçilik berer. Göwreli aýallarda uglewod çalşygynyň bozulmalaryny skrining arkaly ir ýüze çykarmaklyga gönükdirilen «Gestasion diabet» halkara türkmen-german taslamasy, göwrelilik döwründe we dogumda gaýraüzülmeleriň öňüni almaklyga, täze doglan bäbeklerde uýgunlaşma döwrüniň gaýraüzülmeleriniň öňüni almaklyga, dogumdan soň 6 hepdäniň dowamynda enäniň we çaganyň ýagdaýyna we süýjüli diabetiň 2-nji görnüşine geçmekligine gözegçilik ulgamyny işläp taýýarlamaklygy amala aşyrmaga şert döredýär.
Türkmenistanda perinatal lukmançylyk kömegini gowulandyrmak üçin perinatal gullugy sebite bölmek we onuň 3 derejesini döretmek işleri alnyp barylýar.
Çaganyň irki ösüşi maksatnamanyň çäklerinde Ösüş pediatriýasy we irki döwürde täsir etmek merkezi döredildi. Bu gullugyň esasy maksady — çagalarda ösüşiň kynçylyklaryny irki wagtda anyklap, olara lukmançylyk, durmuş kömegini bermeklik bolup durýar.
Ýurdumyzyň ähli çaga dogurdyş we dogrum kömegi edaralarynda ene süýdi bilen iýmitlendirmeklige ir (ilkinji ýarym sagadyň içinde) başlamaklyk we lukmançylyk görkezmelerinden başga ýagdaýlarda çagalary olaryň islegi boýunça iýmitlendirmeklik ýola goýuldy.
Saglygy goraýşyň ilkinji basgançagynda öňüni alyş çäreleriň geçirilmegi, şeýle hem, näsaglaryň hassahana çenli tapgyrda doly barlanylmagy, has ýaýran keselleri bejermegiň standart beýanlaryň girizilmegi, anyklaýyş we bejeriş-öňüni alyş edaralaryň iş tertibiniň kämilleşdirilmegi näsaglary hassahanada bejermegiň möhletleriniň azalmagyna getirdi, hassahana ýerleşdirilen ilatyň udel agramy peseldi.
Hassahana gullugynyň kämilleşdirilmegi subut ediji lukmançylygyň esasynda hassahanalaryň tejribesine häzirki zaman we netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap etdi.
Häzirki wagtda saglygy goraýyş kömegi, şol sanda kardiologiýa, pulmonologiýa, onkologiýa we endokrinologiýa kömegi üç derejede berilýär.
Ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş kömegini bermek üçin dürli ugurlar boýunça täze görnüşli ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralaryň ulgamy döredildi. Bu bolsa, işiň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmaga, bejerginiň çylşyrymly usullaryny geçirmeklige mümkinçilik berdi, şeýle hem ýurt boýunça degişi gulluklaryň işini utgaşdyrmaga şert döredýär.
Hirurgiki bejerginiň nusgawy usullaryna döwrebap ýokary tehnologiýaly endoskopiki anyklamak we bejermek usullary (traheobronhoskopiýa, ezofagogastroduodenoskopiýa, mediastenoskopiý, torakoskopiýa), öýkeniň, gursagaranyň, gyzylödegiň, ýüregiň we uly gan damarlaryň häzirki zaman rentgenologiki barlaglary (kompýuterli tomografiýa, angiografiýa, magnitrezonans tomografiýa) ornaşdyryldy. Endohirurgiýa tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy netijesinde, operasion şikes ýetmeleri, gaýraüzülmeleriň sanyny we agyrlygyny, derman serişdeleriniň köp sarp edilmegini, operasiýadan soň hassahanada bolmaklygynyň dowamlylygyny gysgaltmaga mümkinçilik berdi. Zähmete ukypsyzlygyň we adaty durmuşa dolanmaklygyň möhletleri gysgaldy.
Bu operasiýalar diňe merkezi edaralarda däl-de, welaýatlarda hem ýerine ýetirilýär.
Umumy hirurgiýa ugry boýunça diafragma-gyzylödek deşiginiň ingileriniň plastikasy, inwaginasion gastraduodenal we gyzylödek-içege anastamozlary, transduodenal papillosfinktero plastikasy, gepatoholedohyň strikturalarynda dikeldiş we rekonstruktiw operasiýalar, gyzylödegiň berçli daralmalarynda ezofagoplastikanyň ähli görnüşleri ýaly operasiýalar ýola goýuldy.
Kardiohirurgiýa operasiýalaryň esasy aýratynlygy-ýüregi wagtlaýyn durzup, emeli ganaýlanyş arkaly geçirilmegidir. Kardio-angio hirurgiýa ugry boýunça çylşyrymly dogabitdi we gazanylan kemislikleriniň radikal operasiýalary, ýürek garynjykara, alyn ýürekara germewiniň plastiki operasiýalary, aorto-koronar, mammar-koronar şuntirleme operasiýalary, ýüregiň damarlarynyň stentirlemek operasiýalary, çep garynjygyň anewrizmaektomiýa operasiýasy, ýürek boşluklaryndan miksomany aýyrmak operasiýalary, aortanyň ýokary galýan böleginiň Waskutek usuly bilen protezirlemesi, aortaiçre ballon kontrpulsator operasiýasy, damar kesellerinde - autobifemoral, arterial autowenoz şuntirleme, protezirleme, endarterektomiýa amaly lukmançylyga girizildi. Soňky döwürde trombolitiki serişdeler, aorto-koronar şuntirleme, gan damarlary gaýragoýulmasyz bejermek we dikeltmek üçin stentler bilen bilelikde angioplastika giňden ulanylýar.
