Türkmenistanyň Saglygy goraýşy bagtyýarlyk döwründe

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan işlenilip düzülen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi strategiýasynda döwletimizi dünýäniň ykdysady ösüşi we ilatyň hal-ýagdaýy babatynda iň ýokary görkezijili kuwwatly döwletleriň hataryna goşmak wezipesi öňde goýulýar. Bu maksada ýetmek üçin milli Liderimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän ähli özgertmeler, ýurduň baş baýlygy – halkyň saglygyny goramaga gönükdirilen milli saglygy goraýyş binýatlaýyn ulgam hökmünde öň hatara çykýar.
Soňky ýyllarda bu ulgamda ýokary hilli öňegidişlikler amala aşyryldy. Muňa mysal edip, keselleri bejeriş we öňüni alyş, keselleri anyklaýyş we ylmy-kliniki ugurly saglygy goraýyş edaralarynyň köp şahaly ulgamynyň döredilmegini, lukmanlaryň taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak ulgamynyň kämilleşdirilmegini, innowasiýa işläp düzmeleri we ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýokary derejeli lukmançylyk kömeginiň elýeterliliginiň üpjünçiligini, lukmançylyk hyzmatynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, onuň ilatyň islegine we lukmançylyk ylmynyň öňdebaryjy üstünliklerine laýyk gelmegini görkezmek bolar.
Milli Liderimiziň bu we beýleki giň göwrümli özgertmeler maksatnamasyny Türkmenistanyň ähli sebitlerinde amala aşyrmak üçin ýurdumyzda soňky ýyllarda döwrebap hassahanalar we ylmy-kliniki merkezler gurlup ulanylmaga berildi we olaryň gurulmagy dowam etdirilýär. Enjamlaşdyrylyşy we hyzmatlarynyň köpdürlüligi bilen dünýäniň şeýle edaralaryndan birjik-de pesde durmaýan lukmançylyk we şypahana ugurly dürli kärhanalar gurulýar. Sahawatly türkmen topragynda ösýän dermanlyk ösümliklerinden dermanlary öndürýän kärhanalar açyldy. Dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.
Saglygy goraýyş düzümini döwrebaplaşdyrmak ilatyň saglyk ýagdaýynyň gowulaşmagynda, türkmenistanlylaryň ortaça ýaşynyň artmagynda, çaga dogulmagynyň ösüşinde aýdyň ýüze çykdy.
2009–2015-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda köpsanly desga guruldy, enjamlaşdyryldy we ulanmaga berildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, oba ýerlerinde 44 hassahananyň, 72 saglyk öýleriniň we merkezleriniň gurulmagy göz öňünde tutulýar.
Täze lukmançylyk desgalarynyň sanynyň artmagy bilen baglylykda, Türkmenistan boýunça näsaglygyň durnukly peselýändigi hasaba alynýar. 2009-njy ýylda her 100 müň adama 18448 näsagyň düşýänligi hasaba alnan bolsa, 2015-nji ýylda olaryň sany 17682 adama barabar boldy.
Hususan-da, ýokanç keselleriň sany üzül-kesil peseldi. Çaga dogmagynyň ösüşinde hem şeýle oňyn ýagdaýlar hasaba alynýar. Munuň özi belli bir derejede saglygy goraýyş infrastrukturasynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. 2009-njy ýylda Türkmenistanda 129,9 müň çaga doglan bolsa, 2014-nji ýylda olaryň sany 22,8 göterim ýokarlanyp, 168,3 müňe barabar boldy.
Ilaty halkara ölçeglerde lukmançylyk hyzmaty bilen üpjün etmek üçin lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak boýunça täze işläp düzmeler işe girizildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, diňe bir merkezi we welaýat merkezleriniň hassahanalary däl-de, etrap hassahanalary hem kompýuter tomograflary, ultrases anyklaýyş we kardioölçeg enjamlary, köpugurly sanly rentgen gurnamalary, öýkene emeli howa bermek enjamlary, barlag enjamlary ýaly, iň täze lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Köp ýyllaryň dowamynda lukmançylyk edaralary «Siemens Medical Systems AG», «Fresenius Medical Care GmbH», «Draeger Medical», «Kodak Pentax», «Toshiba», «Olympus», «Aloka», «Fujinon», «B.Braun Aesculap», «Leica Microsystems», «Samsung», «Mediaprogress», «BTL», «Karl Stroz», «Human GBBH», «Otto Bokk» we beýlekiler ýaly, dünýä meşhur öndürijileriň enjamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
Türkmen tebigatynyň ösümlik dünýäsiniň dermanlyk otlaryndan we ösümliklerinden derman öndürmek boýunça kärhanalar açyldy, dünýäniň iri lukmançylyk merkezleri we ylmy-barlag edaralary bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. 2014-nji ýylda Jebelde bejeriji palçyklary we deňiz duzlaryny gaplaýjy zawod, şeýle hem Bereketde ýod öndüriji kärhana, Daşoguzda arassa sargy serişdelerini çykarýan kärhana, Aşgabat şäherinde «Berzeňňi» mineral suw öndürýän kärhana we Abadanda zyýansyzlandyryş erginlerini öndürmek boýunça zawod işe girizildi.
Häzirki wagtda ylmy lukmançylyk halk lukmançylygynyň däplerini täzeçe özleşdirmek bilen, sahawatly türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň bejeriş güýjüni ykrar edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy ensiklopedik eseri fitoterapiýanyň köp syrlary barada gürrüň berýär. Bu neşir dünýäniň dürli dillerinde çap edilip, dünýäniň ylmy lukmançylygyna, şeýle hem okyjylaryň giň köpçüligine elýeterli edildi.