Trawmatologiýa we ortopediýa ugry boýunça but-çanaklyk we dyz bogunlarynda endoprotez operasiýalary, turba görnüşli süňkleriň döwüklerinde titan metal konstruksiýasyny goýmak operasiýalary, bognuň atanak baglaýjylaryny dikeltmek operasiýasy, intra we ekstramedulýar osteosintez, blokirleýji osteosintez operasiýalary, artroskopiýa enjamynyň kömegi bilen meniskektomiýa, hondrom bedenleri aýyrmak, sinowektomiýa, bognuň üstlerini osteofitlerden arassalamak operasiýalary ýola goýuldy.
Neýrohirurgiýa ugry boýunça kelle beýni şikeslerinde we gemorragiki insultynda beýni içki gematomalary kiçi inwaziw ýoly bilen aýyrmak, kelle beýniniň, gipofiziň we oňurga ýiliginiň täze döremelerini aýyrmak, merkezi nerw ulgamynda, parazitar kesellerinde ehinokokkektomiýa operasiýalary, kelle beýni we oňurga ýilik ingilerinde rekonstruktiw operasiýalary, kelle çanak süňk defektlerinde rekonstruktiw kranioplastiki operasiýalar ornaşdyryldy.
Otorinolaringologiýa we surdologiýa ugurlary boýunça gulak kesellerinde timpanoplastika, burun we burunýan boşlugynyň kesellerinde endoskopiki (endonozal) anyklaýyş we bejeriş usullary, täze doglan bäbekleriň eşidişini barlamaklyk usuly ýola goýuldy.
Urologiýa ugry boýunça peşew çykaryjy we jyns agzalarynyň anomaliýalarynda plastiki operasiýalar, prostatanyň adenomasynda transuretral rezeksiýany ulanmak, böwrek daş keselinde (böwrekleriň, peşewakarlaryň, peşew haltanyň daşlary) distansion litotripsiýa usulyny ulanmak, peşew akarlaryň daşlarynda kontaktly litotripsiýany ulanmak, deriüsti funksion nefrolitotripsiýa usulyny ulanmak, böwrekleri stentler bilen drenirlemek usullary ornaşdyryldy.
Oftalmologiýa gullugynda geçirilýän operasiýalaryň esasy aýratynlygy – ambulator şertlerinde ýerine ýetirilmegidir. Oftalmologiýa ugry boýunça katarakta keselini bejermeklikde fakoemulsifikasiýa usuly we kataraktanyň ekstraksiýasy, miopiýa we miopiýa astigmatizmi keselinde refraksiýa emelleriniň lazer arkaly fotorefraktiw keratoektomiýasy, çagalarda ambliopiýanyň bejerilişi, çaşylyk we refrаksiýanyň anomaliýasy kesellerinde täze kompýuter usuly bilen bejeriş ýola goýuldy.
Onkohirurgiýa gullugyna bolan garaýyş soňky ýyllarda düýpgöter üýtgedi. Häzirki zaman anyklaýyş usullarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, howply täze döremeleriň dürli ýerde ýerleşen, çäklendirilen görnüşlerini has ir döwürde ýüze çykarmaklyga itergi berdi.
Anesteziologiýa we reanimasiýa gullugynda inwaziw däl emeli dem beriş usullarynyň ulanylmagy, ýörite programmirlenýän dozator enjamlary ulanmak, döwrebap täze anestetikleriniň, miorelaksantlaryň ulanmaklygy, ýürek boşluklarynyň we öýken arteriýasynyň basyşyny üznüksiz ölçemek we gemodinamiki görkezijileri kesgitlemek usuly, ekstrakorporal gan arassalaýyş usullary, PICCO kateteri arkaly gemodinamiki görkezijileri ölçemek, transezofagial zond arkaly ehokardiografiýa barlagyny geçirmek, TIVA (total intrawenosis anesthesia) – ýörite gurallar bilen total damar içi anesteziýany, wideolaringoskoplary ulanmak, magistral damarlarynyň punksiýasy we kateterizasiýasy üçin ýörite dopler enjamyny ulanmak, EKMO (ekstrakorporal membrane oxygenation) – emeli öýken-ýürek enjamyny ulanmak usullary ornaşdyryldy.
Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda saglygy goraýyş babatdaky hyzmatdaşlyk ençeme ýyly öz içine alýar hem-de ol Türkmenistanda berk we mähirli däbe öwrüldi. Uzak ýyllaryň dowamynda bilelikdäki işleriň netijesinde, türkmen-nemes mekdebi döredildi, ol ýerde nemes professorlary hem-de milli hünärmenler tarapyndan bejeriş-anyklaýyş işiniň täze usullary öwredilýär, master klaslar berilýär, maslahatlar geçirilýär, leksiýalar okalýar, ylmy taslamalar geçirilýär. 2012-nji ýyldan bäri «Senior Ekspert Serwis» (SES) gullugy bilen hyzmatdaşlyk dowam edýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we hünärmen binýadynyň berkidilmegi, häzirki zamanyň we BSGG-nyň talaplaryny ödeýän öňdebaryjy tehnologiki we lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi ilata berilýän saglygy goraýyş kömegini hil we möçber taýdan täze derejä galdyrmaga mümkinçilik berdi.
BegaLukman
  • 0
  • 115
  • 14/07/2017 09:23
  • 8 minutda oka