Milli saglygy goraýyş ulgamyny özgertmekde keselleriň öňüni alyş wajyp ähmiýete eýedir. Öz raýatlarynyň abadanlygyna örän jogapkärli çemeleşmek bilen Türkmenistan saglygy goraýşyň halkara ölçeglerini üpjün etmek hem-de arassaçylyk we keselleriň öňüni alyş gözegçiligini güýçlendirmek boýunça meýilleşdirilen immunizasiýany yzygiderli geçirmek bilen, ilatyň keselleriň öňüni alyş serişdeleri bilen üpjünçiligi boýunça sebitde öňdebaryjy orny eýeleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň görkezmelerini hasaba almak bilen işlenip düzülen «2003–2020-nji ýyllar arasyndaky döwür üçin immunoprofilaktika» milli maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar.
Saglygy goraýyş boýunça meseleleri çözmekde ýurdumyzda birnäçe ýokanç keselleriň aradan aýrylandygy baradaky halkara resminamalar, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň bu ugurdaky tejribelerini Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitlerindäki ýurtlara ýaýratmak üçin maslahat berilmegi Türkmenistanyň üstünlikleriniň gürrüňsiz ykrar edilmegidir. Türkmenistan ysmaz, gyzzyrma, gyzamyk, gyzylja kesellerinden azat ýurt diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda un demir we foliý kislotasy bilen baýlaşdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetinde içgin gyzyklanma döredip, ýokary baha eýe bolýar.
2013-nji ýylyň 3-4-nji dekabrynda Aşgabatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglyk–2020» maksatnamasynyň çäklerinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Ýewropa Ministrler maslahatynyň geçirilmegi, onda Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegi ÝDK-yň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda işleriň işjeňleşmegine itergi berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2014-nji ýylyň maý aýynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmagyň 2014-2020-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» we olary amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.
Howp faktorlaryň saglyga täsirini azaltmak maksady bilen, ministrlikler we pudak edaralaryň arasyndaky pudagara hyzmatdaşlyga, sagdyn durmuşy emele getirmeklige raýat jemgyýetçiligini çekmeklik sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaklyga höwesi berkider, ony ornaşdyrmak üçin şertler döreder.
Häzirki wagtda ýurdumyzda «2012-2016-njy ýyllarda Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda 2014-2020-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň we olara garşy göreşmegiň Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmagyň Milli strategiýasy», «Türkmenistanda 2014-2018-nji ýyllarda eneleriň, täze doglan çagalaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramak boýunça Milli strategiýasy we iş meýilnamasy», «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasy» we beýlekiler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki wagtda giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap saglyk infrastrukturasy döredilýär, dünýä derejesindäki täze lukmançylyk, şypahana we syýahatçylyk ugurly sagaldyş merkezleri yzly-yzyna ulanylmaga berilýär.
Meşhur türkmen şypahanalary Baýramaly, Berzeňňi, Mollagara, Arçman, şeýle hem Ýyly suw we Farap şypahanalarynyň düýpli abatlanandygyny hem-de döwrebaplaşdyrylandygyny ýatlamazlyk mümkin däl. Bu geçirilen işler ol şypahanalary ýokary tehnologiýaly, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, ýokary amatlykly saglygy dikeldiş merkezlerine öwürdi.
Kesel bejeriş we sagaldyş işleriniň guralyşy boýunça, şol sanda lukmançylyk hyzmatlary boýunça türkmen şypahanalary häzirki wagtda dünýä derejesine laýyk gelýär.
Hazar deňziniň kenarynda saglyk we dynç alşyň giň göwrümli infrastrukturasy peýda boldy. Ol ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça ägirt uly taslama amala aşyrylýar. Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda täze lukmançylyk-durmuş desgasynyň — kenarýaka syýahatçylyk zolagynda guruljak «Awaza» şypahanasynyň we Türkmenbaşy şäheriniň köpugurly hassahanasynyň binýady tutuldy.
Türkmenistanda milletiň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimizde wagyz etmek we ornaşdyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek boýunça ähli zerur işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda ähli jemgyýetçilik ýerlerinde zyýanly endik bolan çilim çekmeklik we nas atmaklyk gadagan edildi. 2011-nji ýylyň martynda Türkmenistan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreş boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gol çekdi. Türkmenistanyň «Raýatlary temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanlaryndan goramak hakyndaky» Kanuny kabul edildi.
Temmäki ulanylmagyna garşy göreşde bitiren hyzmatlary we goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýörite medaly bilen sylaglanyldy. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy Margaret Çeniň milli
Liderimize gowşuran sylagy adamlaryň saglygyny goramakda döwlet syýasatynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrülip, hormatly Prezidentimiziň işläp taýýarlan we durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleriniň netijelerine berlen mynasyp bahadyr.
2013–2014-nji ýyllarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldaw bermegi netijesinde, «STEPS» barlaglary ýurdumyzda ilatyň 8,3 göteriminiň çilim çekýändigini tassyk etdi. Munuň özi tutuş dünýä boýunça iň pes görkeziji bolup durýar. Bu barlaglaryň netijelerine laýyklykda, spirtli içgileri ulanýan adamlaryň sany ýurdumyzyň ähli ilatynyň 8,6 göterimine barabardyr.
Ilatyň saglyk derejesiniň ýokarlanmagyna, adamlaryň saglygy goramak baradaky konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen durmuş-ykdysady we lukmançylyk çäreler ulgamyny netijeli peýdalanýan döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş meselelerine örän giň we netijeli çemeleşmeleri ornaşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty halkymyz tarapyndan giňden goldanylyp, milletiň ykbalyna, häzirki we geljekki nesilleriň saglygyna onyň täsirleri dünýä bileleşiginiň we abraýly halkara guramalaryň goldawyna mynasyp boldy.
BegaLukman
  • 0
  • 63
  • 13/07/2017 10:43
  • 8 minutda oka